Ï Aşgabatda «Türkmengurluşyk — 2016» halkara sergisi geçýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Türkmengurluşyk — 2016» halkara sergisi geçýär

view-icon 922
Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda 27-nji awgustda “Türkmengurluşyk — 2016” halkara sergisiniň we “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Gurluşyk ulgamynda täzeçil usullara, ýokary tehnologiýaly işläp taýýarlamalara bagyşlanan ykdysady gözden geçiriliş indi türkmen paýtagtynda sekizinji gezek geçirilýär. Ony ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni hem-de “Netorganization” kompaniýasy bilelikde gurady.

Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş guramalarynyň, gurluşyk pudagyna degişli kompaniýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, Aşgabatda açylýan sergi ýurdumyzyň hünärmenleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan foruma gatnaşyjylar bilen özara bähbitli ylalaşygy gazanmak üçin örän ähmiýetlidir.


Ykdysady gözden geçirilişiň ýurdumyzyň kompaniýalary we daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin ähmiýetlidigini bellemeli, çünki ýurdumyzda gurluşyk ulgamyna ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Iri önümçilik kärhanalarynyň taslamalary, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy amala aşyrylýar. Gurluşyk ulgamyna giň gerim berilmegi netijesinde, soňky ýyllarda Merkezi Aziýa sebitiniň binagärlik merjeni hasaplanýan ak mermerli Aşgabadyň binаgärlik keşbi düýpgöter özgerdi. Ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde hem-de etraplardaky ilatly ýerlerde senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dünýä ülňülerine laýyk derejede batly depginlerde dowam edýär.


Bellenilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde, Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, geçen döwürde suw arassalaýjy we lagym desgalarynyň 25-siniň, durmuş maksatly desgalaryň 78-siniň, 808,7 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem degişli inženerçilik-tehniki ulgamlaryň gurluşygy alnyp baryldy. Häzirki döwürde desgalaryň 203-siniň gurluşygy tamamlandy. 117 desgada bolsa gurluşyk işleri dowam edýär. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 28,9 milliard manada deň boldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,3 göterim ýokarlandy.


Bu gezekki sergä 122-den gowrak kompaniýa gatnaşýar. Olaryň hatarynda dünýäniň 16 döwletinden daşary ýurt kompaniýalarynyň 90-dan gowragy bar. Olaryň ýaryndan gowragynyň Aşgabatda geçirilýän ykdysady sergä ilkinji gezek gatnaşýandygy sazlaşykly ösüş ýoluna düşen türkmen bazarynda netijeli hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu gezekki gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň hatarynda ýurdumyz bilen öňden gatnaşyk edýän hyzmatdaşlaryň bardygy bellärliklidir. Olaryň hatarynda ABŞ-dan, Russiýadan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, Ispaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Eýrandan, Wengriýadan, Polşadan, Gazagystandan, Belarusdan we Ukrainadan gelen kompaniýalar bar.

Türkmenistandan bu foruma gatnaşýan guramalaryň we kompaniýalaryň sany 30-a golaýdyr. Olar ugurdaş pudaklaryň düzümine girýän edaralardan we hususy şereketlerden ybaratdyr. Ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda işewürlik pudagynyň orny ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Diýarymyzda amala aşyrylýan döwlet syýasaty netijesinde, telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzda netijeli iş alyp barmak üçin oňaýly şertler üpjün edilýär.


Şeýle hem “Ajaýyp bina”, “Ussat Inžener”, “Myradym”, “Dor Bedew”, “Dürli Ýaz”, “Ojar Aziýa” ýaly we beýleki hususy kompaniýalar öz bölümlerinde ýerine ýetirilen we geljekki taslamalary görkezdiler. Olar paýtagtymyzda we sebitlerde birnäçe ýaşaýyş jaýlaryny hem-de önümçilik desgalaryny gurdular. Sergide “Ak hünji”, “Çaly”, “Ak Ýaýla” ýaly ýurdumyzyň önüm öndürijileri we gurluşyk serişdelerini getirýän kompaniýalar we beýleki ugurdaş firmalar öz işlerini görkezdiler.

Ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurt kompaniýalarynyň bölümleri uly gyzyklanmalara eýe boldy. Olar Türkmenistanda birnäçe iri taslamalary ýerine ýetiren kompaniýalardyr. Olaryň hatarynda “Büig”, “Polimeks”, “Gap Inşaat”, “Nata” we beýleki kompaniýalar bar.

Innowasion enjamlar, metal gurnamalar, üçek serişdeleri, şeýle hem ýol düzümine degişli materiallary öndürýän kompaniýalaryň önümleri ykdysady gözden geçirilişe gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Gazagystanyň wekilleriniň bölüminde birnäçe öňdebaryjy kompaniýalaryň önümleriniň giň görnüşi görkezilýär. “Mogilýewliftmaş” kärhanasynyň önümçiligindäki täze işläp taýýarlamalary sergide möhüm orun eýeleýär. Onuň ýany bilen Russiýadan gelen ýol gurluşykçylaryň teklipleri we taýýarlan taslamalary görkezilýär.

Şeýle hem sergide Ýewropanyň birnäçe firmalary ýurdumyzyň bazarlary üçin niýetlenen önümlerini görkezdiler. Şunlukda, Ispaniýanyň “Talleres Felipe Verdes” firmasy gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi üçin enjamlary, “Herz armaturen” nemes kompaniýasy metal önümlerini, “Henkel” kompaniýasy bezeg serişdelerini görkezdi.


Mundan başga-da, sergide dürli ugurdaky we çylşyrymly taslamalar üçin serişdeleri hem-de potratçylary seçip almak mümkinçiligi döredildi. Türkiýäniň “Tekin Iunapark” kompaniýasy oýun toplumlary üçin enjamlary hem-de attraksionlary, Hytaýyň “Sinoway” we Eýranyň “Khorasan steel” kompaniýasynyň metal gurnamalary, “Dongfe Yike panel» kompaniýasynyň täzeçil üçek serişdeleri serginiň myhmanlarynyň garamagyna hödürlendi.

Giň möçberli serginiň çäklerinde geljegi uly maýa goýum taslamalary görkezildi we ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň degişli teklipleri öňe sürüldi. Bu ýerde binagärlik we gurluşyk pudagynda iň täze işläp taýýarlamalar hem-de tehnologiýalar görkezildi. Olaryň hatarynda ýol gurluşygyna degişli dürli tehnikalar we ýöriteleşdirilen enjamlar bar. Bölümleriň köpüsinde paýtagtymyzyň geljekki ösüş ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän diwarlyklar ýerleşdirilipdir. Bu gün ýurdumyzyň şäherleri we obalary sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Şunda täzeçil inženerçilik-gurluşyk tehnologiýalaryna we usullara aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagyna hem-de öňdebaryjy tejribeleriň alşylmagyna bagyşlanan “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahata öňdebaryjy kompaniýalaryň ugurdaş düzümleriniň bilermenleri we wekilleri gatnaşdy. Dünýäniň onlarça ýurdunyň wekilleriniň eden çykyşlary bu ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesine bagyşlanyldy. Ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda işleýän kärhanalaryň we düzümleriň 21-siniň wekilleriniň çykyşlarynda gurluşyk pudagynyň gazanan üstünlikleri, ýeten derejesi barada gürrüň berildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň pikirine görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan we ilatyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine çuňňur oýlanyşykly çemeleşilýär. Bellenilişi ýaly, şunuň ýaly pudaklaýyn forumlaryň yzygiderli geçirilmegi giň dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň, aýratyn-da, onuň gurluşyk pudagynyň ýeten derejesi bilen tanyşdyrmaga, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de hemmetaraplaýyn esasda giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Binagärlik we gurluşyk babatda netijeli gepleşikler üçin oňat mümkinçilige öwrülen ykdysady gözden geçiriliş täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýar hem-de geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde iň döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna giň ýol açar. Sergi öz işini 29-njy awgustda tamamlaýar.