Ï Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 864
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Fransua Delausy kabul etdi.

Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, milli Liderimize Fransiýanyň Prezidenti Fransua Ollandyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda fransuz tarapynyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen oňyn daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy nygtaldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidentine mähirli salam aýdyp, jenap Fransua Delausy jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar täze many-mazmuna eýe boldy.

Duşuşygyň barşynda uly kuwwata eýe bolan türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ilçi döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de dürli pudaklarda işleýän iri fransuz kompaniýalarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklar üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde görkezildi. Olaryň arasynda meşhur “Thales Alenia Space” kompaniýasy bar. Bu kompaniýa ýurdumyzyň buýurmasy boýunça geçen ýylyň aprel aýynda uçurylan ilkinji “TürkmenÄlem 52oE” milli aragatnaşyk hemrasyny gurdy. Şunda Fransiýanyň işewür toparlarynyň okgunly ösýän, amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge çalyşýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň durmuşa geçirýän netijeli durmuş-ykdysady özgertmeleri, amala aşyrylýan giň möçberli düzümleýin taslamalar, häzirki zaman dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşmak boýunça alnan ugur özara bähbitli we uzakmöhletleýin esasda netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikleri döredýär. Söwda-ykdysady ulgam bilen birlikde, ýangyç-energetika toplumy, ulag, öňdebaryjy ýokary tehnologiýalar, telekommunikasiýalar, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlary we beýlekiler hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz we diplomat ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň bölegi bolup durýandygyny belläp, ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň möhümdigini aýtdylar. Bu ugurlar iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek, ony döwrüň talabyna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.