Ï Türkmenistanyň Prezidenti «Cargolux» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti «Cargolux» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 854
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde “Cargolux” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti we maliýe direktory Maksim Ştrausy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp, kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň, şol sanda Lýuksemburgyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdi. Şunda ýewropaly hyzmatdaşlaryň durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini gazanýan we durmuş ulgamlarynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýeten ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine gyzyklanmalarynyň ýokarydygy bellenildi.

Jenap Maksim Ştrausyň pikirine görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň syýasaty we oňyn başlangyçlary boýunça sebit we halkara ähmiýetli iri möçberli düzümleýin taslamalar durmuşa geçirilýär, dürli ulgamlarda, şol sanda halkara awia gatnawlarynda netijeli gatnaşyklar üçin amatly şertler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ulag pudagynyň kämilleşdirilmegi, ilkinji nobatda bolsa, awiasiýa pudagynyň düzümleriniň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýär. Şunda içerki we halkara ugurlarynda ýolagçy gatnadylmagyna we ýük daşalmagyna möhüm orun degişlidir. “2012—2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde täze howa menzilleriniň gurluşygy we ozal bar bolanlarynyň, hereket edýän terminallaryň, inžener-tehniki maksatly desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna, awiaparkyň üstüniň iň häzirki zaman uçarlary bilen ýetirilmegine, täze içerki we ykdysady taýdan bähbitli halkara howa gatnawlarynyň açylmagyna üns berilýär.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de myhman ykdysady taýdan bähbitli we uzakmöhletleýin esasda ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, “Cargolux” awiakompaniýasy Ýewropada iri ýük daşaýan düzümleriň biri bolan 60-dan gowrak ugur boýunça uçuşlary, şol sanda Türkmenbaşy şäherine çarter gatnawlaryny amala aşyrýar. Şu ýylyň iýun aýynda bu kompaniýa ýurdumyzyň paýtagtyna ýük daşamagy ýola goýdy.

Geografiýa taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklerine eýedir, hut şoňa görä-de, ýurdumyz Ýewraziýa halkara ýük gatnatmalaryň ägirt uly bölegini özünde jemleýär we kompaniýa gatnawlaryň sanyny her hepdede iki esse köpeltmäge taýýardyr. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Lýuksemburgyň Beýik Gersoglygynyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen howa gatnawlary hakyndaky täze Ylalaşyk ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegine ýardam eder.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Cargolux” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny Aşgabadyň täze Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlar aýdyp, Türkmenistan bilen ÝB-niň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.