Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Şri Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ý.K.A.Rohanajthadan ynanç hatyny kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany Türkmenistanda diplomatik işiniň başlamagy bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de iki halkyň arasynda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna mähirli gutlag sözlerini hem-de öz ýurdunyň ýolbaşçylaryndan iň oňat arzuwlaryny aýtdy.
Geçirilen söhbetdeşligiň barşynda diplomata dünýäniň hemme ýurtlary we iri halkara guramalary bilen netijeli aragatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm orun berilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada habar berildi. Türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny yzygiderli artdyrmaga gönükdirilip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler babatda milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň alyp barýan işi duşuşygyň aýratyn meselesine öwrüldi.
Jenap Ý.K.A.Rohanajtha Şri Lankanyň Türkmenistanyň ýokary depginli ösüşlerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan dünýä jemgyýetçiliginde belent abraýa mynasyp bolan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ýokary baha berýändigini nygtady. Ilçiniň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de iki ýurduň ýygjam özara hereketleri ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň bähbitlerine hyzmat eder.
Duşuşygyň barşynda parlamentara hem-de medeni-ynsanperwer aragatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wajypdygy nygtaldy.
* * *
Türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde Şra Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şonda özara gyzyklanma döredýän ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady ulgamda, sport we syýahatçylyk, nebitgaz we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda jenap Ý.K.A. Rohanajthanyň geçiren duşuşyklarynyň barşynda esasy ara alnyp maslahatlaşylan meselä öwrüldi.
Medeni maksatnamanyň çäklerinde Şra Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi paýtagtymyzyň gözellikleri bilen tanyşdy.