>“Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna (AHEHG) başlyklyk etmeginiň maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky mejlis geçirildi.
Duşuşyk ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Oba we suw hojalyk ministrligi tarapyndan AHEHG-niň we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň serhetýaka dolandyrylyşy” maksatnamasynyň goldaw bermeginde guraldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan esasy halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň esasynda sebitde ekologiýa meseleleri boýunça döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň işjeň tarapdary bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde ekologiýa meselesine aýratyn üns bermegi hem şeýle gatnaşyklaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Daşary ýurtlardan mejlise gatnaşýanlaryň arasynda Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň, suw hojalygy pudagynyň wekilleri, şol sanda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK), BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (ÝUNEP), BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň hem-de Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ), Şweýsariýanyň ösüş we hyzmatdaşlyk baradaky agentliginiň (SDC), Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri bar.
Türkmen tarapyndan duşuşyga Daşary işler ministrliginiň, Oba we suw hojalyk ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, Maliýe ministrliginiň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
“Tegelek stoluň” esasy maksady Türkmenistanyň ýakyn üç ýylda AHEHG-de başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny hödürlemekden hem-de Aral sebitiniň meselelerini çözmäge BMG-niň düzümlerini, beýleki halkara guramalaryny, banklary we hemaýatkärleri çekmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň AHEHG-de başlyklyk etmeginiň maksatnamasynda toplanan üstünlikli tejribäniň esasynda daşky gurşawy goramak meseleleriniň ählisi boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy, sebitiň ýurtlarynyň iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ulgamyndaky ýöriteleşdirilen agentlikleri we edaralary bilen ysnyşykly gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistanyň bu ulgamda anyk başlangyçlaryň ençemesini öňe sürendigini kanagatlanmak bilen bellediler. Şol başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň we iri halkara forumlarynyň, şol sanda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen “Rio+20” Bütindünýä sammitiniň, Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylygyň howpuny peseltmek boýunça III Bütindünýä maslahatynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde guralan VII Bütindünýä suw forumynyň belent münberinden öňe sürüldi.
Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä suw forumynda eden çykyşynda “suw diplomatiýasyny” işjeň ilerletmegiň möhümdigini ýene-de bir gezek belledi. Türkmenistan suw serişdeleriniň çeşmelerini dikeltmek, olary rejeli we tygşytly sarp etmek bilen baglanyşykly meseleleriň ählisine garamaga gönükdirilen gepleşikleriň diňe köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze syýasy-diplomatik görnüşlerini döretmek arkaly geçirilip bolar diýip hasaplaýar.
Döwletleriň hem-de halkara guramalarynyň şeýle bilelikdäki işi suw boýunça ählumumy resminamany — BMG-niň suw strategiýasyny taýýarlamak boýunça iş üçin esas bolup biler. Türkmenistan BMG-niň suwa elýeterliligiň adamyň binýatlaýyn hukugydygyny ykrar etmek hakyndaky başlangyjyny hemişe goldaýar. Şeýle çemeleşmäniň esasynda suw serişdelerini ulanmaga bolan ählumumy hukuk hem-de olary netijeli dolandyrmak üçin jogapkärçilik durýar.
Suwdan rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr. Öz nobatynda, munuň özi ekologiýa abadançylygyny aýawly saklamak we daşky gurşawy goramak bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda suwarymly ekerançylyga, gurluşyga hem-de gidrotehniki desgalary ulanmaga suwy tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň uly tejribesi toplanyldy. Giň möçberli suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oba hojalyk ulgamynyň netijeli ösdürilmegine, galla, pagta we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam edýär.
Ýurdumyzda ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama durmuşa geçirilýär, onuň çäklerinde täze suw arassalaýan zawodlar gurulýar we işe girizilýär. Deňiz suwuny süýjetmek boýunça işler alnyp barylýar.
“Altyn asyr” Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň ulanmaga berilmegi bilen zeýkeş akabalary bir bitewi ýokary netijeli suw ulgamyna birleşdirildi. Şunuň netijesinde suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulandyrylýar, zeý suwlarynyň suw akabalaryna akdyrylmagynyň öňi alynýar. Bu çäreler Türkmenistanda we tutuş sebitde ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna ýardam edýär. Bu ägirt uly taslamanyň ikinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygy dowam edýär. Munuň özi zeý suwlaryny oba hojalygynyň zerurlyklary üçin gaýtadan ulanmak barada uly mümkinçilikleri açýar. Orta Aziýada suw çeşmeleriniň çäklidigini nazara alanyňda, bu aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Zeýkeş suwlaryny gaýtadan ulanmak meselesini çözmekde Türkmenistan sebitiň beýleki köp ýurtlaryna mynasyp görelde görkezýär.
Bellenilişi ýaly, AHEHG-de başlyklyk etmeginiň barşynda Türkmenistanyň işi Aral meselelerini çözmäge hem-de Aralyň ýakasyndaky ekologiýa ulgamynyň zaýalanmagynyň öňüni almaga, Merkezi Aziýada biologiki köpdürlüligi saklamaga we daşky gurşawy goramaga hem-de tebigy serişdeleri durnukly ulanmaga, sebitiň halklarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam bermäge gönükdiriler.
“Tegelek stoluň” beýleki bölümlerinde halkara guramalarynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işindäki orny bilen baglanyşykly meselelere garaldy, bilermenler we hemaýatkärler goldawyny çekmek arkaly bu mesele boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy meseleler hem-de çykyşlar boýunça çekişmeler hem-de düýpli pikir alyşmalar guraldy.
Hususan-da, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sebit geňeşçisi Morton Krasnaý daşky gurşawy goramak hem-de suw diplomatiýasy meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy bilermenler-hukuk taýdan goldamak barada aýdyp, dürli taslamalary maliýeleşdirmekde we durmuşa geçirmekde hukuk gurallarynyň möhümdigini belledi. Biz türkmen hünärmenleri bilen ysnyşykly işläp, sebit derejesinde çözgütler kabul etmek üçin netijeli topary döretmäge ýardam etmäge taýýardyrys diýip, ol aýtdy we ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň ornuny hem-de birnäçe ýyl mundan ozal BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Suw Konwensiýasyna goşulmak bilen, ýurdumyzyň bu ugurda äden möhüm ädimlerini nygtady.
GIZ-iň “Merkezi Aziýada serhetýaka suw serişdelerini dolandyrmak” maksatnamasynyň sebit direktory Folker Frobartyň pikirine görä, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat derejesi sebit boýunça goňşy döwletleriň arasyndaky oňyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Munuň özi suw serişdelerini dolandyrmak boýunça geljekki gepleşikler üçin hem ygtybarly esas bolup hyzmat eder.
“Tegelek stoluň” işiniň netijeleri boýunça Aral deňziniň ýakasynyň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we halkara guramalarynyň geljekki hyzmatdaşlygynyň meýilnamalary ylalaşyldy.
Mejlisiň ahyrynda daşary ýurtly gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýerlik, forumyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmekde goldawy, durnukly sebit we ählumumy ösüşe hem-de özara hormat goýmak esasyndaky hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýändigi tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
24-nji awgustda ýurdumyzyň myhmanlary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, şeýle hem “Altyn asyr” Türkmen kölüniň esasy zeýkeşleriniň biriniň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň “Türkmensuwylymtaslama” institutynyň ylmy merkezine baryp görerler.