Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna — şanly senä iki aýdan gowrak wagt galdy. Biziň ähli gowy isleg-arzuwlarymyz ýetip gelýän bu baýramçylyk bilen baglydyr. Ýene birnäçe wagtdan ata Watanymyzyň ajaýyp paýtagty — ak mermerli Aşgabat ählihalk, uly we şatlykly dabara gatnaşyjylary garşylamak üçin baýramçylyk lybasyna beslener, çünki türkmenler asyrlarboýy myhmanlaryny mynasyp garşylapdyr.
Geçen hepdede zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly baýramçylyga — eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz dikuçarda uçuşyň, awtoulagda saparyň barşynda alnyp barylýan işlere, şäheriň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çärelere ünsi çekdi.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Aşgabadyň täsin binagärlik keşbiniň kemala getirilmegini, şäher düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny nazara almak bilen, türkmen paýtagtyny ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň başyny başlap, ýerlerde amala aşyrylýan işleriň barşy bilen yzygiderli tanyşmak bilen, bu maksatnamanyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklaýar.
Ajaýyp ak mermerli binalary, giň şaýollary, ýaşyl seýilgähleri hem-de seýilbaglary, köp sanly täsin suw çüwdürimleri bolan häzirki Aşgabadyň halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän hem-de Türkmenistanyň dünýäde abraýynyň has-da artmagyny şertlendiren oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we “Açyk gapylar” syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny bellemelidiris.
Häzirki wagtda türkmen paýtagty Aziýa sebitiniň hakyky “merjenine” öwrüldi. Munuň özi aşgabatlylaryň we ähli türkmenistanlylaryň hakyky buýsanjy bolup durýar. Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti durmuş-medeni maksatly täsin desgalar, edara binalary we beýleki maksatly desgalar bilen ýetirilýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde peýda bolan täze ýaşaýyş jaý toplumlary hem haýran galdyrýar. Olarda şäherli maşgalalaryň müňlerçesi — dürli ulgamlaryň we pudaklaryň işgärleri täze jaý toýlaryny tutdular. Aşgabadyň günorta böleginde hem täze ak mermerli binalar peýda boldy, şol ýerde paýtagtymyzyň döwrebap işewür we medeni merkezi kemala gelýär. Bu ýerde ýerleşýän belent binalaryň, şol sanda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň binalarynyň her biri özboluşly binagärlik hem-de inžener-tehniki çözgütleri bilen tapawutlanýar. Bu desgalaryň ägirtligi hem-de olaryň gurluşygynda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň ägirt uly döredijilik kuwwatyna şaýatlyk edýär.
Şäheriň ulag-aragatnaşyk, inženerçilik-tehniki düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak we has-da ösdürmek işleri bilen birlikde, ýaşyl hem-de seýilgäh zolaklary döretmek we abadanlaşdyrmak boýunça hem işler alnyp barylýar. Elbetde, häzirki döwürde Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ruhubelentlik bilen taýýarlyk görülýändigini bellemelidiris. Bu halkara ähmiýetli ýaryşlar paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda geçiriler.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň depginini has-da artdyrmakda görelde bolýan, gün-günden gözelleşýän Aşgabat şäheri Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň häzirki ajaýyp gününi we nurana geljegini aýdyňlyk bilen şöhlelendirýär.
Bellenilişi ýaly, türkmenistanlylar şanly baýramçylyga uly ruhubelentlik we döredijilik bilen taýýarlyk görýärler. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň her bir pudagy, her bir welaýaty şanly baýramçylyga täze üstünlikler bilen barmagy maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriniň çäklerinde möhüm durmuş-ykdysady desgalary gurýan gurluşykçylar häzir gujurly zähmet çekýärler. Daýhanlar gowaça ekilen meýdanlara janypkeşlik bilen ideg edýärler. Bu ýerde halkyň baýlygy, döwletiň şan-şöhratyny we kuwwatyny artdyrýan meşhur “ak altynyň” gozalary açylyp başlandy. Edermen gallaçylar bolsa milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen, güýzlük galla ekişine gadam basdylar. Tutuş ýurdumyz boýunça 760 müň gektar ýere güýzlük bugdaý ekiler. Gallaçylar 2017-nji ýylda şunça meýdandan 1 million 600 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýärler. Şol sanda Ahal welaýatynda 450 müň, Mary welaýatynda 380 müň, Lebap welaýatynda 350 müň, Daşoguz welaýatynda 300 müň we Balkan welaýatynda 120 müň tonna ak bugdaý ýygnalar.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen ykdysady syýasatynda oba hojalyk pudagyna möhüm orun degişli bolup durýar. Milli Liderimiziň başyny başlan özgertmeleriniň çäklerinde oba hojalyk pudagyna hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.
Içerki bazar üçin, şeýle hem daşary ýurtlara ugratmak üçin niýetlenen önümleri öndürýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak, maýa goýum işjeňligini, iş orunlaryny artdyrmak, obalarda durmuş aýratynlyklary nazara almak bilen ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak amala aşyrylýan çäreleriň esasy ugurlary bolup durýar. Hususy pudagyň kuwwatyny doly ulanmagyň hasabyna obada täze ykdysady gatnaşyklary ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmek möhüm wezipe bolup durýar.
Geçen hepdede döwlet Baştutanymyz Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, dikuçardan Ahal welaýatynyň çäklerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde gurulýan medeni-durmuş maksatly desgalarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Soňky ýyllarda Milli Bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli esasy dabaralaryň geçirilýän ýeri bolan “Nowruz ýaýlasynda”, ýörite taýýarlanan ýerde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze medeni-durmuş maksatly binanyň — 3 müň orunlyk “Ak öýüň” taslamasy görkezildi. Milli Liderimiz şunuň ýaly “Ak öýleriň” ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurulmalydygyny belläp, munuň halkymyzyň gadymy, özboluşly taryhy-medeni mirasyny, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini saklamak ýaly oňyn däplere hormat goýulýandygyny alamatlandyrýandygyny aýtdy.
Döwletimiz obalary toplumlaýyn gurmak üçin uly möçberde maýa goýum serişdelerini gönükdirmek bilen, oba ýaşaýjylarynyň durmuş şertleriniň şäherleriňkiden birjik-de kem bolmazlygy üçin ähli tagallalary edýär. Milli Liderimiz ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän täze obalaryň gurluşygy boýunça möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, täze ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işlere berk gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz iş saparynyň jemini jemläp, paýtagtymyzda we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmekde täzeçil usullara, uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan işlere, adamlaryň oňaýly durmuş derejesi üçin sazlaşygyň, amatlylygyň we zerur şertleriň üpjün edilmegine daýanylmalydygyny belledi. Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurulýan ähli desgalaryň iň ýokary talaplara laýyk gelmelidigini belläp, bu işleriň diňe bir häzirki nesiller üçin däl, eýsem, geljekki nesiller üçin amala aşyrylýandygyny aýtdy.
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 25 ýylynyň içinde durmuşyň ähli ugurlarynda örän uly üstünlikleri gazanandygy gürrüňsizdir. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi, onuň halkara giňişliginde artýan abraýy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän öňdengörüjilikli, çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň netijesine öwrüldi. “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup geçen täze binagärlik açylyşlary tutuş türkmen topragyny, onuň alys künjeklerini gurşap alan özgertmeleriň geriminiň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär. Ulanmaga berlen täze desgalaryň sanawynda döwrebap obalar, ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş ulgamynyň iri desgalary we beýlekiler bar.
Şu aýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bolup geçen dabaralar şanly ýylyň aýdyň pursatlaryna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda “Ak Ýelken” kottejler toplumy, şeýle hem ýaht-klub we “Tolkun” kottejler toplumy açyldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda emele gelen ýokary derejeli deňiz dynç alyş zolagy milli Liderimiziň geçirýän oňyn syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Onuň many-mazmuny bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgede öz beýanyny tapdy.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny gurmak we ösdürmek boýunça maksada gönükdirilip geçirilýän çäreleriň netijesinde bu ülkäniň gözümiziň alnynda hakyky behişdi mekana öwrülýändigini ikirjiňlenmän aýtmak bolar. Bu ýere diňe ildeşlerimiz däl-de, eýsem, dürli ýurtlardan myhmanlar dynç almak üçin we saglygyny berkitmek üçin höwes bilen gelýärler. Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom çäkli düzüminiň baştutany Irina Wlah gagauz halkynyň adyndan we hut öz adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gagauziýanyň çagalarynyň şu ýylyň tomus paslynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç almaklary babatda döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.
“Gagauziýanyň çagalarynyň görkezilen myhmansöýerlikden Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda geçirilen ýokary derejedäki dynç alyşdan ýatdan çykmajak täsirler alandygyny bellemek isleýärin. Dynç alyş pursatlarynda biziň çagalarymyz aýdym-sazlar we tanslar bilen çykyş etdiler, goşgular okadylar, şol bir wagtyň özünde beýleki ýurduň çagalaryny gagauz medeniýeti bilen tanyşdyrdylar we beýleki halklaryň medeniýetleri bilen tanyşmak mümkinçiliklerine eýe boldular. Giň möçberli medeni we dynç alyş maksatnamasy, Siziň adyňyzdan gowşurylan gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem ol ýerdäki dostlukly ýagdaý gagauz çagalarynyň ýokary derejede dynç almaklaryny we türkmen hem-de gagauz halklarynyň medeniýetleriniň ýakynlaşmagyny şertlendirdi.
Biz Siziň sebitimize berýän ünsüňize we goldawyňyza ýokary baha berýäris. Dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ýaly asylly ýörelgeler doganlyk türkmen we gagauz halklarynyň arasynda parahatçylygyň we birek-birege düşünişmegiň bähbidine dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýär” diýip, Irina Wlah öz hatynda belledi.
Synymyzy jemlemek bilen, dynç güni, 21-nji awgustda ýurdumyzda Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini bellemek gerek. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka halk häkimiýetliliginiň gadymdan gözbaş alýan däpleriniň dabaralanmagynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi, şol däpler türkmen jemgyýetiniň demokratik sütünleriniň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň esasynda durýar.