Ï Türkmenistan — Gazagystan: işewür gatnaşyklar ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — Gazagystan: işewür gatnaşyklar ösdürilýär

view-icon 942
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň we Gazagystan Respublikasynyň senagat hem-de işewür toparlarynyň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň meseleleri, gatnaşyklaryň has möhüm ugurlaryny kesgitlemegiň wezipeleri girizildi.

Dostlukly goňşy ýurduň Aşgabada gelen wekilçilikli toparynyň düzüminde Gazagystanyň Eksport we maýa goýumlary boýunça “Kazneks Inwest” milli agentligi we dürli ugurlar boýunça ýöriteleşen belli kompaniýalaryň 40-a golaýynyň wekilleri, “DOС Сo.Ltd”, “ZHERSU”, “KSP Steel”, “Mega SMART”, “ALTAMIRA”, “Kazsentrelektroprowod”, “Alýumuniý Kazahstana”, “Almatinskiý zawod mostowyh konstruksiý”, “Kentauskiý transformatornyý zawod”, “Aktýubinskiý relsobaloçnyý zawod”, “Kazazot”, “KazFosfat” we başga-da birnäçe kompaniýalar bar.

Türkmen tarapyndan işewür duşuşyga ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatyň maksady söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny kesgitlemekden, köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan iki ýurduň telekeçiler düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybaratdyr.


Wekiliýetiň agzalarynyň belleýişleri ýaly, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşi soňky ýyllarda durnukly häsiýete eýe boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Nursultan Nazarbaýewiň arasynda ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň barşynda gazanylan möhüm ylalaşyklar iki goňşy ýurduň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde ýola goýlan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitleýär. Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň bilelikdäki işi netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Işewür duşuşygyň barşynda gazagystanly hyzmatdaşlar ägirt uly tebigy serişdelere baý, ykdysady kuwwata eýe bolan özygtyýarly Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän bazarynyň geljekki ugurlary, şol sanda sebit ähmiýetli giň möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyryldy.


Giňişleýin çykyşlar we ýörite taýýarlanylan wideofilm Türkmenistanyň ösüşiň garaşsyzlyk ýolunda gazanan üstünliklerini hem-de ýeten derejesini, ägirt uly eksport we senagat kuwwatyny durmuşa geçirmek, haryt öndürijileri höweslendirmek, halk hojalygynyň ähli ulgamlaryna daşary ýurt maýalaryny çekmek hem-de ýurdumyzyň daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmek boýunça amala aşyrýan beýik işlerini beýan etdi.

Geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýan hem-de ýokary halkara abraýyna eýe bolan döwletimiz bilen giň möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna çuňňur gyzyklanma bildirýän Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri ähli zerur şertleri özünde jemleýän türkmen bazarynyň uly geljeginiň bardygyny bellediler.

Ýurdumyzda daşary ýurt maýa goýumy üçin has amatly şertleriň döredilmegine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasatyna daşary ýurtlaryň, şol sanda Gazagystanyň işewür toparlary uly gyzyklanma bildirýär. Bu bolsa ykdysady ösüş şertlerinde zerur bolan dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we ýokary tehnologiýalary çekmäge mümkinçilik berýär.


Gazagystanly işewürler öz kompaniýalarynyň mümkinçilikleri barada aýdyp, Türkmenistanyň milli we sebit ähmiýetli möhüm taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen gazynyň Hytaýa iberilýän ugry bolan halkara gaz geçirijisiniň, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm ugry hasaplanýan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygy ýaly iri bilelikdäki taslamalaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylar Ýewropa bilen Aziýa ýurtlaryny baglanyşdyrýan häzirki zaman üstaşyr ugurlarynyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan bilen Gazagystanyň diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, tutuş sebitiň durnukly ösüş bähbidine laýyk gelýän özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, bar bolan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Söwda-ykdysady döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda, däp bolan hyzmatdaşlygy ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, maşyn gurluşygy, gurluşyk serişdeleri, söwda, oba hojalygy, dokma, himiýa we azyk senagaty ýaly möhüm ugurlar boýunça köp taraply esasda ösdürmek babatda anyk teklipler öňe sürüldi. Şunlukda, taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine diňe bir iki ýurduň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň möhüm şerti hökmünde däl, eýsem, geografiki we serişdeler ýagdaýy boýunça ähmiýetli bolan tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň kepili hökmünde garadylar.


Türkmenistan hem-de Gazagystan Respublikasy uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan we iki ýurduň milli Liderleriniň durmuşa geçirýän giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň möhüm maksatlaryna laýyk gelýän köpugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyr.

Işewürler maslahatyna gatnaşyjylar iki ýurduň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny belläp, hereket edýän şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň, söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmagyň hasabyna hyzmatdaşlygy berkitmegiň, eksport-import gatnaşyklarynyň möçberini ýokarlandyrmagyň, iberilýän harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşlerini we gerimini giňeltmegiň zerurdygyny bellediler. Yzygiderli geçirilýän sergiler, ýarmarkalar, maslahatlar, şol sanda işewürler maslahatlary işewür düzümlerini ýakynlaşdyrmagyň netijeli guralyna öwrülmelidir.

Şeýlelikde, nobatdaky işewürler maslahaty Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet hem-de işewür düzümleriniň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň ýollaryny, olaryň hyzmatdaşlygyň netijeli guralyny tapmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat şert döretdi.


Mähirli kabul edilendikleri we işewür duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Gazagystanyň wekiliýetiniň agzalary gazanylan ylalaşyklaryň ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna we pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Myhmanlaryň Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, telekeçileri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.