Ï Pudagara toparyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pudagara toparyň mejlisi

view-icon 890
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary ulgamynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek baradaky pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda toparyň 2016-njy ýylyň geçen döwründe ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, bu düzümiň işiniň esasy ugurlary bilen baglanyşykly beýleki meseleleriň birnäçesine garaldy.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga we onuň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy amala aşyryldy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň esasy konwensiýalaryny, şol sanda adam hukuklary babatdaky konwensiýalaryny tassyklap, bu möhüm resminamalaryň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça netijeli ädimleri ädýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça toplumlaýyn hukuk özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny hem-de halkara hukugynyň esasy ýörelgelerini nazara almak bilen, milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär.

Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň ýörite Kararlary bilen şu ýyl tassyklanan Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016—2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreş boýunça 2016—2018-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda bu resminamalaryň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adamyň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem-de halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilendigi nygtaldy. Ýurdumyz ynsanperwerligiň, demokratik ösüşiň hem-de häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň ýokary ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezmek bilen, bütindünýä ösüşiniň wajyp meselelerini, şol sanda ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge saldamly goşant goşýar, bu ulgamda abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Şeýle hem 2015—2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada maglumat berildi. Zenanlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň, jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşda olaryň ornuny ýokarlandyrmagyň, döwlet ýeňilliklerini bermegiň, mynasyp ýaşaýyş hem-de döredijilikli zähmet üçin şertleri üpjün etmegiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamy syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda türkmen jemgyýetini durnukly ösdürmegiň möhüm şertleri bolup durýandygy nygtaldy. Ilatyň gender meseleleri boýunça habarlylygyny ýokarlandyrmagyň, bu ulgamda Türkmenistanyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, maşgala institutyny pugtalandyrmagyň hem-de nika we maşgala gymmatlyklaryny, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny, şol sanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak ulgamyny dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmagyň ähmiýetini wagyz etmegiň möhümdigi bellenildi.

Duşuşygyň çäklerinde Halkara zähmet guramasynyň Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen 105-nji mejlisiniň netijeleri baradaky habar diňlenildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

Pudagara toparyň mejlisinde beýleki meseleleriň hem birnäçesine garaldy.