Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 1171
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barylýan işleriň netijelerine garaldy.

Ilki bilen, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň möhüm maksatlarynyň we wezipeleriniň çäklerinde milli Liderimiziň durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew çykyş etdi. Hasabatyň barşynda şu ýylyň oktýabr aýynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylaryň döredijiligiň hem-de ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň üstünliklerine goşýan goşandyna ýokary baha berip, döwletimiziň harby we hukuk goraýjy düzümleriň netijeli işi, hünär hem-de bilim derejesiniň artdyrylmagy, olaryň gulluk hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy babatda mundan beýläk-de alada etjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz milli goşunymyzyň söweşjeň kuwwatyny we ägirt uly mümkinçiliklerini beýan edýän harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, özygtyýarly Türkmenistanyň halkymyzyň parahatçylykly, asuda we abadan durmuşynyň goragynda durýan harby gullukçylaryň işini kämilleşdirmek meselelerine üns bermek bilen özüniň bitaraplyk derejesine üýtgewsiz ygrarly boljakdygyny belledi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän gullugynyň düzümlerinde ýedi aýyň dowamynda alnyp barlan işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goraglylygyny üpjün etmek, serhetçileriň gulluk şertlerini gowulandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, serhet galalarynyň binalaryny we desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, olary häzirki döwrüň talaplarynyň derejesinde degişli tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçileriň gulluklarynyň örän möhümdigini hem-de jogapkärçiliklidigini belläp, olaryň döwlet serhedini gözüň göreji ýaly goramak bilen baglanyşykly wezipelerinde Türkmenistanyň ähli goňşy ýurtlar bilen dostluk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine hemişe ygrarlydygyny äşgär edýän asylly ýörelgeler esasynda alnyp barylmalydygyny aýtdy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz gullugyň düzüminde tertip-düzgüniň gowşamagyna ýol berlendigi üçin Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýewe käýinç yglan etdi.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. IIM-niň ýolbaşçysy özüniň gözegçilik edýän düzümleriniň işi, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek we islendik hukuk bozmalaryň, şol sanda ýurdumyzyň ulag ýollarynda ýol-ulag heläkçiliginiň öňüni almak boýunça durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, sentýabr aýynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” ady bilen ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler hut şu maksatlara gönükdirilendir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow IIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berip, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň düzgün-tertibiň berjaý edilişine berk gözegçiligi ýola goýmak bilen, amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny döretmek üçin ähli tagallalary etmelidiklerini belledi. Şeýle hem kärhanalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň çäklerinde, ýangyn howply desgalaryň golaýynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek babatda zerur işleriň geçirilmelidigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Döwlet ýol-gözegçilik gullugynyň işi bilen baglanyşykly meselä degip geçip, ýolagçylaryň we sürüjileriň bellenilen kada boýunça hereket etmegi babatda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy we bu ugurda degişli gözegçiligi ýola goýmagy ministrden talap etdi.

Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, prokuratura edaralarynda alnyp barylýan işler, şol sanda aýry-aýry döwlet düzümlerine geçirilen barlaglar, şeýle hem bu babatda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň üstüne ýüklenen wezipeleriniň möhümdigini ýene-de bir ýola belledi. Olar kanunçylygyň we hukuk tertibiniň goragynda berk durmalydyrlar.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, ýustisiýanyň geňeşçisi P.Akmämmedowy gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesinden boşatdy. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi D.Täşliýewi Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine belläp, ony Aşgabat şäherniň Arçabil etrabynyň prokurory wezipesinden boşatdy. Belent Serkerdebaşymyz prokuratura edaralarynyň düzüminde tertip-düzgüniň gowşamagyna ýol berendigi üçin Baş prokurora käýinç yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda prokuratura edaralarynyň işgärlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen baglanyşykly degişli resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy, şu ýylyň 7 aýynda özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kazylaryň öz işinde diňe kanunçylygyň düzgünlerinden ugur almalydyklaryny belläp, kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny we kazyýetiň kabul edýän çözgütlerinde kanunçylygyň berjaý edilişine berk gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny aýtdy.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow gözegçilik edýän düzümlerinde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler hem-de milli Liderimiziň amatly jemgyýetçilik-durmuş ýagdaýyny, ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Milli howpsuzlyk ministrliginiň alyp barýan işleriniň örän wajypdygyna ýene bir ýola ünsi çekip, howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň döwletimiziň sazlaşykly ösüşiniň we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ynamly gadam urýan halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynyň baş şertidigini belledi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ozal beren görkezmelerini we tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Biziň ýurdumyza getirilmegi gadagan edilen harytlaryň öz wagtynda ýüze çykarylmagy hem-de ele salynmagy boýunça durmuşa geçirilýän çärelere aýratyn ähmiýet berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gullugyň ýolbaşçy düzümlerine aýdylan tabşyryklaryň, şol sanda ýurdumyzyň serhetlerindäki gümrük gulluklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň berk berjaý edilmelidigini, ýükleriň gözegçiliginiň ýokary derejesini üpjün etmek, olaryň hereket edýän hil ülňülerine laýyk gelmegini ýola goýmak babatda berlen tabşyryklaryň birkemsiz ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini nazarlaýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryny amala aşyrmagyň çäklerinde özüne ynanylan düzümleriň işiniň ýokary netijeliligini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň geriminiň yzygiderli giňeldilmeginde migrasiýa gullugynyň işgärleriniň möhüm orun eýeleýändigini belläp, olaryň sazlaşykly we utgaşykly işi bilen gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegini, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň pugtalanmagyny üpjün edýändigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz migrasiýa gullugynyň işgärleriniň özüniň gulluk wezipelerini birkemsiz ýerine ýetirip, raýatlara bolan gatnaşyklarynda milli myhmansöýerlik we dostanalyk däplerine ygrarly bolmalydyklaryny nygtady.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda adalat ministri B.Muhammedow özygtyýarly Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda sazlaşykly ösüşi üçin hukuk binýady bolup durýan milli kanunçylyk binýadynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde Adalat ministrliginiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň hukuk ulgamy boýunça alyp barýan işlerini, halkara tejribesini işjeň ornaşdyrmagyň, ony ministrligiň işgärleriniň netijeli öwrenmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy üçünji derejeli ýurist S.Jumaýewi Türkmenistanyň adalat ministriniň orunbasary wezipesine belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe wajyp meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Milli Liderimiz mejlisiň jemini jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ünsüni şahsy düzümiň arasynda terbiýeçilik-watansöýüjilik işi, gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara möhüm wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde uly üstünlikler arzuw etdi hem-de Watanymyzyň edermen harby gullukçylarynyň mundan beýläk-de mukaddes harby borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine, halkymyzyň parahatçylykly, abadan we döredijilikli durmuşynyň üpjün edilmegine, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ykdysady taýdan gülläp ösmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny ýerine ýetirmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.