Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň sekizinji mejlisine hem-de onuň çäklerinde geçirilýän işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2016-njy ýylyň 31-nji awgusty — 3-nji sentýabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolarlar.