Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy

view-icon 1173
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçirilen saýlawlara gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz irden saýlaw uçastoklaryna gelen saýlawçylaryň ilkinjileriniň hatarynda ses berdi. Hormatly Prezidentimiziň maşgala agzalary hem öz raýatlyk borjuny ýerine ýetirdiler.

Mälim bolşy ýaly, bu çäre Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetini we döwletini demokratiýalaşdyrmagy maksadalaýyk ösdürmäge gönükdirilip, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň nobatdaky tapgyrydyr.

Halk ynamyny gazanmaga birnäçe dalaşgärleriň gatnaşmagy saýlawlaryň giň bäsdeşligini we aç-açanlygyny kepillendirýär. Olara milli synçylaryň gatnaşmagy hem saýlaw işiniň açyk we aýdyň bolmagyna ýardam berýär.

Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan bu demokratik ýörelgeler milli parlamente iň mynasyp adamlaryň, ýagny asylly, zähmetsöýer, oňat guramaçylyk ukyplary bolan, işjeň durmuş we raýat garaýyşlary bilen Watanymyzyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň abadançylygyna we gülläp ösüşine gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine öz ähli güýjüni, tejribesini we bilimini gaýgyrman tagalla etmäge ymtylýan adamlaryň saýlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şu gün ýurdumyzda geçirilen saýlawlar döwletimiziň demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe barýandygynyň hem-de hakyky halk häkimiýetliliginiň dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden çykyş edip: “Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň doly hukukly gatnaşyjysy bolup, milli döwletliligiň hakyky demokratik we hukuk esaslaryny ösdürýär.

Biziň jemgyýetimiziň baş maksady adam şahsyýeti, onuň hukuklary we erkinligi bolup durýar. Bu gün olar döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarydyr” diýip nygtamagy ýöne ýerden däldir. Türkmenistanyň Baştutanynyň bu sözleri bu gün özüniň täze we aýdyň tassyknamasyna eýe boldy.