Ï Türkmenistanyň Prezidenti «Deutsche Bank AG»-niň wekillerini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti «Deutsche Bank AG»-niň wekillerini kabul etdi

view-icon 778
Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Deutsche Bank AG”-niň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy, maliýe meseleleri boýunça müdiri jenap Markus Şenki, “Deutsche Bank AG”-niň Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça ýerine ýetiriji direktory Piter Tilsi we bankyň baş geňeşçisi Ýurgen Fitçeni kabul etdi.

Myhmanlar ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, Germaniýanyň iri maliýe düzümi bolýan “Deutsche Bank AG”-niň sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen ýola goýlan köpýyllyk hyzmatdaşlyga buýsanýandyklaryny we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen deňhukuklylyk we uzakmöhletleýin esasda ýola goýlan gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen daşary syýasat ugruny alyp barýandygyny belläp, şunda iri maýa goýumlaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, Germaniýanyň döwrebap tehnikalarynyň we enjamlarynyň çekilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz işjeň hyzmatdaşy bolan öňdebaryjy nemes kompaniýalarynyň, bu iri nemes bankynyň birnäçe ýyllaryň dowamynda wajyp milli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary hakynda pikir alyşmalar boldy.

Şunuň bilen baglylykda, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, “Deutsche Bank AG”-niň uzakmöhletleýin esasda iki döwletiň bank düzümleriniň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary berkitmäge bolan meýli beýan edildi.

Duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky giň möçberli taslamalara nemes maýadarlarynyň çekilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Hususan-da, Markus Şenk nemes işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda ornuny pugtalandyrmaga, işewür gatnaşyklary berkitmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdi. Munuň özi Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwaty bilen şertlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna şunuň ýaly netijeli çemeleşmeler üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki döwürde netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda myhmanlar döwlet Baştutanymyza “Deutsche Bank AG”-ne bildirilýän ynam üçin hoşallyk bildirip, deňhukukly we özara bähbitli esasda ýola goýlan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň berkidilmegi ugrunda mundan beýläk-de zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.