Şu günler “Sinhua” habarlar agentliginiň seljeriş merkeziniň direktory Szýao Sýufeniň ýolbaşçylygynda Hytaý Halk Respublikasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýurdumyzda iş sapary bilen bolýar, olar “Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça bütindünýä syýahatçylygy” taslamasynyň çäklerinde degişli maglumatlaryň, şol sanda Türkmenistanyň barha ösýän syýahatçylyk mümkinçilikleri hakyndaky maglumatlary taýýarlaýarlar.
Saparyň barşynda žurnalistler “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäge baryp gördüler, bu ýerde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde gorlaryň möçberi boýunça ägirt uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça iri taslamany durmuşa geçirýär.
Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekiliýetiniň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasy çärelere baýdyr, olar Mary welaýatyndaky taryhy ýadygärliklere, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp künjeklerine baryp görerler. Saparyň jemleri boýunça wideogörnüşli reportažlary, şol sanda atşynaslyk sungatyna hem-de ahalteke bedewlerine bagyşlanan dürli habarlary taýýarlamak göz öňünde tutulýar, bu bedewler, hakykatdan-da, türkmen halkynyň bahasyz baýlygydyr hem-de milli buýsanjydyr. Rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň gadymy tohumy Hytaýda hem giňden bellidir, bu ýerde olary “asman bedewleri” diýip atlandyrýarlar, muňa biziň döwrümize çenli ýetip gelen köp sanly taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär.
Hytaý žurnalistleriniň ýurdumyza şu gezekki sapary dostlukly ýurduň okyjylarynyň millionlarçasynyň okgunly ösýän Türkmenistana, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan oňyn içeri we daşary syýasata, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän özgertmelere ägirt uly gyzyklanma bildirýändikleriniň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, däp bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň binýady baryp, gadymy döwürlerde tutulypdyr hem-de mundan iki müň ýyldan gowrak ozal Gündogaryň we Günbataryň siwilizasiýalaryny özara baýlaşdyryp, sebitiň ýurtlaryny söwda we ynsanperwer babatda ýakyndan baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly netijesinde has anyk häsiýete eýe boldy. Bu tejribe häzirki döwürdäki özara ynamyň we hormatyň, dürli ulgamlarda bähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn netijesiniň ýokary görkezijilerini alamatlandyrýan strategiki häsiýetli ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem öz içine alýar.
Ýokary derejedäki türkmen-hytaý duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi köpugurly döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine ýardam edýär, gazanylan köp sanly ylalaşyklar okgunly ösýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi hem-de oňa kuwwatly itergi berdi.
Häzirki döwrüň ählumumy energiýa howpsuzlygynyň binýadyny döretmäge uly goşant goşýan ýurtlaryň ikisi hem möhüm ugurlar, şol sanda strategiki häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär, muňa Hytaýy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen birleşdirýän energetika köprüsine öwrülen XXI asyryň örän iri taslamasy – yklymda iň uzyn Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň amala aşyrylmagy hem şaýatlyk edýär. Dünýäde örän iri gaz geçirijileriniň biri bolan bu taslama gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşly nyşanyna öwrüldi, bu ugur müňýyllyklardan soň hem iki ýurduň dostlugyny pugtalandyrýar we tutuş sebitiň ykdysady ösüşine oňyn ýardam edýär.
Şeýlelikde, iş saparynyň çäklerinde toplanylan maglumatlar esasynda taýýarlanylmagy göz öňünde tutulýan wideogörnüşli reportažlar tapgyry taryhy döwürde Türkmenistanyň öňünde durýan belent maksatlar we wezipeler bilen daşary ýurtly tomaşaçylary hem-de okyjylary diňe bir tanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, iki ýurduň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berer.