Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde Germaniýanyň Federal ykdysadyýet we energetika ministrliginiň döwlet parlament sekretary jenap Uwe Bekmaýeri kabul etdi.
Jenap Uwe Bekmaýer wagt tapyp, kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň türkmen-german gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazjakdygyna ynam bildirdi. Fedaral ykdysadyýet we energetika ministrliginiň wekiliniň belleýşi ýaly, Germaniýa türkmen Lideriniň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini esasy ugur edinýän täzeçil syýasatyny uly gyzyklanma bilen kabul edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanyň birek-birege hormat goýmak we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan, däp bolan dostluk gatnaşyklaryny ýola goýýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşydygyny aýratyn belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikler iki ýurduň halklarynyň bähbidine doly möçberde durmuşa geçirilmelidir.
Duşuşygyň dowamynda häzirki döwürde ähli şertler hem-de mümkinçilikler arkaly ösdürilýän türkmen-german hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy hem-de geljekki ugry hakynda netijeli pikir alyşmalar boldy. Döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistanyň we GFR-iň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny nazara alyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilmelidigini bellediler.
Milli Liderimiz we Germaniýanyň Federal ykdysadyýet we energetika ministrliginiň wekili soňky ýyllarda täze mazmun bilen baýlaşdyrylýan köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, bilelikdäki işewür duşuşyklaryň hem-de beýleki forumlaryň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetlidigini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, şeýle çäreler ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin netijeli binýat bolup durýar we döwlet hem-de telekeçilik düzümleriniň arasynda täze işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam berýär.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýangyç-energetika toplumy, himiýa senagaty, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk toplumy, oba hojalygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy hyzmatdaşlygyň wajyp ugry bolup durýar.
Maliýe pudagynda, Germaniýanyň ýokary öndürijilikli tehnikalaryny Türkmenistana ugratmak babatda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri söhbetdeşligiň özenini düzdi. Bellenilişi ýaly, ösen tehnologiýalar babatda dünýäde öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan Germaniýa öz tejribesini, täzeçil, ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny teklip etmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryndaky täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Germaniýanyň Federal ykdysadyýet we energetika ministrliginiň döwlet parlament sekretary jenap Uwe Bekmaýer türkmen-german gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.