Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde welaýatlarda işleriň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna üns berildi.
Welaýatlaryň häkimleri ýakynda başlanan güýzlük ekişiniň barşy, pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk, gurulýan dürli maksatly desgalarda işleriň ýagdaýy, şeýle hem gyş möwsümine hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Häkim oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler, möhüm oba hojalyk möwsümlerini agrotehnikanyň kadalaryna pugta laýyklykda, ýokary derejede geçirmek barada amala aşyrylýan işler hakynda hasabat berdi. Hasabatyň çäginde 2016-njy ýylyň 17-nji awgustynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasyna laýyklykda welaýatyň il sylagly ýaşulularynyň bismillasy bilen bugdaý ekişine girişilendigi, bu möhüm işiň depgininiň gün-günden ýokarlanýandygy habar berildi.
Häkimiň habar berişi ýaly, Ahal welaýaty boýunça 2017-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin jemi 209 müň gektar meýdana bugdaý ekmek meýilleşdirilýär. Ekiş möwsümine jemi 493 sany däne ekijiler doly güýjünde işlediler.
Şeýle-de häkim babadaýhanlaryň yhlasy bilen “ak altynyň” bereketli hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini aýdyp, 2016-njy ýylyň pagta hasyly üçin 120 müň gektar meýdanda gowaça hasyly ýetişdirildi. Häzirki wagtda pagta ýygymyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Pagta ýygym möwsüminde jemi 108 sany kombaýn işlär. 52 müň 952 gektarda gowaçanyň ýapragyny düşürmeklik meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, häkim welaýatda aýratyn ähmiýetli desgalaryň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli açylmagy meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi.
Häkim täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk barada aýtmak bilen, 1-nji sentýabrda orta mekdebiň ýene-de birini we çagalar baglarynyň ikisini açmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyza gyş möwsümine görülýän taýýarlyk hem-de ýyladyş desgalarynda geçirilýän abatlaýyş işleri barada habar berildi.
Häkim şeýle hem Nowruz baýramçylygynda köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin niýetlenen iri durmuş-medeni maksatly “Ak öýi” gurmak boýunça taýýarlyk işleri barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz obany özgertmek boýunça milli maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, oba ilaty üçin şäher ülňülerine laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertleri döretmekde dürli edaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň we ysnyşykly işlemeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz häkime däne ekmek, gowaça ideg etmekde iş depginlerini agrotehniki kadalara laýyklykda artdyrmak bilen bir hatarda, pagta ýygymyna göwnejaý taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz maldarçylygy ösdürmek meselesine degip geçip, gyş möwsüminde mallary dok we ýyly gyşlatmak maksady bilen, hemme zerur işleriň görülmelidigini aýtdy.
Bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeli hem-de öz ölçegleri boýunça ygtybarlylygyň, üpjünçiligiň we bezemegiň döwrebap ülňülerine laýyk gelmeli desgalaryň gurluşygynyň hiline hem gözegçiligi güýçlendirmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ak öýüň” gurluşygy bilen bagly meselä degip geçmek bilen, ýakyn wagtda ylalaşmak üçin onuň taslamasyny we ýerleşdirmegiň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoaragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýewi çagyrdy. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, bu ýerde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, badalga alan bugdaý ekişi, şeýle hem täze okuw ýylyna we gyş möwsümine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Welaýatyň gallaçylary beýik Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň toýlanyljak ýylynda güýzlük galla ekişini öz wagtynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýokary hilli geçirmek üçin ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, aýratyn joşgun bilen zähmet çekýärler diýip, welaýat häkimi habar berdi. Şu günler saçaklarymyzyň rysgal-berekedi bolan ak bugdaýyň geljekki bol hasylynyň düýbi berk tutulýar. 2017-nji ýylyň hasyly üçin däne ekilmegi meýilleşdirilen ýerleriň meýdany 57 müň gektara deň boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, welaýatyň ýolbaşçysy türkmenistanlylar hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlar üçin oňaýly dynç almaga we saglygy berkitmäge döredilýän şertler barada habar berdi. Şeýle-de, döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli açylmaga meýilleşdirilen möhüm desgalarda işleriň ýagdaýy barada giňişleýin habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy wezipeleri barada aýdyp, sebitiň önümçilik kuwwatyny hem-de onuň ilatynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň işlenip taýýarlanmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi. Milli Liderimiz gyş möwsümine öz wagtynda taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň üznüksiz ýyladylmagy üçin hemme şertleri döretmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem welaýat boýunça ähli möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda birnäçe oba hojalyk ekinleriniň ýygnalyp alnyşyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek babatda utgaşdyrylmagyny, bu oba hojalyk möwsüminiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümine öňünden taýýarlyk görülmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz gerekli derejede ätiýaçlyk ot-iýmlerini döretmegi hem-de mallary sowukdan abat alyp çykmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň medeniýetli dynç almagy, boş wagtlaryny peýdaly geçirmegi barada uly işleriň alnyp barylýandygyny, hut şoňa görä-de, onuň barha meşhurlyga eýe bolýandygyny belledi. Şonuň üçin hem biz Hazaryň türkmen böleginde dynç alyş ulgamyny toplumlaýyn döretmegiň meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde işleri döwrüň talaplaryna laýyk derejede ýola goýmak maksady bilen Awaza etrabynyň döredilendigini aýtdy. Emma bu ýerdäki myhmanhanalaryň hem-de dynç alyş-sagaldyş edaralarynyň işinde käbir kemçiliklere ýol berilýändigine ünsi çekip, milli Liderimiz şolaryň düzedilmegi barada häkime berk talap bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň we dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň işine gözegçiligi gowşadyp, düzgün-tertibiň bozulmagyna ýol berendigi üçin, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy Ý.Gylyjowa berk käýinç yglan edip, degişli Buýruga gol çekdi.
Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim güýzlük bugdaý ekişiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen barha gyzgalaňly häsiýete eýe bolýandygyny, bu möhüm işde oba hojalyk tehnikalarynyň ýokary öndürijilikli işledilýändigi barada hasabat berdi. Şu ýyl daşoguzly gallaçylar 157 müň gektarda bugdaý ekmegi meýilleşdirýärler.
Welaýat boýunça pagta ýetişdirmek üçin 140 müň gektar meýdanda ekiş geçirildi. Ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, pagta ýygyjy kombaýnlaryň 105-sini taýýarlyk hataryna çykarmak, traktorlary we tirkegleri, pagta kabul ediş nokatlarynyň 44-sini hem-de meýdançalaryň 1 müň 505-sini taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.
Welaýat häkiminiň habar berişi ýaly, şu ýyl welaýat boýunça 7 müň 290 gektar meýdanda kartoşka, gök önüm we bakja ekinleri ýetişdirildi. Häzirki wagtda hasyly ýygnamak we ýerlemek işleri alnyp barylýar.
2016-njy ýylyň hasyly üçin welaýat boýunça 8 müň 100 gektar meýdanda şaly ekilip, 34 müň 200 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.
Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda bina edilýän desgalarda işleriň ýagdaýy, täze okuw ýylyna we gyş möwsümine görülýän taýýarlyk, hususan-da, ýyladyş ulgamlaryny abatlamak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyklykda bugdaý we şaly oragynda ulanylýan tehnikalaryň netijeliligi barada hem aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häkime göz öňünde tutulan oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň ähli kadalaryny we düzgünlerini berjaý etmek bilen, öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz gyş paslynyň hem uzakda däldigini aýdyp, onuň welaýatyň maldarçylyk pudagynda öz wagtynda degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz mallary dok we ýyly gyşlatmagy üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Şeýle hem ýakyn wagtda, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň baş baýramçylygynyň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşygyň depginlerini çaltlandyrmagyň hem-de olaryň açylyş dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin ähli çäreleri görmegiň möhümdigi bellenildi.
Milli Liderimiz gyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça welaýatyň ýaşaýyş-jemagat hojalyk gulluklarynyň degişli işleri geçirmeginiň wajypdygy barada aýdyp, degişli gulluklaryň işine berk gözegçilik edilmelidigini tabşyrdy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew sebitiň çäklerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda 17-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen başlanan güýzlük bugdaý ekişiniň barşy hem-de pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, meýilnama laýyklykda welaýatda 2017-nji ýylyň hasyly üçin 157 müň gektar ýere däne ekip, 350 müň tonna bugdaý öndürmek meýilleşdirilýär. Ekiş möwsüminde kärendeçiler, daýhan hojalyklary, ýer eýeleri ähli zerur şertler bilen üpjün edilýär. Welaýatyň etraplary boýunça düzüminde abatlaýjy ussalar, tehniki kömek awtoulaglary, ýangyç daşaýan awtoulaglar we kebşirleýji enjamlar bolan 122 sany ekiji toparlar döredildi. Bugdaý ekişinde däne ekijileriň 332 sanysy işlediler.
Welaýat häkiminiň habar berişi ýaly, 2016-njy ýylyň hasyly üçin 120 müň gektar meýdanda gowaça ekildi we 300 müň tonna pagta hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär. Möwsümde işlediljek 102 sany kombaýnlaryň 70 göterime golaýy taýýarlyk hataryna çykaryldy. Ýetişdirilen pagta hasylyny meýdanlardan pagta kabul ediş harmanhanalaryna daşamakda 1694 sany traktor tirkegleri we awtoulaglary işletmek meýilleşdirildi we olar möwsüme taýýar edildi. Welaýatda bar bolan 46 sany pagta kabul ediş harmanhanalarynyň ählisi möwsüme doly taýýar edildi.
Şeýle-de daýhanyň daýanjy hasaplanýan kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň – däne we şaly orýan kombaýnlaryň welaýatyň toprak şertlerinde ýokary öndürijilikli işini ýola goýmak barada alnyp barylýan çäreler hakynda habar berildi.
Şeýle hem häkim "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" amala aşyrmagyň çäklerinde welaýatda gurulýan täze desgalarda işleriň ýagdaýy, şeýle hem gyşky ýyladyş möwsümine we täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň barşy barada habar berdi. Täze okuw ýylynyň başlanmagynyň öň ýanynda orta bilim berýän mekdep bilen çagalar baglarynyň ikisi açylar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek, olary ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary, mineral dökünleri we suw bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreleri görmegi talap etdi. Milli Liderimiz maldarçylygy ösdürmek meselesine degip geçip, gyş möwsüminde mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin hemme zerur işleriň görülmelidigini tabşyrdy.
Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyz häkime gyş möwsümine taýýarlyk görmek, hususan-da, ýyladyş ulgamlaryny abatlamak, şeýle hem täze okuw ýylyna hem-de Garaşsyzlygyň şanly senesine taýýarlyk görmek boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şanly senäniň baýram edilmegine degişli bolan baý mazmunly medeni maksatnama işlenip taýýarlanylmalydyr.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde işleriň ýagdaýy, oba hojalyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän pagta hasyly hem-de alnyp barylýan bugdaý ekişiniň depginleri barada hasabat berdi.
Häkimiň habar berişi ýaly, Mary welaýaty boýunça 180 müň gektar meýdanda bugdaý ekip, ondan 380 müň tonna däne almaklyk meýilleşdirilýär. 21 müň 860 gektarda tohumlyk, 158 müň 140 gektarda azyklyk bugdaýyň ýokary hasyl berýän sortlary ekiler. Bugdaý ekiş möwsüminde welaýatda bar bolan 517 sany däne ekijileri doly güýjünde işlediler.
Welaýatda pagta hasyly üçin 165 müň gektar meýdanda gowaça ekilip, ondan 313 müň tonna pagta ýygnamak meýilleşdirilýär. Pagta ýygymy möwsümine welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli 38 sany pagta kabul ediş harmanhanalarynda abatlaýyş – bejeriş işleri doly geçirilip möwsüme taýýarlanyldy. Şu ýylda 42 müň gektar meýdanda gowaçanyň ýapragyny düşürmeklik meýilleşdirildi. Şondan soň 108 sany pagta ýygýan maşynlaryň güýji bilen pagta ýygmaklyk göz öňünde tutulýar. Pagta ýygym möwsüminde awtoulaglaryň 337-si, tirkegleriň 905-si kärendeçilere we ýer eýelerine ýakyndan ýardam ederler.
Häkim ekiş möwsümini iň amatly möhletlerde geçirmek üçin hemme şertler döredilen welaýatyň gallaçylarynyň öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdy. Ähli welaýatlarda bolşy ýaly, bu ýerde hem ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli okuw maslahatlary geçirildi. Olarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmegiň, dänelik ekinler ösdürilip ýetişdirilende agrotehnikanyň häzirki zaman usullaryny, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni peýdalanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatyň durmuş-senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy hakynda habar berildi. Şonuň ýaly-da, ýyladyş möwsümine taýýarlyk görlüşi bilen baglylykda, ýaşaýyş-jemagat hojalygynyň amala aşyrýan işleri, şeýle hem täze okuw ýylyna doly taýýarlyk görlüşiniň barşy barada habar berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, güýzlük bugdaý ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, guramaçylykly geçirmäge degişli, şeýle hem oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň depginini artdyrmak babatda häkime birnäçe tabşyryklar berdi. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümine öňünden taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz gerekli derejede ätiýaçlyk ot-iýmlerini döretmegi hem-de mallary ýyly gyşlatmagy üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk güni mynasybetli welaýatda ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, welaýatyň ýolbaşçysyna ulanmaga beriljek desgalaryň ählisiniň gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň çäklerinde göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary R.Bazarowy çagyrdy. Wise-premýer Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň dabaralara beslenýän pursadynda babadaýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde milli baýlygymyz bolan pagtanyň bol hasylynyň kemala getirilendigi, şu günler bolsa bu möhüm möwsüme ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gyzgalaňly taýýarlyk görülýändigi, hemme zerur guramaçylyk çäreleriniň durmuşa geçirilýändigi barada hasabat berdi. Şeýle-de, bu jogapkärli möwsümde döwrebap pagta ýygyjy kombaýnlaryň ýokary öndürijilikli işini üpjün etmek barada görülýän guramaçylyk çäreleri barada habar berildi.
Milli Liderimiz “ak altynyň” geljekki hasylynyň ykbalyny kesgitleýän agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini belläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna pagta ýygymyna taýýarlyk görmek hem-de obasenagat toplumyny ösdürmek, hususan-da, biziň toprak-howa şertlerimizde ulanmaga amatly döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylmagy bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek meselesi boýunça hasabat bilen çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2016-2017-nji okuw ýylyna hemmetaraplaýyn taýýarlykly barmak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigi barada berk talap bildirdi. Soňra şol bir wagtyň özünde göni aragatnaşyga Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow hem çagyryldy.
Şeýle hem wise-premýer geçen ýyl döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň oňyn netijeleri berýändigini belledi. Bu çärä ýurdumyzyň awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna ýardam etdi. Şunuň bilen baglylykda, nobatdaky biraýlygy guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek maksady bilen taýýarlanylýan meýilnama barada hasabatlar berildi.
Milli Liderimiz wise-premýere we IIM-niň ýolbaşçysyna ýüzlenip, olaryň Bilim, Saglygy goraýyş ministrlikleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, orta mekdepleriň müdirleri bilen sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň nobatdaky biraýlygynyň çäklerinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamagy, soňra bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermegi tabşyrdy.
Bellenilişi ýaly, her ýyl geçirilýän ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň çäklerinde ilatyň, aýratyn-da, ösüp gelýän nesliň arasynda düşündiriş işleri, ýaşlar üçin köpsanly aň-bilim çäreleri – duşuşyklar, maslahatlar, söhbetdeşlikler, bäsleşikler yzygiderli geçirilmelidir.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hem-de göni aragatnaşyga çagyrylan Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy K.Seýdowyň adyna düýpli nägilelik bildirdi.
Bellenilişi ýaly, häzir paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap sport merkezleri, stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary hereket edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda sebitde iri sport toplumynyň – Olimpiýa şäherjiginiň ýokary depginlerde gurulmagy Bitarap Watanymyzyň halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine, türkmen sportunyň abraýynyň artmagyna berilýän ägirt uly ünsüň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde professional sport bilen meşgullanmak üçin döwrebap maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara ülňülerine doly laýyk gelýän köpugurly sport toplumlary gurulýar.
Sport pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, daşary ýurtlardan tälimçiler çagyrylýar, döwletimiz bu ugurda yzygiderli goldaw berýär, emma netijeler ozalkysy ýaly pes bolmagynda galýar.
Döwlet Baştutanymyz şeýle şertleriň döredilen ýagdaýynda hem türgenlerimiziň ýurdumyzyň sport abraýyny artdyryp, ýaşyl Tugumyzyň al-asmanda pasyrdamagy babatda ata Watanymyzyň bildiren ynamyny ödäp bilmezliginiň gynandyrýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzyň türgenlerini halkara ýaryşlaryna taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerinde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy K.Seýdowa berk käýinç we soňky duýduryşy yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz wise-premýer S.Toýlyýewiň hem bu babatda alyp barýan işlerine düýpli nägilelik bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny jemlemek bilen, onda gozgalan meseleleriň, aýratyn-da, oba hojalyk möwsümleriniň depginlerini hem-de iri gurluşyk meýdançalarynda işleriň barşyny artdyrmak bilen bagly meselelere ünsi çekip, bu ugurda kesgitlenen meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen jogapkärli wezipeleri çözmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.