Ï Türkmenistanyň Prezidenti «Siemens AG» kompaniýasynyň wekillerini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti «Siemens AG» kompaniýasynyň wekillerini kabul etdi

view-icon 938
Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Siemens AG” kompaniýasynyň wise-prezidenti, kompaniýanyň Russiýa boýunça prezidenti Ditrih Mýolleri hem-de “Siemens AG” kompaniýasynyň energetika we gaz boýunça ýerine ýetiriji direktory Willi Meýksneri kabul etdi.

Myhmanlar wagt tapyp, kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň GFR-e bu gezekki saparynyň möhümdigini bellediler. Munuň özi iki ýurduň ählumumy gyzyklanmalaryň bähbidine uzakmöhletleýin, ynanyşmak esasyndaky hyzmatdaşlygyň, şol sanda Germaniýanyň we ýurdumyzyň işewürliginiň gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Bellenilişi ýaly, Germaniýanyň işewür toparlary ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş depginleri gazanýan we özüniň oňyn, döredijilik syýasaty bilen tutuş dünýäde belli bolan Türkmenistan bilen söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga hemişe taýýardygyny belläp, ýurdumyzyň senagat taýdan okgunly ösüşiniň milli ykdysadyýetimize ýokary önümçilik tehnologiýalarynyň we döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagyny talap edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýä işewürliginiň wekilleri, şol sanda ösen bazar ykdysadyýeti, täzeçil tehnologiýalary we senagatyň köp sanly pudaklary üçin zerur enjamlary ugradyjy ýurt bolan Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda özara peýdaly gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy we bilelikdäki täze taslamalar, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda bilelikdäki işler hakynda teklipler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň köp sanly saglygy goraýyş edaralarynyň enjamlaşdyrylmagyna gatnaşýan nemes hyzmatdaşlarynyň goşandyny belledi. Döwlet Baştutanymyz munuň ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini täze, ýokary halkara derejelerine çykarmaga mümkinçilik berendigini aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen tarapy Germaniýanyň “Siemens AG” hem-de beýleki öňdebaryjy kompaniýalarynyň, iri ylmy we lukmançylyk merkezleriniň milli saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär.

Jenap Ditrih Mýoller hem-de jenap Willi Meýksner “Siemens AG” kompaniýasynyň halkara giňişliginde ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen ýola goýlan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga buýsanýandyklaryny belläp, ýakyn wagtda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň umumy bähbitlere laýyk gelýän täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.