Ï Türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynda ýaşlar lageriniň işine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynda ýaşlar lageriniň işine gatnaşdy

view-icon 706
“Youth Camp for Asia’s Future” lagerinde doly görnüşli aragatnaşyk saklamak üçin Aziýanyň 23 ýurdundan oglanlaryň we gyzlaryň iki ýüzden gowragy ýygnandy.

- Bu biz üçin beýleki ýurtlardan gelen ýaşytdaşlarymyzy telekeçilik, ylmy we döredijilik başlangyçlary goldamaga, syýasy taýdan terbiýelemäge we berk raýatlyk ýagdaýyny işläp taýýarlamaga, biziň garaşsyz Watanymyzyň uly göwrümli gazananlary, onuň baý medeni we özboluşly däp-dessurlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň ýaşlar baradaky syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrmaga örän uly mümkinçilik boldy diýip, wekiliýetiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Abadan etrap komitetiniň bölüm müdiri Ylýas Söýünow gürrüň berýär.


Çäräni guraýjylaryň – Koreýa Respublikasynyň ýaşlaryň işi boýunça Milli Geňeşiniň pikirine görä, Koreýa Respublikasynyň maşgalanyň işi we gender deňligi Ministrliginiň ýardam bermeginde, Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasyndaky aragatnaşygy berkitmek bolup durýar. Milli wekiliýetleriň ählisi öz ýurtlary, onuň taryhy, ruhlylygy, gazananlary, däp-dessurlary, milli aşhanasy bilen tanyşdyrylyş taýýarladylar. Nygtalyşy ýaly, netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän taryhy-medeni gymmatlyklar – bu adamzadyň umumysiwilizasiýa gazananlary bolup durýar.


Biziň wekiliýetimiz bu forumda ajaýyp halylary dokamak sungaty, ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak owadanlygy, ak mermerli Aşgabat, onuň örän inçe arhitektura estetikasy barada gürrüň berýän surat sergisini gurady. Türkmen sungaty bu ýaşlar forumynda ajaýyp küşt depdi tansy we gyzlaryň aýdymy bolan läle bilen görkezildi. Milli aşhana sergisinde biziň daşary ýurtly ýaşytdaşlarymyz gawun kaky, pişme we süýji külçe çöregi bilen tanyşdyryldy. Türkmenistan barada ýadygärlik üçin biz täze dostlarymyza däp bolan sowgatlary berdik.


Forumyň maksatnamasynyň çäklerinde kabul eden tarap bizi öz ýurtlarynyň ajaýyp ýerleri, koreýa halkynyň däp-dessurlary we medeniýeti bilen tanyşdyrdy.

Şular ýaly çäreleriň geçirilmegi ýaşlar diplomatiýasynyň emele gelmegi babatynda möhüm bolup durýar. Sebäbi ol köp ugurly ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň we ýurduň oňyn imidjiniň emele gelmegine şertleri döredýär.