Ï Türkmenistan — GFR: hyzmatdaşlyga täze çemeleşmeler we mümkinçilikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — GFR: hyzmatdaşlyga täze çemeleşmeler we mümkinçilikler

view-icon 960
29-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary başlanýar.

Şu gezekki saparyň maksatnamasyna möhüm duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň birnäçesi, şol sanda GFR-iň Federal kansleri Angela Merkel bilen duşuşygy hem öz içine alýan möhüm çäreler girýär. Öňde boljak gepleşikler soňky ýyllarda işjeň häsiýete eýe bolýan döwletara gatnaşyklarynyň barha ösdürilýändiginiň subutnamasy bolar, bu gatnaşyklaryň okgunly ösüşi däp bolan hyzmatdaşlyga taraplaryň özara ygrarlydygyny tassyklaýar.

Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň tejribesi ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga döwletleriň ikisiniň hem uly gyzyklanma bildirýändiginiň mysaly bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýedigine ýyl-ýyldan barha ösdürilýän söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy, lukmançylyk we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlyk hem güwä geçýär. Bu sapara gabatlanyp, 29-njy awgustda Berlinde geçiriljek türkmen-german işewürler maslahaty döwletara gepleşiklerine täze depgin berilmegine ýardam eder, oňa gatnaşmak üçin GFR-iň işewürlik toparlarynyň wekilleri çagyryldy, olar geljegi uly, okgunly ösýän türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga ýokary gyzyklanma bildirýärler, muňa ýurdumyzda nemes kompaniýalarynyň onlarçasynyň öz şahamçalaryny hem-de wekilhanalaryny açandyklary hem şaýatlyk edýär.

Dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň biri bolan Germaniýa Federatiw Respublikasy häzirki wagtda Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň hataryna girýär. Bu ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gerimi örän giňdir we munuň özi ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen daşary ýurt tejribesini işjeň ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nazara alanyňda kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Garaşylyşy ýaly, işewürlik duşuşygynyň çäklerinde taraplar bilelikdäki işleriň netijesinde toplanylan tejribäni hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän uly mümkinçiliklerini herekete getirmegiň zerurdygyny nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine umumy çemeleşmeleri kesgitlär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirerler.

Şeýle işewürlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmegiň has netijeli usuly bolup hyzmat edýär.

Nobatdaky türkmen-german duşuşygyna köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň agza ýurtlary bilen ÝHHG we BMG ýaly iri halkara guramalarynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde garamak bolar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä meseleleri babatynda garaýyşlary ýakyn bolan ýurtlaryň ikisi hem häzirki döwrüň ykdysady we durmuş taýdan ösüş, ekologiýa hem-de azyk howpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreş ýaly möhüm meseleleri öz içine alýan wezipeleri çözmekde tagallalaryny birleşdirýär.

Berlinde geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikler iki dostlukly ýurduň möhüm ugurlaryň ählisi boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekde tagallalarynyň üstünlige beslenmegine, türkmen-german gatnaşyklarynyň täze tapgyryna kuwwatly itergi berilmegine ýardam eder.