Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 837
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýao Sinhuany kabul etdi.

Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, däbe öwrülen dostlukly hytaý-türkmen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam edilendigi hem-de HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işine goldaw berlendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu goldawy diplomat hökmünde öz işinde hemişe duýandygyny aýtdy. Jenap Sýao Sinhuanyň belleýşi ýaly, Hytaý döredijilikli daşary syýasatyny ýöredýän hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginlerini gazanýan Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýete eýedigini aýtdy. Bu hyzmatdaşlyk taraplaryň bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň oňyn şerti bolup durýar.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alşyldy. Şol hyzmatdaşlyga ähli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamynda okgunly häsiýet mahsusdyr. Bellenilişi ýaly, köklerini müňýyllyklaryň jümmüşinden, Beýik Ýüpek ýoly döwründen alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar. Onuň şeýle bolmagyna ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklar hem-de olaryň jemleri boýunça gazanylan, anyk netijä gönükdirilen möhüm ylalaşyklar ýardam edýär.

Ýangyç-energetika toplumy döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda türkmen-hytaý transmilli gaz geçirijisi netijeli gatnaşyklaryň aýdyň nyşany bolup, türkmen “mawy ýangyjynyň” HHR-e uzak möhletleýin iberilmegini üpjün edýär. Halkara üstaşyr-ulag düzümini döretmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlaryny nazara almak bilen, ulag ulgamynda hem tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmekde Hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-hytaý komitetine we onuň kiçi komitetlerine ähmiýetli orun berilýär. Olaryň işi dürli ugurlarda, şol sanda ýokary tehnologiýaly innowasion pudaklarda netijeli gatnaşyklary höweslendirmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamda – ylym, bilim, medeniýet we sungat ugurlary hem-de hünärli işgärleri taýýarlamak babatda türkmen-hytaý gatnaşyklary ýylsaýyn giňelýär. Bu netijeli gatnaşyklar Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halklarynyň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, şeýle hem olaryň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz hytaýly ilçä döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, oňa geljekde täze üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Jenap Sýao Sinhua öz işine berlen ýokary baha üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzda Hytaý Halk Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormat bolandygyny aýtdy. Şeýle hem ilçi pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi we ähli türkmenistanlylary şu ýyl bellenilýän şanly sene – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmekde täze üstünlikleri arzuw etdi. Jenap Sýao Sinhuanyň belleýşi ýaly, onuň ýurdumyzda bolmagy hoşniýetli duýgular we iň oňat täsirler bilen baglanyşyklydyr.

Duşuşygyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ilçi taraplaryň hoşniýetli erk-islegine esaslanýan hem-de iki döwletiň we halkyň abadançylygynyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.