Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resminamalara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resminamalara gol çekdi

view-icon 929
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny açmak hakynda


“Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň iri möçberli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny açmaly.

2. Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň wezipelerini Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) ilçihanasynyň üstüne ýüklemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aşgabat şäheri, 2016-njy ýylyň 26-njy awgusty.

* * *

Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmazlyk düzgünini üpjün etmek we atom energiýasyny parahatçylyk maksatlar üçin ulanmak boýunça başlangyçlary we tagallalary doly goldaýandygyny göz öňünde tutup, şeýle hem Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş müdirligi Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça milli utgaşdyryjy edara hökmünde bellenildi.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Tertipnamasyndan gelip çykýan Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly işler Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş müdirliginiň üstüne ýüklenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Silapberdi Aşyrgeldiýewiç Nurberdiýew Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowa 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde makullanan “Pariž Ylalaşygyna” Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowa “Howa gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga” Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.