Paýtagtyň „Arçabil“ myhmanhanasynda geçirilen çäre ýadro synaglaryna garşy hereketiň Halkara gününe we Gazagystan Respublikasynyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyldy.
Ýurdumyzda ýerleşýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen brifingde Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Orman Nurbaýew çykyş etdi. Çykyşdan öň Semipalatinçk poligonynda geçirilen ýadro ýaraglarynyň synaglarynyň netijeleri barada gysga göwrümli dokumental film görkezildi.
Ilçi öz çykyşynda ýygnananlara ýurduň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň başlangyçlary we ýadro ýaragyndan azat parahatçylygy ýola goýmakda Gazagystanyň alyp barýan işleriniň ähmiýeti, ýurduň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2017-2018-nji ýyllarda hemişelik bolmadyk agzasy hökmünde amala aşyrýan işleriniň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berdi. Ýurduň parahatçylyga we howpsuzlyga jogap berýän halkara guramasyna ilkinji gezek wekilçilik etmeginiň tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin uly üstünlikdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda Gazagystanyň BMG-nyň bu abraýly guramasyna agza bolmagyny goldanlygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk sözleri aýdyldy.
Ilçi öz çykyşynda Gazagystan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, maýa goýum syýasatynyň, ýurduň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrrüň berdi. Türkmenistan bilen Gazagystan arasyndaky gatnaşyklara degip geçmek bilen ilçi olaryň okgunly ösýändigini belledi we awgust aýynyň ahyrynda Aşgabatda bilelikdäki telekeçilik maslahatyna taýýarlyk görülýändigini habar berdi.
Ýadro synaglaryna garşy hereketiň Halkara gününe bagyşlanyp Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň taýýarlan fotosuratlarynyň sergisi geçirildi.