Ï Türkmenistanyň Prezidenti «Cifal Group» kompaniýasynyň baştutanyny we «ILF Consulting Engineers» kompaniýasynyň esaslandyryjysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti «Cifal Group» kompaniýasynyň baştutanyny we «ILF Consulting Engineers» kompaniýasynyň esaslandyryjysyny kabul etdi

view-icon 914
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde “Cifal Group” kompaniýasynyň baş direktory Žil Remini we “ILF Consulting Engineers” halkara kompaniýasyny esaslandyryjy Adolf Faýslmaýeri kabul etdi.

Myhmanlar ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýewropanyň işewür düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine bolan netijeli çemeleşmeleri üçin sagbolsun aýtdylar.

Türkmenistanyň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasaty, ýurduň ägirt uly ykdysady kuwwaty we amatly maýa goýum şertleri dünýä işewürliginiň, şol sanda Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, durmuş-ykdysady ösüşinde ylmy-tehniki gazanylanlara, täzeçil tehnologiýalara esaslanýan Türkmenistanyň Ýewropanyň işewür düzümleriniň wekilleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde ykrar edilen “Cifal Group” we “ILF Consulting Engineers” kompaniýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de işewürler Türkmenistanda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, bilelikdäki işleriň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda, senagat pudagynyň köpugurly esasda ösdürilmegine, düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna ähmiýet berilýär. Ýangyç-energetika toplumy, düzümleýin desgalaryň taslamalaryny taýýarlamakda we olaryň gurluşygynda maslahat beriji hyzmatlary ýola goýmak babatda, ulag pudagy, hususan-da, raýat awiasiýasy ulgamynda ýola goýulýan gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Jenap Žil Remi “Cifal Group” kompaniýasynyň täze maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirmek ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda işewürler wagt tapyp, kabul edendigi we bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, Türkmenistanyň we onuň halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlik arzuw etdiler.