Ï Türkmenistanda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi

view-icon 827
Türkmenistanyň ähli saýlaw uçastoklarynda ruhubelent, galkynyşly we dabaraly ýagdaý ýaýbaňlandy. Saýlaw uçastoklary bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýar edildi hem-de irden sagat 7-de Döwlet senasynyň owazy astynda gapylaryny giňden açdylar. Ses berlişige ilkinji gezek gatnaşan ýaş saýlawçylara hormatly ýaşulular saýlaw toparlarynyň agzalary bilen birlikde ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar.

Gözegçiligi amala aşyran synçylaryň pikirine görä, saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüşlere beslenen syýasatynyň durmuşa geçirilmegi hem-de türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslarynyň pugtalanmagy ugrunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu wajyp jemgyýetçilik-syýasy waka ýurdumyzyň we halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine gönükdirilen döwlet işlerine türkmenistanlylaryň işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi.


Milli parlamentde hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz saýlawçylaryna wekilçilik etmek hukugyna ildeşleriniň uly hormatyndan we ynamyndan peýdalanýan iň mynasyp raýatlar dalaş etdiler. Dalaşgärleriň arasynda oba zähmetkeşleri, döwlet edaralarynyň wekilleri, dürli pudaklaryň öňdebaryjy hünärmenleri, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň işjeňleri bar. Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň bir ornuna birnäçe dalaşgärler hasaba alyndy. Şeýlelik bilen, şu günki saýlawlar, ozalkylary ýaly, giň bäsdeşlik esasynda, demokratiýa we aç-açanlyk ýörelgelerinde geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki saýlawlaryň öň ýanynda uly taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Hususan-da, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna 15 hem-de etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 63, Geňeşleriň agzalygyna 266 we Mejlisiň deputatlygyna 14 dalaşgär hasaba alyndy. Olar syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri, şeýle hem raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenildi.


Dalaşgärleri hödürlemek işiniň ilatyň ýokary raýat işjeňligi ýagdaýynda geçendigini ýatladýarys. Munuň şeýle bolmagyna köp babatda ýerlerde geçirilen uly guramaçylyk işleri ýardam berdi. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw okruglarynyň çäklerinde ses bermek üçin bellenilen wagtda hemme saýlaw uçastoklary bir wagtyň özünde açyldy. Olaryň 43-si Aşgabatda, 35-si Ahal welaýatynda, 26-sy Balkan welaýatynda, 52-si Daşoguz welaýatynda, 114-si Lebap welaýatynda, 89-sy Mary welaýatynda açyldy.

Aşgabat şäheriniň 5-nji “Parahatçylyk” saýlaw okrugy we 7-nji “Güneş” saýlaw okrugy, Lebap welaýatynyň 74-nji “Zergär” saýlaw okrugy, 81-nji “Amul” saýlaw okrugy we 91-nji “Hojambaz” saýlaw okrugy, Mary welaýatynyň 99-njy “Kemine” saýlaw okrugy we 103-nji “Zarpçy” saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlawlar boýunça ses bermäge 173 müň 438 saýlawçy hasaba alyndy.


Saýlaw toparlary tarapyndan jemi: welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 95 müň 393 saýlawçy; etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 64 müň 389 saýlawçy, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 39 müň 502 saýlawçy hasaba alyndy.

Ähli saýlaw uçastoklaryna gatnaşan milli synçylar saýlawlaryň geçişine doly gözegçiligi alyp bardylar. Olaryň baha bermegine görä, saýlawlar bäsdeşlik we demokratik esasynda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna pugta laýyklykda geçirildi. Ses berlişiginiň birinji ýarym güni aýratyn depginliligi bilen bellige alyndy. Günortana çenli saýlawçylaryň 50 göterimden gowragy özleriniň konstitusion hukugyny berjaý etdiler.


Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylan pursadyna, ýagny agşamara sagat 19-a çenli Mejlisiň deputatlygyna saýlawlara 92,12 göterim, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna 91,74 göterim, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 91,66 göterim, Geňeşleriň agzalygyna 90,97 göterim saýlawçylar gatnaşdylar. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäheriniň Geňeşleriniň agzalygyna saýlawlara 91,14 göterim saýlawçy gatnaşdy.

Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatlaryna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip hasap edildi.


Saýlaw uçastoklary ýapylandan soňra, sesler sanalyp başlandy. Ýöne eýýäm häzirden agzybir we jebis türkmen halkymyzyň halk häkimiýetliliginiň gadymy däpleri üçin nobatdaky gezek ses berendigini ynam bilen nygtap bolar. Şol däpler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän uly möçberli demokratik özgertmeleriň binýadynda durandyr.

Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, saýlawlaryň netijeleri ýakyn wagtda köpçülige ýetiriler.