Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Oktawino Alimudinden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli Liderimiziň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany Türkmenistanda diplomatik wekilhananyň baştutany wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli guralýan döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen asylly işinde üstünlikler arzuw etdi.
Indoneziýanyň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkyna öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda diplomat Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlaryň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Şeýle hem diplomata türkmen Lideriniň başyny başlan özgertmeleriniň barşy barada gürrüň berildi. Şol özgertmeler bolsa türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine amala aşyrylýar hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy alamatyna öwrüldi.
Pikir alyşmagyň çäklerinde möhüm ugurlaryň birnäçesinde, ilkinji nobatda, syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamda türkmen-indoneziýa hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşini üpjün edýän özara gyzyklanmanyň bardygyny tassykladylar. Halklaryň has-da ýakynlaşmagyna ýardam edýän ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup biler.
Söhbetdeşligiň barşynda parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň geljegi we kanunçykaryjylyk ulgamynda has ysnyşykly gatnaşyklaryň giňeldilmegi bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan we Indoneziýa bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine aýratyn üns berýärler.
Diplomat häzirki wagtda dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň biri bolan Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, iki ýurduň milli bähbitleri nazara alnyp ýola goýulýan gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
* * *
Düýn Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Oktawino Alimudin Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şol ýerde döwletara gatnaşyklarynyň hem-de halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän käbir meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Şu gün saparyň çäklerinde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde, Medeniýet ministrliginde hem-de Söwda-senagat edarasynda duşuşyklar geçirildi.