Ï Aşgabatda ykdysady, durmuş we medeni hukuklary baradaky Halkara paktynyň ýerine ýetirilişi barada II doklady taýýarlamak işleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda ykdysady, durmuş we medeni hukuklary baradaky Halkara paktynyň ýerine ýetirilişi barada II doklady taýýarlamak işleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 870
Birleşen Milletler Guramasynyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklary baradaky komitetiň agzasy Nikolas Şraýfer ykdysady, durmuş we medeni hukuklary baradaky Halkara paktynyň ýerine ýetirilişi barada II doklady taýýarlamak işleri barada işçi topar bilen gollanma duşuşygyny geçirdi.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary institutynyň hem-de BMG-yň Ösüş maksatnamasynyň arasynda gol çekilen iş meýilnamasynyň çäklerinde geçirildi.


Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara gumanitar hukuklary babatda halkara borçlaryny ýerine ýetirmek boýunça Halkara Komissiýasynyň işçi topary bilen bolan ilkinji duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklary baradaky komitetiň agzasy Nikolas Şraýfer Ykdysady , durmuş we medeni hukuklary baradaky Halkara paktynyň ýerine ýetirilişi barada II doklady taýýarlamak boýunça esasy meseleleri bilen tanyşdyrdy. Duşuşygyň ikinji güni Türkmenistanyň II dokladyny taýýarlamagyň esasy strategiýasyny kesgitlemäge bagyşlandy.

Birleşen Milletler Guramasynyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklary baradaky komitetiň maslahaty esasynda durmuş we medeni hukuklary baradaky Halkara paktynyň ýerine ýetirilişi barada II doklady 2016-njy ýylyň dekabr aýynyň başynda ara alnyp maslahatlaşylmaly.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklary baradaky komitetiň maslahaty esasynda durmuş we medeni hukuklary baradaky Halkara paktynyň agzalygyna 1996-njy ýylyň dekabrynda giripdi.