Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 989
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň 7 aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Prezident maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi.

Wise-premýer makroykdysady görkezijilere laýyklykda, hasabat döwründe jemi içerki önümiň 6,2 göterim artandygyny belledi. Şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2 göterim, gurluşykda 4,3 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 10 göterim, söwdada 15,5 göterim, oba hojalygynda 9 göterim hem-de hyzmatlar ulgamynda 9,7 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 3,2 göterime deň bolup, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy.

Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygy 16,5 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenen çäklerde saklanyldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,5 göterim ýokarlandy.

Ýedi aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 91,4 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 89,7 göterim ýerine ýetirildi. Býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň, desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 28,9 milliard manada deň boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 4,3 göterim artdy.

Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyz boýunça suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 25-siniň, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 78-siniň, 808,7 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy. Häzirki wagtda 203 binanyň we desganyň gurluşygy tamamlandy hem-de 117 desgada gurluşyk işleri dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüş depginini üpjün etmäge hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň işjeň durmuşa geçirilýändigini belledi. Senagat düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, innowasion önümçilikleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryny ösdürmek, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi amala aşyrmak boýunça esasy wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz makroykdysady kadalaşdyrmagyň gurallaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin ähli tagallalary etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna döwlet gaznasyna gelip gowuşýan daşary ýurt pul serişdeleriniň möçberlerini artdyrmaga degişli meselelere içgin seretmegi hem-de olar boýunça degişli çözgütleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 7 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebitiň gaz kondensaty bilen gazylyp alnyşy, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, awtomobil benzininiň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki nebit önümleriniň öndürilişi babatda gazanylan görkezijiler barada habar aýdyldy. Daşary ýurtlara “mawy ýangyjyň” eksport edilişi boýunça meýilnama 103,4 göterim, guýulary buraw işleri boýunça meýilnama 110,1 göterim ýerine ýetirildi.

Wise-premýer kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, ýaşaýyş jaýlarynda gazyň harçlanylyşyny hasaplaýjy enjamlary oturtmak boýunça geçirilýän işler hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan- Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi. Taslamanyň türkmen bölegi boýunça hemme işler güýçli depginler bilen alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmakda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylmagyny artdyrmakda möhüm orun berilýän Watanymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüm bölümleriniň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge, innowasion tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň, pudaga goşmaça maýa goýumlary çekmegiň esasynda pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmaga degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şol ugur boýunça türkmen tebigy gazy Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna uzakmöhletleýin iberiler. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu wajyp energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň tebigy serişdelerini aýawly we oýlanyşykly peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýerler Ý.Kakaýewe hem-de Ş.Durdylyýewe gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň ählisiniň gazyň, suwuň we elektrik energiýanyň harçlanylyşyny hasaba alýan enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy bilen bagly degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň möçberiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 103,6 göterime deň bolandygyny habar berdi.

Şunda Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 105,8 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 109,4 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 125,3 göterime barabar boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, unuň öndürilişi 1,7 göterim, etiň öndürilişi 1,3 göterim, süýdüň öndürilişi 1,5 göterim, ýumurtganyň öndürilişi 6,1 göterim, gök önümleriň öndürilişi 36 göterim, bakja önümleriniň öndürilişi iki esseden gowrak artdy. Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama obasenagat toplumyna degişli edaralar tarapyndan 160 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileriniň önümlerini daşary ýurt bazarlarynda ýerlemek barada habar berildi. Welaýatlarda 17-nji awgustda badalga berlen güýzlük däne ekişiniň depgini günsaýyn ýokarlanýar, agrotehniki kadalara laýyklykda gowaça ideg etmek işleri amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymyna taýýarlyk işleri dowam edýär. Ýurdumyz boýunça pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 156-sy, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy, pagta daşaýan awtoulaglaryň 3035-si, traktorlaryň 2356-sy hem-de traktor tirkegleriniň 3597-si, pagta ýygýan kombaýnlaryň 425-si taýýarlyk hataryna çykaryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde duran oba hojalyk möwsüminiň – pagta ýygymynyň möhümdigini belläp, pagta ýygymyna Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 27-nji awgustda, Daşoguz welaýatynda bolsa 7-nji sentýabrda başlamaga ak pata berdi. Milli Liderimiz il içinde sylanýan hormatly ýaşulularymyzdan pagta ýygymyny “Bissimilla!” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzyň obasenagat toplumynyň zerurlyklary üçin täze oba hojalyk tehnikalaryny satyn almaga hem-de “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Paýtagtymyzyň we welaýatlaryň atçylyk sport toplumlarynyň güýzki at çapyşygy möwsümine taýýarlyk işleri hakynda hem hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak meselesine degip geçip, daşary ýurtlardan satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň iň täze görnüşdäkileriniň bolmalydygyny hem-de ýurdumyzyň dürli sebitleriniň toprak-howa şertlerine laýyk gelmelidigini aýtdy.

Milli Liderimiz wise-premýerler R.Bazarowa hem-de B.Atdaýewe gant şugundyryny gaýtadan işleýän täze döwrebap zawody gurmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamagy hem-de onuň ýerleşjek ýerini oýlanyşmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewlerimiziň halkymyzyň buýsanjy we ýurdumyzyň şöhraty bolup durýandygyny belläp, nobatdaky at çapyşyk möwsüminiň açylyşyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 7 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzda görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde önümçilik düzüminiň giňeldilýändigini, kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilýändigini we döwrebaplaşdyrylýandygyny, önümçilige iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny belledi.

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Senagat ministrligi boýunça öndürilen önümleriň umumy möçberi 735 million 900 müň manatdan ybarat bolup, ösüş depgini 2,1 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende magdan däl gurluşyk serişdeleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 7,4 göterime, gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 5,8 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň ösüş depgini 1,4 göterime deň boldy. Öndürilen önümleriň jemi möçberi 800 million 200 müň manatdan ybarat boldy. Tikin we örme önümleriniň hem-de aýakgabyň öndürilişi boýunça ösüş depginleri gazanyldy.

Hasabat döwründe dokma önümlerini ýerlemekden alnan girdeji 775 million 100 müň manada deň boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça ýanwar-iýul aýlarynda öndürilen önümleriň möçberi 24 million 600 müň manada barabar bolup, ösüş depgini 5,1 göterim üpjün edildi.

Bu pudagyň kärhanalary tarapyndan hasabat döwründe 26 müň 300 inedördül metr haly önümleri dokaldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça şu ýylyň 7 aýynda öndürilen önümleriň umumy möçberi 362 million 500 müň manada barabar bolup, ösüş depgini 18,5 göterim üpjün edildi. Pudagyň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 6 göterim, natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 124,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça şu ýylyň 7 aýynda öndürilen önümleriň jemi möçberi 6 million 800 müň manat bolup, ösüş depgini 74,4 göterime deň boldy. Hususan-da, 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tutulan balyk boýunça 40,3 göterim, balyk we gaýtadan işlenilip gaplanan balyk önümleri boýunça 31,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň senagat ulgamyna girýän edaralaryň hem-de kärhanalaryň işini kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, önümçilige öňdebaryjy we has netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Munuň özi bu pudaklary ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz sebit we pudak maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri yzygiderli çözmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň işine hem-de göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew şu ýylyň 7 aýynda gözegçilik edýän pudaklarynyň alyp baran işleriniň netijeleri, Aşgabady ösdürmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabat döwründe berjaý edilen işleriň möçberleri barada aýdyp, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Aşgabat şäher häkimliginiň garamagyndaky hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň hem-de guramalaryň önümleri öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnamalaryny 104,2 göterim berjaý edendiklerini habar berdi. Şunda 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 115 göterime deň boldy.

Aşgabat şäher häkimliginiň kärhanalary tarapyndan maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 4 milliard 519 million 33 müň manat möçberde maýa goýumlary özleşdirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 101,4 göterim ýerine ýetirildi.

Ýylyň başyndan bäri geçen 7 aýda Gurluşyk we binagärlik ministrligi önüm öndürmek hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnamany 116,4 göterim berjaý edip, 103,2 göterim ösüş depginini gazandy.

Energetika ministrliginiň düzümine girýän edara-kärhanalar tarapyndan meýilnama 122,2 göterim ýerine ýetirildi. Olaryň hasabat döwründe öndüren önümleriniň, ýerine ýetiren işleriniň we hyzmatlarynyň möçberi 628 million manatdan gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 113,1 göterime deň boldy.

Ýurdumyzda ýanwar-iýul aýlarynda 13 milliard 635 million 771 müň kWt-sagat elektrik energiýasy öndürilip, şonyň 2 milliard 160 million 563 müň kWt-sagat möçberi daşary ýurtlara ugradyldy.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň möçberi 114, 4 göterime deň boldy. Şunda ýedi aýda 2015-nji ýylyň degişli görkezijisi bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 111,2 göterime barabar boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni hem meýilnamany 3,4 göterim artyk ýerine ýetirdi. Konseriniň önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetimek babatda ösüş depgini geçen ýylyň ýedi aýy bilen deňeşdirilende, 103,9 göterime barabar boldy.

Wise-premýeriň hasabatynda 27-29-njy awgustda geçiriljek “Türkmengurluşyk—2016” atly halkara sergisine hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahata taýýarlyk görlüşiniň meselelerine uly üns berildi.

Däp bolan pudaklaýyn forum uly ähmiýetli waka bolar, çünki ol ösüşiň ýokary sepgitlerini hem-de häzirki zaman Türkmenistanyň we onuň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň gazananlaryny bütin dünýä görkezer. Sergä kompaniýalaryň, döwlet we hususy kärhanalarynyň 108-si gatnaşar, şolaryň 80-si dünýäniň 15 ýurdunyň wekilleridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki günde gurluşyk we elekroenergetika pudagynyň ösüşiniň ýokary depginlerini saklamagyň wajyp wezipedigini nygtady. Şol wezipäniň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli bellenilen meýilnamalarynyň we uzakmöhletli maksatnamalarynyň üstünlikli berjaý edilişini baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gurluşygyň depginlerini, gurluşyk serişdeleriniň öndürilişiniň möçberlerini has-da artdyrmagyň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Olar ýokary talaplara we döwrebap ölçeglere laýyk gelmelidir. Milli Liderimiz Aşgabadyň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýynyň üstünde durup geçip, beýik Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň şöhratly senesi mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy bellenilen desgalara aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz türkmenistanlylaryň durmuşynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilen ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine çuňňur oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny aýdyp, türkmen ykdysadyýetiniň, hususan-da, onuň gurluşyk pudagynyň üstünlikleri hem-de gazananlary bilen giň dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrýan halkara sergilerini yzygiderli geçirmegiň uly ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere iri pudaklaýyn forumyň ýokary derejesini üpjün etmek tabşyryldy. Ol gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga we hemmetaraplaýyn giňeltmäge hyzmat etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere welaýatlaryň we şäherleriň häkimleri bilen bilelikde, jemagat hojalygy we ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň desgalarynda abatlaýyş işleriniň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi, bu desgalaryň ählisiniň gyş möwsümine öz wagtynda taýýarlanmagy üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew şu ýylyň geçen ýedi aýynda söwda toplumynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýanwar-iýul aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça umumy haryt dolanyşygynyň möçberi 13,7 göterim artyp, 2 milliard 726,5 million manatdan gowrak boldy. 376 million manat möçberde alnan peýdanyň ösüşi 10,9 göterime barabar boldy.

Döwlet-haryt çig mal biržasy tarapyndan ýedi aýda birža söwdalarynyň 142-si geçirilip, olarda 15 milliard 675 million manatdan gowrak 9447 şertnama hasaba alyndy.

Hasabat döwründe 32,1 million manatdan gowrak möçberde maýa goýumlary özleşdirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 95,5 göterim köpdür.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň möçberiniň ösüşi 15,1 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 14 sergi we 14 maslahat geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 310 million manatlyk senagat önümleri öndürildi, onuň möçberi bolsa 38,8 göterim ýokarlandy. 528,3 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürilip, onuň möçberi 53,1 göterim artdy. Gurluşyk-gurnama işleri 3 milliard 183,5 million manat möçberde berjaý edildi, söwda haryt dolanyşygynyň möçberi 6 milliard 296,6 million manada deň boldy (10 göterim ösüş). Hyzmat ediş ulgamynda 510,9 million manatlyk işler ýerine ýetirildi (4,9 göterim ösüş).

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagat kärhanalaryny täze tehnologik derejä çykarmak maksady bilen daşary ýurtly öňdebaryjy öndürijiler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz halkara derejesindäki işewür çäreleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, olaryň ýurdumyzyň pudaklarynyň tutýan ornuny pugtalandyrmaga, türkmen ykdysadyýeti üçin ileri tutulýan ugurlarda eksport we innowasion mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendigini nygtady.

Şol bir wagtda-da, halkara işewür gatnaşyklarynyň ýygjamlaşdyrylmagy diňe bir halk hojalygynyň dürli ugurlarynda däl, eýsem, durmuş ulgamyna hem daşary ýurt maýa goýumlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de wise-premýere bu wezipeleri çözmekde ýurdumyzyň telekeçiliginiň uly kuwwatyny herekete getirmek boýunça görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň 7 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň teatrlarynyň, muzeýleriniň, kitaphanalarynyň we beýleki medeni edaralarynyň işi barada habar berildi. Hususan-da, kitaphana ulgamynyň bitewi elektron ulgamynyň hereket edýändigi barada aýdyldy. Hasabat döwründe türkmen muzeýleri ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Metropoliten muzeýindäki sergide özleriniň täsin gymmatlyklaryny görkezdiler.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň hem-de Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde köpsanly dabaralar, maslahatlar, festiwallar, döredijilik duşuşyklary, sergiler, konsertler we beýleki çäreler guraldy.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça ýanwar-iýul aýlarynda haryt öndürmegiň meýilnamasy 149,3 göterim ýerine ýetirildi. Kitap önümleriniň umumy sany 4,9 million nusgalykdan gowrak 190 görnüşi çap edildi.

Wise-premýer Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň işi barada hasabat berdi. Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan umumy girdeji 25 million 20 müň manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda ösüş depgini 106,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 67 müň 638 syýahatça hyzmat edildi we bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden ýokary boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet medeni syýasatyň, şol sanda ruhy gurşawy, jemgyýetçilik we raýat aňyny kemala getirmegiň hem-de bütin dünýäde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmegiň möhüm şerti hökmünde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň möhüm ornuny nygtady.

Milli Liderimiz hökümet agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigini aýtdy. Häzirki döwürde Garaşsyz Watanymyzda örän uly taslamalar amala aşyrylýar. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy tanalmaz derejede özgerýär. Täze şäherdir obalar gözümiziň alnynda peýda bolýar. Iri köprüler, howa menzilleri, mekdepler we uniwersitetler giň gerim bilen gurulýar. Iň kämil tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalar döredilýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýaňy-ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda iri dynç alyş toplumlary açylyp, ulanmaga berildi. Bu ýerde ýene-de birnäçe desga gurulýar. Berkarar Watanymyzyň paýtagty ak mermerli Aşgabat hem düýpli özgerdi. Häzirki zaman işewürler şäherine öwrüldi. Indi gözel paýtagtymyz bu ýerde köp ýyllardan bäri ýaşap ýören adamlar hem tanamaz ýaly derejede gözelleşdi. Ýöne, muňa garamazdan, biziň gazanan ajaýyp üstünliklerimiz barada dünýäde köp adam bilmeýär. Haýsydyr bir döwlete sapara baranyňda köplenç ýurdumyzda ägirt uly özgertmeleri amala aşyrsak-da, gazanan üstünliklerimizi halkara habarlar giňişliginde näme üçin az beýan edýändigimiz barada soraýarlar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Häzirki döwürde iri we abraýly halkara žurnalistler guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak dünýäde habarlary yzygiderli ýaýratmagyň iň netijeli usuly bolup durýar. Bu guramalaryň düzümine köp ýurtlaryň onlarça we ýüzlerçe habarlar agentlikleri girýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Türkmenistan bu guramalaryň agzasy bolsa, biz şol habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşly etmäge mümkinçilik alarys. Gazanan ajaýyp üstünliklerimiz baradaky habarlary şol habar beriş serişdeleriniň üsti bilen birbada dünýäniň köp ýurtlarynda gyzgyny bilen ýaýradyp bileris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şoňa görä-de, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini üýtgedip guramaly. Milli Liderimiz bular barada aýdyp, ozaly bilen, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň möhümdigini nygtady. Şeýle hem Döwlet habarlar agentliginiň işgärleriniň sanyny artdyrmagyň we gurluşyny üýtgetmegiň hem-de onuň düzüminde özbaşdak bölümi döretmegiň möhümdigi bellenildi. Ol daşary ýurtlar üçin berilýän habarlary taýýarlamagy ugur ediner diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Has sazlaşykly işlemek üçin bar bolan internet saýtlaryň käbirini Döwlet habarlar agentliginiň garamagyna bermek maksada laýyk bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Biz ýurdumyzda birnäçe garaşsyz habarlar agentliklerini döretmek hakyndaky teklipleri hem goldaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew geçen ýedi aýyň dowamynda gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlaýan toplumlaýyn özgertmelerini amala aşyrmagyň çäklerinde, ýurdumyzda bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek, sporty ösdürmek, düzümi döwrebaplaşdyrmak hem-de bu ulgamlaryň kuwwatyny berkitmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär.

Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 254-si taýýarlanyldy we çapa iberildi, olardan 111-si neşir edildi.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary we talyplary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, degişlilikde, 74 we 19 medala mynasyp boldular. Şeýle hem türkmen ýaşlary dürli internet bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, mekdep okuwçylary 184 hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary 152 sany baýrakly orunlara we dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular.

Tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderede, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem-de welaýatlarda sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, şeýle hem dynç alyş meýdançalarynda jemi 93 müň 740 çaga dynç aldy.

Saglygy goraýyş ulgamynda görkezijiler barada hasabat bermek bilen, wise-premýer döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 103 göterime deň bolup, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden gelen girdejileriň 113 göterime, derman önümçiliginiň 106 göterime barabar bolandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we wise-premýere ýüzlenip, onuň ünsüni ýurdumyzyň sportuny ösdürmek meselesine çekdi hem-de dünýäde biziň döwletimiz ýaly sporty ösdürmäge şeýle köp möçberde serişde goýberýän hiç bir ýurt ýok bolsa gerek diýip belledi. Ýurdumyzyň her etrabynda we şäherinde hem-de paýtagtymyzda sport mekdepleri we zallary guruldy diýip, milli Liderimiz aýtdy. Diňe bir Olimpiýa sport toplumynyň özüne örän köp möçberde maliýe serişdeleri goýberildi. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, daşary ýurtlardan tälimçileri çagyrmaga hem rugsat berlendigini aýtdy. Emma, muňa garamazdan, ýaramaz ýolbaşçylyk edilendigi we türgenleri taýýarlamagyň pes derejede guralandygy sebäpli, gynansak-da, Braziliýada geçen Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň ýygyndy topary oňat netijeleri gazanyp bilmedi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyewe bu ýagdaýy seljerip, ýurdumyzda sport ulgamyna ýolbaşçylyk etmegi täzeçe guramagy tabşyrdy. Milli Liderimiz sport guramalarynyň işgärler düzümini täzelemek barada hem teklibiň berilmegini aýdyp, sport düzümlerinde uly üstünlikleri gazanmak, Garaşsyz Watanymyzyň at-abraýyny ýokarlandyrmak üçin jany-teni bilen işleýän adamlar ýolbaşçylyk etmelidir diýip belledi.

Soňra wise-premýer “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli meýilnamany işläp taýýarlamak boýunça hasabat berdi. Bu giň gerimli çäräniň çäklerinde, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda okuw mekdeplerinde we mekdebe çenli edaralarda aň-bilim häsiýetli dürli çäreler, maslahatlar, bäsleşikler hem-de beýlekiler geçiriler. Olaryň hemmesi jemgyýetimizde ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga, ýollarda özüňi alyp barmagyň ýokary medeniýetini wagyz etmäge, ýol hereketine her bir gatnaşyjynyň şahsy jogapkärçiligine hem-de onuň howpsuzlygyna düşünmegine gönükdirilendir.

Milli Liderimiz biraýlyk bilen bagly meseläniň üstünde durup geçip, däbe öwrülen bu çäräniň oňyn netijeleri berip, ýurdumyzyň ýollarynda ýol-ulag hadysalaryny azaltmaga ýardam edýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz biraýlygyň barşynda ilatyň, aýratyn-da, ösüp gelýän nesliň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny belläp, oňa dahylly düzümleriň işini utgaşdyrmagy, ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, orta mekdepleriň ähli okuwçylary okuw kitaplary we gollanmalary bilen doly üpjün edildi.

Wise-premýer Bilimler we talyp ýaşlar gününe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berip, her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilýän bu baýramçylyga gabatlanyp, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda çäreleriň ençemesiniň geçiriljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport ýaly ulgamlaryň döwletimiziň hemişe üns merkezinde durjakdygyny aýdyp, innowasion usullary we tehnologiýalary, iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmagy ugur edinmek bilen bu ulgamlarda maksada gönükdirilen özgertmeleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylyna hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, bilim we terbiýeçilik işini has-da kämilleşdirmegi, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň döwrebap bilimleri üstünlikli özleşdirip bilmegi, aň-paýhas mümkinçiliklerini artdyrmagy, öz ukyplaryny we zehinlerini amala aşyryp bilmegi bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer tutuş ulaglar we aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň meýilnamasynyň 115,8 göterim berjaý edilendigini hem-de ösüş depgininiň 103,6 göterime barabar bolandygyny belledi.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýolagçy dolanyşygynyň ösüş depgini 103,1 göterim üpjün edildi.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 7 aýyň dowamynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 102,1 göterime, ýük dolanyşygynda 102,3 göterime we ýolagçy dolanyşygynda 101,4 göterime deň boldy.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 113,6 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe ýurdumyz boýunça 295,1 müň, şol sanda 264,1 müň öýjükli belgi we 31 müň ýerli telefon nokady gurnaldy.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 113,6 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük dolanyşygynda we ýolagçy dolanyşygynda degişlilikde 100,5 göterime we 103,2 göterime deň boldy.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça işleriň meýilnamasy 100,5 göterim ýerine ýetirildi. Ýük dolanyşygy boýunça meýilnama 103,1 göterim hem-de ýolagçy dolanyşygy boýunça meýilnama 113,2 göterim berjaý edildi.

Milli Liderimiz ulag ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine ünsi çekip, ýurdumyzyň demir ýollarynyň durkuny täzelemek, olary halkara ölçeglerine laýyk getirmek boýunça işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda anyk teklipleri taýýarlamagy hem-de Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçiriljek mejlisine hödürlemegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2013-2017-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň konsepsiýasyny amala aşyrmak hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, geçen 7 aýyň içinde DIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürýär. Hasabat döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Belarus Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna amala aşyran resmi we iş saparlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistana daşary döwletleriň hökümetleriniň we parlamentleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde saparlar amala aşyryldy. Umuman, şu ýylyň dowamynda ýurdumyza DIM-niň üsti bilen daşary ýurt wekiliýetleriniň 266-sy saparlar bilen geldi. Şol bir wagtda daşary ýurtlara türkmen wekiliýetleriniň 566-sy ugradyldy. Türkmenistanda we daşary ýurtlarda çäreleriň, şol sanda maslahatlaryň, seminarlaryň, duşuşyklaryň 116-sy geçirildi. Olar netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam edip, ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýär.

Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleri yzygiderli geçirmegi dowam etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýylyň başyndan bäri degişli ugurda resmi duşuşyklaryň 23-si, bilelikdäki hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 9-sy we işewürler maslahatlarynyň 11-si geçirildi. Olaryň işi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hem-de ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde, 29-30-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu sapar däbe öwrülen dostlukly, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berer.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz bilen GFR-iň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Geçen ýyllaryň içinde köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly syýasy binýady döredildi, Halkara resminamalarynyň 33-si onuň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny düzýär. 2008-nji ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GFR-e amala aşyran ilkinji resmi sapary türkmen-german gatnaşyklarynyň taryhynda şanly waka boldy. Häzir biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde üstünlikli gatnaşýarlar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary hem işjeň giňeldilýär, onda türkmen-german bilelikdäki hökümetara iş toparynyň işine möhüm orun berilýär. Bu toparyň 6-njy mejlisi 2016-njy ýylyň aprelinde Berlinde geçirildi. Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýet gününiň, biziň ýurdumyzda bolsa Germaniýanyň Ykdysadyýet gününiň geçirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmekde oňyn ýagdaý bolup durýar. Şu ýylyň maýynda Waldorf nemes şäherinde “Türkmenistan-Germaniýa: innowasion tehnologiýalar güni” atly maslahat geçirildi. Nemes kompaniýalarynyň onlarçasy ýurdumyzda öz şahamçalaryny we wekilhanalaryny açdylar.

Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklar sazlaşykly ösdürilýär. Saglygy goraýyş, lukmançylyk ylmy we tejribesi babatda köp ýyllyk gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň däbe öwrülen ugry bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna boljak iş saparynyň jemleri boýunça netijeli türkmen-german hyzmatdaşlygyny onuň ileri tutulýan ugurlarynda has-da berkitmäge ýardam etjek resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, döwlet Baştutanymyzyň 3-4-nji sentýabrda Gyrgyz Respublikasyna boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Olaryň hatarynda Gyrgyzystan bolup, onuň Çolponata şäherinde 3-8-nji sentýabrda däbe öwrülen Bütindünýä çarwadarlarynyň oýunlary –sportuň etniki görnüşleri boýunça halkara sport ýaryşlary geçiriler. Garaşylyşy ýaly, sportuň 26 görnüşi boýunça bäsleşikleri öz içine alýan bu iri medeni-sport forumy dünýä ýurtlarynyň 53-sinden wekiliýetleri birleşdirer. Sportuň dört görnüşi – türkmen milli göreşi, guşakly göreş, gyrgyz we gazak göreşi boýunça ýaryşlara ýurdumyzyň topary gatnaşar.

Mundan başga-da, Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň geljekde hem oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugruny üýtgewsiz durmuşa geçirjekdigini belledi. Bu hyzmatdaşlyk sebitde we dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň ugry boýunça ösdürmek bilen ýurdumyz geljekde-de häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy göz öňünde tutýar.

Milli Liderimiz geljek hepdede GFR-e boljak iş sapary bilen bagly meselä ünsi çekmek bilen, Türkmenistanyň Ýewropanyň iri döwletleriniň biri bolan Germaniýa Ýewropa Bileleşigi bilen sazlaşykly ösýän gatnaşyklarynyň çäklerinde uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Germaniýa Federatiw Respublikasy ýurdumyzyň möhüm işewür hyzmatdaşlarynyň biri bolup, onuň bilen gatnaşyklar dostlukly häsiýete eýe bolup durýar hem-de ynanyşmak we özara bähbitlere hormat goýmak ýörelgelerinde guralýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hatarynda dürli ugurlarda bilelikde işlemegiň köp ýyllyk üstünlikli tejribesi bardygyny, ony mundan beýläk-de ösdürmek möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz döwletara gatnaşyklarynyň okgunly depginini kanagatlanma bilen belläp, wise-premýere türkmen-german gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypany ýazjak GFR-e iş saparyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystana meýilleşdirilen iş saparyna taýýarlyk görmek meselesine geçip, türkmen hem-de gyrgyz halklaryny dostlukly gatnaşyklaryň we taryhy kemala gelen medeni däpleriň umumylygy birleşdirýändigini, häzir olaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bir hatarda, Türkmenistan hem-de Gyrgyz Respublikasy ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge uly üns berýärler, bu bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gyrgyzystana boljak iş saparyna taýýarlyk görmegiň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny açmak hakynda” Permana hem-de “Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça milli utgaşdyryjy edarany bellemek hakynda” Karara gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Nurberdiýewi Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesine bellemek hakynda degişli Karara gol çekdi.

Bulardan başga-da, milli Liderimiz 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde makullanan “Pariž ylalaşygyna” hem-de “Howa gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň Hökümetiniň arasyndaky ylalaşyga” Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar bermek hakynda Buýruklara gol çekdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli kanunçylygy umumy kabul edilen ülňülere we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň 7 aýynda milli parlamentiň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de Ýaşulularyň maslahatyna taýýarlyk görlüşiniň barşy barada habar berdi.

2016-njy ýylyň başyndan bäri döwürde üç maslahat geçirilip, olarda Türkmenistanyň 58 Kanuny we Mejlisiň 54 Karary kabul edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryndan Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine goşmaçalary hem-de üýtgetmeleri girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri jikme-jik öwrenmek işleri dowam edýär. Täze kabul edilýän kanunlary we beýleki kanunçylyk namalary ilat arasynda wagyz etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, özygtyýarly Türkmenistanyň döwlet gurluşynda toplan oňyn tejribelerini netijeli peýdalanmak babatda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy taýdan ösdürmegiň öňde goýlan wezipelerini çözmekde, başy başlanan giň möçberli özgertmeleri we demokratiýalaşdyrmak işini mundan beýläk-de öňe ilerletmekde milli parlamentiň örän möhüm ornuny nygtap, döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň yzygiderli ýerine ýetirilmegine, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny has-da depginli ösdürmäge gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamaga örän döredijilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iň oňat dünýä tejribesini öwrenmäge, parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky möhüm waka – Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna taýýarlyk görlüşiniň meselesine degip geçip, ählihalk forumyny örän ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hökümet mejlisini jemlemek bilen, şu ýylyň 7 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň, umuman, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, ykdysadyýetimizi senagat taýdan, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen ähli maksatnamalarymyzyň, käbir kemçiliklere garamazdan, üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýändigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidenti aýry-aýry kärhanalarda işleriň depginini güýçlendirmegiň gerekdigini aýtdy. Olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň üstünde köp işlemeli. Häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmaly. Milli Liderimiz halkara bazarlaryny netijeli özleşdirmeli we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyryp, köpräk walýuta serişdelerini gazanmaly diýip belledi.

Biz häzir ähli tagallany ýurdumyzy ösdürmegiň uzak möhlete gönükdirilen strategiýasyny durmuşa geçirmäge jemlemelidiris. Bu strategiýa senagat taýdan ýokary derejede ösen ykdysadyýeti döretmegi göz öňünde tutýar. Tebigy serişdelerimizi ýerlemäge bagly bolmadyk şeýle ykdysadyýet bolsa, öňdebaryjy tehnologiýalara, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryna esaslanýar. Bu bolsa, biziň baş maksadymyz bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemlemek bilen, hökümetiň ähli agzalaryna Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.