Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň täze bellenilen baştutany hanym Şahin Niloferi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji direktory Entoni Leýkiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan bilen däbe öwrülen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Hanym Şahin Niloferiň belleýşi ýaly, ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde başlangyçlar bilen çykyş etmek ornuny eýeleýän ýurdumyzda işlemek onuň üçin uly hormat bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň iri ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gatnaşyklaryň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geçen döwrüň içinde biziň ýurdumyzyň hem-de ÝUNISEF-iň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy we durmuşa geçirilýär.
Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz hem-de myhman köp ýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hem-de umumy maksatlaryň we wezipeleriň çäklerinde olary has-da giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şu ýylyň martynda Türkmenistanyň hökümetiniň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda gol çekilen 2016—2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça hereketleriň meýilnamasy gollanma bolup hyzmat edýär. Söhbetdeşligiň barşynda ýurdumyzyň ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi üçin örän amatly şertleri üpjün etmäge jogapkärli çemeleşýändigi bellenildi, ýaş nesliň saglygy we abadançylygy baradaky döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Degişli ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça maksada gönükdirilen ädimler munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ugurda binýatlyk halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna we beýleki resminamalara goşulmak bilen, Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.
Biziň ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramagyň ulgamy döwletiň uly goldawyna eýe boldy. Ýaş raýatlaryň saglygyny berkitmek, olaryň ýokary hilli bilim almagy hem-de sazlaşykly ösmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, öz döredijilik ukyp-başarnyklaryny amala aşyryp bilmegi üçin ähli şertleri döretmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanda täze enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap mekdepler hem-de çagalar baglary, saglygy goraýyş edaralary we sport desgalary guruldy hem-de bina edilýär. Gözel Gökdere jülgesinde, Hazaryň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýerleşýän ajaýyp sagaldyş merkezleri çagalaryň ygtyýaryndadyr.
ÝUNISEF degişli ugurda Türkmenistanyň gazananlaryna ýokary baha berýär. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň hem-de türkmen Lideriniň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň durmuş ugurlylygynyň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň maksady halkyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Hanym Şahin Nilofer döwlet Baştutanymyza BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerine berýän uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bilelikde işlemegiň köp ýyllyk tejribesine esaslanýan we uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etmäge hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň täze bellenilen baştutany Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň däbe öwrülen gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşyp, mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.