Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “SAP” kompaniýasynyň Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça prezidenti jenap Ştefan Hohbaueri kabul etdi.
Ýewropanyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp, kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Germaniýanyň işewür düzümleriniň, aýratyn-da, “SAP” kompaniýasynyň sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin işewür gatnaşyklary ýola goýmaga hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň oňyn tejribesini we täzeçil tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda Ştefan Hohbauer türkmen Lideriniň Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça öňe süren giň möçberli ykdysady taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine “SAP” kompaniýasynyň gyzyklanmalaryny alamatlandyrýan birnäçe teklipleri beýan etdi. Häzirki döwürde “SAP” kompaniýasynyň 1972-nji ýylda Germaniýada esaslandyrylan “Systems Analysis and Program Development” (ulgamlaýyn seljeriş we maksatnama işläp taýýarlamak) pudagara üpjünçilik maksatnamasyny onlarça müň kompaniýalar öz işlerinde ulanýarlar. Olaryň hatarynda bütin dünýäde iri korporasiýalardan başlap, orta we kiçi telekeçilige degişli kärhanalar hem bar.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda GFR-iň Waldorf şäherinde Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň 30-synyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Türkmenistan—Germaniýa: innowasion tehnologiýalaryň güni” atly çäre geçirildi. Forumyň barşynda “SAP” kompaniýasynyň Gamburg deňiz menziliniň maksatnamalaýyn üpjünçiliginiň mysalynda port düzümini netijeli dolandyrmak boýunça täzeçil çözgütleri öz içine alýan taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menzilini täze elektron ulgam bilen üpjün etmek boýunça anyk teklipler, kompaniýanyň ýokary maglumat tehnologiýalaryny, şol sanda elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak, önümçilik işlerini, barlag taslamalaryny dolandyrmak ulgamyndaky tejribeleri öňe sürüldi.
Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we işewürligi dolandyrmak üçin maksatnamalaýyn çözgütleri işläp taýýarlaýjylaryň arasynda dünýä boýunça öňdebaryjy hökmünde ykrar edilen kompaniýanyň mümkinçiligini nazara almak bilen, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Ştefan Hohbaueri Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahata gatnaşmaga çagyrdy, bu forum Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde şu ýyl Aşgabatda geçiriler.
Duşuşygyň ahyrynda nemes işewüri milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna bagt, abadançylyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň häsiýetli aýratynlygyna öwrülen ägirt uly özgertmeleriň ýolunda üstünlik arzuw etdi.