Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyny boýunça iş saparyny amala aşyrdy.
Milli Liderimiz dikuçardan welaýatyň ekin meýdanlaryny synlady, şeýle hem Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň haýyşy boýunça Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde bina edilýän durmuş maksatly iri binalaryň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.
Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryny synlap, hormatly Prezidentimiz “2012— 2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasynyň” çäklerinde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna aýratyn ünsi çekdi.
Obasenagat toplumy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyny, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde oba hojalyk toplumynyň önümçilik düzüminiň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna, pudagy mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň ösdürilmegine, suwaryş ulgamynyň we suw üpjünçiliginiň çözülmegine döwlet derejesinde goldaw berilýär. Ähli welaýatlarda häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen elewatorlar guruldy. Olarda tohumlyk dänäni taýýarlamak boýunça ýörite bölümler hereket edýär. Daýhanlaryň toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli şertler döredilýär. Azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, 17-nji awgustda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişilmegine badalga berildi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň gallaçylarynyň öňünde güýzlük bugdaý ekişini gysga möhletlerde, ýokary hilli we agrotehniki kadalara laýyk derejede geçirmek boýunça möhüm wezipeler durýar. Ahal welaýatynyň gallaçylary geljek ýyl ak bugdaýyň 450 müň tonnasyny ýygnamagy meýilleşdirdiler. Ýokary hasylly azyklyk bugdaýyň ýokary hilli tohumlary ekişe taýýar edildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda pagta ýygymyna girişiljek gowaça meýdanlaryny synlady. Pagta ýygymy möwsümine ähli zerur bolan tehnikalary taýýarlamak işleri hemmetaraplaýyn esasda alnyp barylýar. Şu günler pudaklaýyn abatlaýyş kärhanalary we ýöriteleşdirilen tehniki gulluklar işjeň hereket edýärler. Pagta kabul edýän bölümlerde we pagta arassalaýjy kärhanalarda möwsüme taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.
Pagta ýygymy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegi obasenagat toplumynyň ähli degişli düzümleriniň, ýerli häkimlikleriň we daýhan birleşikleriniň sazlaşykly işine baglydyr. Ýygym möwsümine dahylly ähli gulluklaryň utgaşykly we bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülmelidir.
Döwlet Baştutanymyz uçuşyň dowamynda Ahal welaýatynyň çäklerinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" rejelenen görnüşine laýyklykda gurulýan medeni-durmuş maksatly desgalarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Sebitleri özgertmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamanyň çäklerinde möhüm wezipeleriň toplumlaýyn çözgüdine gönükdirilen köpugurly işler we täze türkmen obalaryny döretmek baradaky milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmeler özüniň anyk netijelerini berýär.
Bu ugurda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagyna, içerki bazarlaryň isleglerini kanagatlandyrmaga we onuň eksport ugruny artdyrmaga, maýa goýum çärelerini işjeňleşdirmäge, iş orunlarynyň döredilmegine, oba ýerleriniň aýratynlyklaryny nazarda tutup, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Oba ýerlerinde hususy pudagyň kuwwatlyklaryny doly durmuşa geçirmegiň hasabyna täze ykdysady gatnaşyklary ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň işjeňleşdirilmegi bu ulgamda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň möhüm ugrydyr.
... Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary Ahal welaýatynyň Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Milli bahar baýramy we Halkara Nowruz güni mynasybetli esasy dabaralaryň geçirilýän “Nowruz ýaýlasyna” tarap ugur aldy.
Mälim bolşy ýaly, bu baýramçylyk iň şanly we ähmiýetli seneleriň birine öwrüldi. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldaw bermeginde bu baýram ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Nusgalyk sanawyna girizildi.
2010-njy ýylyň fewral aýynda bolsa Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň we Täjigistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 21-nji mart Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Şol pursatdan bäri bu baýramçylyk döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan we halklaryň gadymy däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde giňden bellenilýär.
Şeýle hem Ahalyň gadymy medeni gatlaklary özünde jemleýän dag etegindäki taryhy künjeginde 2013-nji ýylda halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Oňa hormatly Prezidentimiz, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Her ýylda bu gözel künjekde nurana bahar baýramynyň esasy dabaralary geçirilýär. Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda agzybirlikde, bitewülikde we ýokary galkynyşda bellenilen Nowruz baýramynyň dabaralary has-da belent bolup, ol halkymyzyň bagtyýar we döredijilikli durmuşyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň 26-njy fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk dabaralarynyň bellenilýän ýylynda hem medeniýet we sungat, döredijilik işgärleriniň haýyşyny, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň ýüztutmalaryny nazara alyp, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde Milli bahar baýramynyň geçirilýän ýeri “Nowruz ýaýlasy” diýlip atlandyryldy.
... Milli Liderimiziň dikuçary Ahal welaýatynyň çägindäki bu gözel künjegiň üstünden öwrüm etdi. Döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etekleriniň ajaýyp görnüşlerini synlady, bu ýerleri özüniň gözelligi bilen haýran galdyrýar.
Bu künjegiň birnäçe ýyllaryň dowamynda Halkara Nowruz baýramçylygynyň geçirilýän ýerine öwrülendigi ýöne ýerden däldir. Ýaýlanyň özboluşly keşbi we ýakymly howa gurşawy bolup, bu ýerler milli hem-de halkara derejesinde geçirilýän umumadamzat dabaralarynyň ýokary derejede guralmagy üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýär.
Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň dikuçary “Nowruz ýaýlasynyň” ýanyndaky meýdançada gondy. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Atdaýew we Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerden awtoulagda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýakyn wagtda bina ediljek desgalaryň ýerleşjek ýerine tarap ugrady.
Milli Liderimiz ýolugra bu ýerdäki gök zolaklaryň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, her ýylda ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan tutuş ýurdumyz boýunça saýaly we miweli bag, üzüm nahallarynyň müňlerçe düýbi ekilýär hem-de gök zolaklaryň çäkleri giňeldilýär.
Gök zolaklary döretmek boýunça yzygiderli geçirilýän bag ekmek möwsümi diňe bir türkmen topragynyň gözelligini artdyrmak bilen çäklenmän, ýurdumyzyň ekologiýa derejesiniň pugtalanmagyny, adamlaryň göwnejaý ýaşaýşy we doly derejeli dynç alşy üçin amatly şertleriň döredilmegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bag ekmek meselelerine örän oýlanyşykly çemeleşmegiň, bag nahallaryny olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny we ýurdumyzyň sebitleriniň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen taýýarlamak, tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek, olara bellenilen tertipde ideg etmek meseleleriň möhümdigine yzygiderli ünsi çekýär.
...“Nowruz ýaýlasynda”, ýörite taýýarlanan ýerde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze durmuş - medeni maksatly binanyň - 3 müň orunlyk “Ak öýüň” taslamasy görkezildi.
“Ak öýüň” keşbinde özboluşly many bar. Onuň tegelek görnüşi Günüň göwrümini ýatladýar. Ol ýaşaýşyň, paýhasyň we ruhy başlangyçlaryň sazlaşygyny, bakylygyny alamatlandyrýar. Bu many täze günüň baýramy bolan Nowruz, bahar deňeçerligi, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, täze desgany gurmak üçin hut şu ýeriniň saýlanyp alynmagy has-da ähmiýetlidir.
2015-nji ýylyň noýabr aýynda Mary welaýatynyň çäginde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy boldy. Mary şäherine “2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlen derejäniň berilmeginiň çäklerinde täze binada türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert guraldy. Şeýle hem “Türkmeniň ak öýünde” 4 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Öňe! Diňe öňe, jan Watanym –Türkmenistan” atly aýdymynyň bilelikde ýerine ýetirilmeginiň Ginnesiň rekordlar kitabynda dünýä rekordy hökmünde bellige alnandygyny nygtamak ýerlikli bolar.
Milli Liderimiz hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyz desganyň gurluşygynda öňi bilen onuň ähmiýetli aýratynlygynyň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz “Ak öý” binasynyň bu töwerekleriň tebigy aýratynlygy, türkmen topragynyň ajaýyplyklary bilen bir bitewi sazlaşygy döretmelidigini aýtdy. Milli Liderimiz daş-töweregiň tebigy aýratynlyklaryny ulanmak arkaly bezeg işlerini geçirip, ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz täze desganyň gurluşygynda iri medeni-köpçülikleýin çäreleri, milli we halkara ähmiýetli maslahatlary, forumlary geçirmek üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz medeniýetiň ählumumy möçberdäki gatnaşyklary ýola goýmakda we ösdürmekde möhüm ugur bolup durýandygyny, häzirki döwürde dünýä bileleşiginiň halkymyzyň medeniýetine, onuň asylly ýörelgelerine bolan gyzyklanmalarynyň artýandygyny belläp, pederlerimiziň ruhy mirasyny saklamak we baýlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilmelidiginiň zerurdygyny nygtady.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ş.Durdylyýewiň ünsüni “Ak öýüň” gurluşygynda gurnama usullarynyň ulanylmagynyň möhümdigine çekdi. Şunda, täze binanyň iň häzirkizaman kämil enjamlar bilen üpjün edilmegi onuň häsiýetli aýratynlygyna öwrülmelidir. Şunuň bilen birlikde, döwrebap desga seýsmiki kadalara doly laýyk gelmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň içki bezeg işleri barada aýtmak bilen, tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi çekdi. Bu ýerde diňe bir medeni çäreleri geçirmek üçin däl-de, eýsem resmi çäreleri we işewürlik duşuşyklary geçirmek üçin hem ähli şertler döredilmelidir.
Milli Liderimiz “Ak öýüň” yşyklandyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, onda iň täze yşyklandyryş serişdeleriniň we döwrebap ulgamyň netijeli ulanylmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şunda binanyň bezeginde milli ýörelgeler bilen dünýäniň ösen tejribesiniň sazlaşykly utgaşmalydygyny aýdyp, bu ýerde giň möçberli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.
Şeýle hem degişli kämil enjamlaryň, ýörite sahnanyň, ses ýazgy ulgamynyň we beýleki täzeçil işläp taýýarlamalaryň göz öňünde tutulmagynyň bu ýerde dürli çäreleri, şol sanda bütin dünýäde şöhrat gazanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda çykyşlary guramaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Desganyň köpugurly häsiýete eýedigini nazarda tutup, döwlet Baştutanymyz bu ýerde tehniki howpsuzlyk ulgamynyň sazlaşykly işini üpjün edilmegine, adamlar üçin ýokary ülňüli degişli iş şertlerini döredilmegine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz şunuň ýaly “Ak öýleriň” ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurulmalydygyny belläp, munuň halkymyzyň gadymy, özboluşly taryhy-medeni mirasyny, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini saklamak ýaly oňyn däplere hormat goýulýandygyny alamatlandyrýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Durdylyýewe bu ugurdaky işleriň degişli derejede ýola goýulmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamany umuman oňlap, aýdylan bellikleri nazara alyp, ony görkezilen derejede işlemegi we degişli resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer B.Atdaýewe we Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, oba ýerleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna döwletimiziň ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirýändigini belledi we oba ýaşaýjylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň şäherlerdäkiden pes bolmaly däldigini nygtady. Milli Liderimiz ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän täze obalaryň gurluşygy boýunça möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, täze ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işlere berk gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz barha giň gerime eýe bolýan güýzlük bugdaý ekişi hem-de öňde boljak pagta ýygymy möwsümi bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, olaryň bellenilen möhletlerde guramaçylykly geçirilmelidigini aýdyp, oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak, pagta ýygymy boýunça ähli düzümleriň bökdençsiz işini üpjün etmek, ýygnalan hasyly ýokary derejede saklamak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz saparyň jemini jemläp, paýtagtymyzda we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmekde täzeçil usullara, uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan işlere, adamlaryň oňaýly durmuş derejesi üçin sazlaşygyň, amatlylygyň we zerur şertleriň üpjün edilmegine daýanylmalydygyny belledi. Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurulýan ähli desgalaryň iň ýokary talaplara laýyk gelmelidigini belläp, bu işleriň diňe bir häzirki nesiller üçin däl, eýsem, geljekki nesiller üçin amala aşyrylýandygyny aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz täze desganyň guruljak ýerini gözden geçirdi. Köpetdagyň etekleriniň ajaýyp görnüşi, ösümlik dünýäsiniň baýlygy we özboluşlylygy bu ýerleriniň ekologiýa taýdan arassalygynyň aýdyň alamatydyr.
Halkara Nowruz baýramy mynasybetli guralýan çärelere gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygyny bellemeli. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, täze binanyň halkara derejesindäki medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenendigini nazara almak bilen, bu ýerde döwrebap ýol-ulag düzüminiň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem “Nowruz ýaýlasynyň” çägine girýän ýolda milli äheňdäki girelgäniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Soňra Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, olara öňde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.