Ï Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 778
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Roseli bin Abduly kabul etdi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy we pursatdan peýdalanyp, milli Liderimize Malaýziýanyň Patyşasy Tuanku Al-Haj Abdul Halim Mu,adzam Şah Ibni Al-Marhum Sultan Badlişahyň hem-de premýer-ministr Mohd Najib Bin Tun Abdul Razagyň salamyny hem-de dostlukly türkmen halkyna bagtyýarlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Günorta-Gündogar Aziýa we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň biri bolan Malaýziýa bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, köpýyllyk döwletara gatnaşyklaryna täze itergi berjek möhüm işinde üstünlikler arzuw etdi. Şol gatnaşyklar bolsa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Duşuşygyň barşynda türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça pikir alşyldy. Taraplaryň tagallalary netijesinde soňky ýyllarda şol gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Döwlet Baştutanymyz hem-de diplomat taraplaryň söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny kanagatlanma bilen belläp, däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de onuň täze geljegi uly ugurlaryny gözlemäge ýardam edýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumynda, ykdysadyýetde, işewürlikde, syýahatçylykda, bilimde hem-de medeni-ynsanperwer ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, häzirki wagtda Türkmenistany hem-de Malaýziýany diňe bir olaryň ykdysady we durmuş babatdaky wezipeleriniň umumylygynyň däl, eýsem, halkara gün tertibiniň esasy meselelerini çözmäge çemeleşmeleriň ýakyndygynyň, olaryň adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleri, şol sanda ählumumy howpsuzlyk we durnukly ösüş wezipelerini iş ýüzünde çözmäge çalyşýandygynyň birleşdirýändigini aýtdy.

Jenap Roseli bin Abdul wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köp meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryny hem-de iki ýurduň milli bähbitleri nazara alnyp guralýan köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.