Ï Türkmenistanyň Prezidenti «Airbus Group» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti «Airbus Group» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 851
Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Airbus Group” kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça wise-prezidenti jenap Maruan Laudy kabul etdi.

Işewür ynanyşmak hem-de özara bähbitli esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän we giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen oňyn syýasatynyň Ýewropanyň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewür toparlarynyň Türkmenistana bolan gyzyklanmalarynyň ýyl-ýyldan artmagynyň şertlendirilendigini belledi.

“Airbus Group” kompaniýasynyň wise-prezidenti ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň möçberine we depginine ýokary baha berip, daşary ýurt kompaniýalarynyň sazlaşykly ösýän türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini hem-de Türkmenistany ägirt uly serişde we ykdysady mümkinçilikleri bolan geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandyklaryny, daşary ýurt işewürler üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini kanagatlanma bilen nygtady.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň dürli ulgamlarda iň täzeçil işläp taýýarlamalary hödürlemäge ukyply dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, Ýewropanyň iri konsernleriniň biri bolan “Airbus Group” kompaniýasynyň düzümine awiasiýa, kosmonawtika, goranyş we şolar bilen garyşyk pudaklarda ýöriteleşdirilen birnäçe kompaniýalar girýär.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, işewür Germaniýa bolan bu gezekki saparyň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, Ýewropanyň öňdebaryjy ýurtlarynyň Türkmenistana bolan ýokary gyzyklanmalarynyň türkmen Lideriniň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna açyk syýasatynyň ykrar edilýändiginiň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan ýurdumyza gyzyklanmalarynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň subutnamasydygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Airbus Group” kompaniýasynyň wise-prezidenti birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň uzakmöhletleýin özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynam bildirdiler.