Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklary öz içine alýan bu saparyň maksatnamasy däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegini, türkmen-german hyzmatdaşlygynyň bar bolan mümkinçiliklere laýyk gelýän täze derejä çykarylmagyny şertlendirer. Germaniýa Federatiw Respublikasy Ýewropanyň öňdebaryjy döwletleriniň biridir, Türkmenistan bu ýurt bilen ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, Ýewropa bileleşiginiň çäklerinde hem gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Öz gezeginde GFR hem halkara giňişliginde durnukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýär. Iki ýurduň bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesine we taraplaryň üýtgewsiz erkine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan taýýarlygy häzirki döwürde deňhukukly, işjeň we özara peýdaly türkmen-german gatnaşyklarynyň üstünliklere eýe bolmagyny üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe sagatdan soň Berliniň Türkmenistanyň we GFR-iň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Tegel” halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda Hormat garawulynyň esgerleri hatara durzuldy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy GFR-iň Daşary işler federal ministrliginiň döwlet we resmi saparlar boýunça Departamentiniň başlygy Til Knorn we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Belent mertebeli türkmen myhmanyna gül desseleri gowşuryldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň Federal Kansleriniň dolandyryş binasyna tarap ugrady. Binanyň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Prezidentimizi Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel garşylady.
Birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, döwlet Baştutanymyz we GFR-iň Federal hökümetiniň Baştutany bilelikde binanyň eýwanyna girdiler. Bu ýerde Germaniýanyň Federal Kansleri belent mertebeli türkmen myhmanyny öz ýurdunyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Milli Liderimiz öz gezeginde GFR-iň Federal hökümetiniň Baştutanyny Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Germaniýanyň Federal Kansleri ikitaraplaýyn duşuşyk geçirilýän ýere geldi. Ol dünýäde giňden ýaýran iş duşuşyklary we gepleşikleri görnüşinde nahar başynda geçdi.
Germaniýanyň Federal hökümetiniň Baştutany belent mertebeli myhmanyna üstünlik arzuw edip, türkmen Lideri bilen ýene-de duşuşýandygyna örän begenýändigini aýtdy. Şeýle hem ol ýüzbe-ýüz duşuşykda netijeli we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-german hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň we giň mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, GFR-iň Federal Kansleri öz ýurdunyň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Mähirli kabul edilendigi üçin hanym Angela Merkele minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan Germaniýa bilen birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we netijeli gatnaşyklary giňeltmäge çalyşmak ýörelgelerine esaslanýan özara peýdaly hyzmatdaşlygy, döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär diýip belledi. Ýurtlarymyzyň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin zerur mümkinçiliklere eýedigini belläp, milli Liderimiz bu gezekki duşuşygynyň we onuň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň anyk netijelere gönükdirilen türkmen-german gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Gürrüňdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Federal Kansler Angela Merkel taraplaryň däp bolan gatnaşyklary häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän ýokary derejä ýetirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz we GFR-iň Federal hökümetiniň ýolbaşçysy uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Şu geçen döwürde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde ösdürilýän köptaraply hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly syýasy we kadalaşdyryş-hukuk binýady goýuldy.
Häzirki döwrüň ählumumy meseleleri, ilkinji nobatda bolsa parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagy bilen baglanyşykly esasy meseleler babatda özara düşünişmegiň ýokary derejesi türkmen-german gatnaşyklarynyň okgunly ösüşiniň baş şertini emele getirýär. Germaniýa Federatiw Respublikasy Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny, şeýle hem ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, köpşahaly ulag-üstaşyr düzüminiň döredilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýar. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda öz beýanyny tapdy.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk has-da ýokary derejä eýe boldy. Bu babatda Bilelikdäki türkmen-german iş toparyna möhüm orun degişlidir. Türkmenistan özüniň möhüm işewür hyzmatdaşlarynyň biri bolan Germaniýa guralan sapara möhüm ähmiýet berýär. Öz gezeginde GFR biziň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirýär. Germaniýanyň iri işewür düzümleriniň wekilleri bilen işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Germaniýanyň kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazaryna ilkinjileriň hatarynda gelendigini we olaryň dürli ugurlar boýunça köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýandyklaryny bellemeli. Türkmenistanda ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, onuň köpugurly esasda we täzeçil usulda ösdürilmegine, häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmaga, giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny we möhüm düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Köp sanly belli nemes kompaniýalarynyň biziň ýurdumyzda öz şahamçalaryny we wekilhanalaryny açmagy Germaniýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen we geljegi uly bolan türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny äşgär edýär.
Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleriniň geçirilmegi, biziň ýurdumyzda bolsa Germaniýanyň Ykdysadyýetiniň günleriniň guralmagy özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertini emele getirýär. Şu ýylyň maý aýynda Waldorf şäherinde “Türkmenistan — Germaniýa: innowasion tehnologiýalar güni” ady bilen bu ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen forumyň geçirilendigini bellemeli.
Ýangyç-energetika toplumy gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ägirt uly serişde kuwwatlyklaryna eýe bolan Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlarynyň köpugurly esasda ösdürilmegini, şol sanda onuň Ýewropa ugry boýunça ugradylmagyny nazarlaýar. Bu möhüm pudakda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz ýangyç-energetika toplumynda netijeli hyzmatdaşlygy, energiýa serişdeleriniň halkara bazarlaryna ygtybarly ugradylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen we dünýä bileleşiginiň ählumumy goldawyna, ykrarnamasyna eýe bolan anyk başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan pudagyň gaýtadan işleýän ulgamynyň kuwwatlyklarynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri çykarmak boýunça ýokary tehnologiýaly nebitgaz himiýa önümçiliginiň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýär we nemes hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýär.
Ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler açylýar. Bu ugruň ösdürilmegi geosyýasy taýdan möhüm şert, ählumumy ölçegde durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen kuwwatly utgaşdyryjy güýç bolup durýar. Amatly geografik ýerde ýerleşmek bilen, ýurdumyz möhüm üstaşyr mümkinçilige eýedir. Ol sebitara we halkara möhüm ulag we logistik çatrygy hökmündäki ornuny pugtalandyrmak bilen mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek babatda döredijilik başlangyçlary bu möhüm pudakdaky özara peýdaly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanda degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak, ulag hyzmatdaşlygynyň köpugurly ulgamyny döretmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa nemes hyzmatdaşlary bilen tagallalary utgaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri üpjün edýär.
Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda senagat pudagyny, elektroenergetika, aragatnaşyk ulgamlaryny, oba hojalygyny we beýleki pudaklary görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň Germaniýanyň işewür düzümleriniň ýolbaşçylary bilen saparyň çäklerinde boljak duşuşyklary hem-de nobatdaky bilelikdäki işewür maslahat köpýyllyk söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine itergi berer. Şeýlelikde, däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze belentliklere çykarmak, dürli ugurlarda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin oňaýly mümkinçilikler döredýär.
Ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda özara gatnaşyklaryň, hususan-da, mekdeplerde we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde nemes dilini öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesi esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli bilim ulgamyny ýokary halkara ülňülerine çykarmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen Türkmenistan dünýäniň ösen tejribesiniň we bu möhüm ulgamda öňdebaryjy tehnologiýalaryň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Şunuň bilen birlikde, taraplar netijeli medeni gatnaşyklaryň berkidilmegine üns berýär. Iki ýurduň halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyny, özara dostluk we birek-birege düşünişmek gatnaşyklarynyň ösdürilmegini şertlendirýän dürli bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi möhüm bolup durýar. Şeýle hem sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin oňyn şertler bar.
Saglygy goraýyş ulgamy boýunça özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesi bar. Mälim bolşy ýaly, Germaniýanyň birnäçe öňdebaryjy kompaniýalary ýurdumyzda gurulýan lukmançylyk edaralaryny öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün etmekde netijeli hyzmatdaş bolup durýarlar. Lukmançylyk ylmynda we tejribesinde ýurdumyzyň hem-de Germaniýanyň lukmanlarynyň özara gatnaşyklary, işjeň tejribe alyşmaklary yzygiderli häsiýete eýedir. Türkmenistan we Germaniýa şunuň ýaly netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeň dowam etmäge gyzyklanýar. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri we ylmy işgärleri taýýarlamak netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugurlary bolup durýar.
Durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan, şol sanda suwdan rejeli peýdalanylmagyny üpjün edýän ekologiýa pudagy türkmen-german hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bu ulgamda sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orun eýeleýär we abraýly halkara guramalary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Şunlukda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň, Rio-de-Žaneýro (Braziliýa) şäherinde geçirilen “Rio+20” Bütindünýä sammiti, BMG-niň Sendaý (Ýaponiýa) şäherinde guran tebigy betbagtçylygyň töwekgelçiligini peseltmek boýunça III Bütindünýä maslahaty we Tegu (Koreýa Respublikasy) şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumy ýaly iri halkara forumlarynda öňe sürlen anyk başlangyçlaryň awtory bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu aýda Aşgabatda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň, Oba we suw hojalyk ministrliginiň guramagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň hem-de Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň serhetýaka dolandyrylyşy” maksatnamasynyň goldaw bermeginde “tegelek stol” geçirildi. Onda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda, suwdan netijeli peýdalanmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet bermek bilen, Türkmenistan bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly tejribe alyşmak babatda yzygiderli çäreleri amala aşyrýar.
Şeýlelikde, Türkmenistan we Germaniýa Federatiw Respublikasy köp ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine eýedir. Olaryň durmuşa geçirilmegi umumy abadançylyga uly goşant bolar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeli özi üçin amatly pursatda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar. Soňra hormatly Prezidentimiz we Germaniýanyň Federal Kansleri bilelikdäki metbugat maslahatyny guradylar.
GFR-iň Federal hökümetiniň Baştutany köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesinde Germaniýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýanyň ýurtlary, şol sanda bu sebitde möhüm orun eýeleýän Türkmenistan bilen yzygiderli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Munuň özi Merkezi Aziýa boýunça biziň syýasatymyzyň esasy bolup durýar diýip, hanym Angela Merkel belledi we Germaniýanyň Türkmenistan bilen degişli Ylalaşyga gol çekendigini aýtdy.
Şeýle hem Germaniýanyň Federal Kansleri duşuşygyň barşynda türkmen jemgyýetinde oňyn häsiýeti bolan demokratik ýörelgeler babatda gürrüň bolandygyny habar berdi. Adam hukuklary babatda we adam hukuklaryny goramak boýunça meýilnamalaryň düzülmeginde hereketleriň maksatnamasy möhüm görkeziji bolup durýar.
Mundan başga-da, german tarapy Türkmenistanyň umumy ykrar edilýän halkara hukugynyň kadalaryny we degişli dünýä tejribesini nazara almak bilen, Konstitusiýa üýtgetmeleri girizmek boýunça alyp barýan işini goldaýandygy bellenildi.
GFR-iň Federal hökümetiniň Baştutany Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeň häsiýete eýedigini belledi. Häzirki döwürde Germaniýa bu düzüme başlyklyk edýär. Geçirilen gepleşikleriň jemleri barada aýtmak bilen, hanym Angela Merkel Aralyň töwereginde ekologiýa ýagdaýy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçilendigini we Türkmenistanyň Araly halas etmek baradaky halkara gaznasyna başlyklyk edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy bilen halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi.
Owgan meselesine degip geçmek bilen, Germaniýanyň Federal Kansleri Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmegine mynasyp goşandyny nygtady. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, hanym Angela Merkel Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagy ykdysady ýagdaýyň gowulanmagynyň möhüm şerti barada taraplaryň bir pikire gelendigini belledi.
Sözüniň ahyrynda Germaniýanyň Federal hökümetiniň Baştutany geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady we onuň gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etmek bilen, Germaniýanyň Federal Kansleri hanym Angela Merkel bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Onuň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň giň ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýändigi bellenildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Iki döwlet hem strategik durnuklylygyň saklanmagyny we berkidilmegini goldaýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Munuň özi häzirki döwürde dünýäniň birnäçe sebitlerinde bar bolan çylşyrymly ýagdaýlaryň çäklerinde has-da möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu meseleler boýunça pikir alyşmalaryň barşynda taraplaryň gapma-garşylykly ýagdaýlary nazara almak bilen, ähli halkara meseleleriniň parahatçylykly we syýasy ýol bilen çözülmeginiň tarapdarydygyny, şunda umumy ykrar edilen halkara hukugyna hem-de BMG-niň Tertipnamasyna gyşarnyksyz eýerýändigini aýtdy. Şeýle hem özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we iri halkara guramalarynda, öňi bilen bolsa Birleşen Milletler Guramasynda hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda birek-birege işjeň goldaw bermäge ikitaraplaýyn taýýarlyk barada aýdyldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, syýasatyň we halkara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleriniň çözgüdiniň esasy hem-de köpugurly guramasy bolan BMG-niň ornuny saklamagyň we ony pugtalandyrmagyň möhümdigi hakyndaky umumy pikire gelindi. BMG-niň we onuň Howpsuzlyk geňeşiniň üýtgedilmegi bilen baglanyşykly mesele barada aýdylanda bolsa, Türkmenistan bu çärelere örän jogapkärçilikli, demokratik, adalatly we açyklyk ýörelgeleri esasynda çemeleşilmelidigine ynam bildirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrüň wehimlerine hem-de halkara howpsuzlygy meselelerine, şol sanda terrorçylyga, ekstremizme, halkara jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagy hakyndaky ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi.
Ýewropa Bileleşigi bilen soňky ýyllarda has işjeňleşdirilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ÝB bilen hyzmatdaşlygyň ylalaşylan meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde, dürli ugurlarda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmekde, geljegi uly taslamalary täze derejelere çykarmakda Germaniýa Federatiw Respublikasy tarapy bilen bir pikire geldik diýip belledi.
Gepleşikler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ähli ugurlarynyň, önümçilik düzümleriniň ösdürilmegine, Türkmenistanyň çäginde Germaniýanyň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda täze giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikdäki iş üçin zerur şertleriň döredilmegine hemmetaraplaýyn kömek-goldaw bermäge ikitaraplaýyn taýýarlygy äşgär etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-german iş topary bu ugurdaky umumy tagallalaryň möhüm şertini emele getirýär. Türkmenistanyň Germaniýada Ykdysady günleriniň, Türkmenistanda bolsa Germaniýanyň Ykdysady günleriniň geçirilmegi hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň oňyn guraly bolup durýar.
Energetika, ulag ulgamlarynda, ýokary tehnologiýa pudagynda, bank işinde, lukmançylyk ulgamynda we beýleki pudaklarda bilelikdäki iş üçin ägirt uly mümkinçilikler bar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda dolanyşygyny köpugurly esasda ösdürmek üçin zerur şertleriň bardygyny nygtadylar. Şeýle hem iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň ýygjam gatnaşyklarynyň mümkinçiligi, olaryň bilelikdäki maýa goýum işine gatnaşygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda munuň üçin aňrybaş amatly şertler döredildi we german işewürliginiň milli ykdysadyýetimiziň we hyzmatlar pudagynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşmagy goldanylýar. Biziň ýurdumyz türkmen işewürligi üçin Germaniýada bar bolan mümkinçilikleriň artdyrylmagyna gyzyklanma bildirýär.
Energetika we ulag pudaklary türkmen-german gatnaşyklaryny möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öz energiýa göterijilerini günbatar ugur boýunça ibermäge gyzyklanma bildirýär diýip belledi. Ýewropa topary bilen bilelikde bu ugruň hukuk we tehniki mümkinçilikleriniň üstünde işlenilýär. Biz Germaniýany Ýewropa Bileleşiginiň mertebeli we abraýly agzasy hasaplaýarys we mundan beýläk-de bu ýagdaýa işjeň goldaw bereris diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag pudagynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, iki ýurduň geografiki taýdan aýratynlygy Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi üçin möhüm şerti emele getirýändigini aýtdy. Türkmenistan Germaniýany diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklar babatda däl, eýsem, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görýär we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Gündogar — Günbatar” ugry boýunça sebitara ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyna hemmetaraplaýyn goldaw berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçen ýylyň dekabrynda kabul eden kararnamasyna laýyklykda, 2016-njy ýylyň 26—27-nji noýabrynda Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň geçiriljekdigini aýdyp, bu forumyň işine Germaniýanyň wekiliýetiniň işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.
Gepleşikleriň barşynda medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine, şol sanda Türkmenistanyň we Germaniýanyň halklaryny iki ýurduň taryhy-medeni mirasy bilen tanyşmagy babatda bilelikdäki çäreleri guramaga aýratyn ähmiýet berildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda Germaniýada “Margiana” sergisini guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ylym we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gezekki saparyň netijelerine ýokary baha berip, gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň däp bolan türkmen-german gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Federal Kansler hanym Angela Merkeli Türkmenistanda özi üçin islendik amatly pursatda sapar bilen gelmäge çagyrandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda Germaniýanyň Federal hökümetiniň Baştutanyna we dostlukly ýurduň wekiliýetiniň ähli agzalaryna netijeli iş üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Germaniýanyň Federal Kansleri žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.
Häzirki döwürde bu ýerde ýüze çykan çylşyrymly syýasy, ykdysady we durmuş meseleleri, hususan-da, Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagy baradaky referendumyň netijeleri, ägirt uly bosgunlar toplumy we beýleki çylşyrymly meseleler bilen baglanyşykly ýagdaýlary nazara alyp, bu babatda türkmen žurnalistleriniň sowallaryna jogap bermek bilen, hanym Angela Merkel ýüze çykan ýagdaýlara garamazdan ÝB-niň uly geljeginiň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Germaniýanyň Federal hökümetiniň Baştutany Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň umumy tagallasynyň bar bolan kynçylygy ýeňip geçmäge we ýüze çykýan meseleleri çözmäge ýardam berjekdigine, ÝB-niň ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine ynam bildirdi.
Türkmen gazyny Ýewropa ibermegiň mümkinçilikleri hakynda “Reuters” halkara habarlar agentliginiň wekiliniň sowalyna jogap bermek bilen hanym Angela Merkel taraplaryň bu meseläni ara alyp maslahatlaşandygyny we degişli meseleler boýunça oňyn çözgüdiň tapyljakdygyny aýtdy. Germaniýanyň Federal Kansleriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan bu mesele babatda diňe bir Aziýa ugry boýunça hereket etmän, eýsem “mawy ýangyjy” ÝB ýurtlaryna eksport etmäge gyzyklanma bildirýär.
Bu sowala beren jogabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerine, şol sanda tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk syýasatynyň üns merkezinden düşmeýändigini tassyklady. ÝB bagly bolan köp sanly kanunçylyk meseleleriniň bardygyny aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energetika pudagynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň başlangyjyny öňe sürýändigi we öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň arasyndaky bähbitleriň deňeçerliginiň üpjün edilmegi babatda çykyş edýändigini belledi. Türkmenistanyň başlangyçlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň ikisinde ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda möhüm ähmiýetli başlangyç hökmünde öz beýanyny tapandygyny aýtdy.
Bu sowalyň Türkmenistanda adam hukuklarynyň üpjün edilişi bilen baglanyşykly ikinji bölümine jogap bermek bilen, milli Liderimiz Garaşsyz ösüşiň milli ulgamynda däp bolan demokratik ýörelgeleriň möhüm orun eýeleýändigini belledi. Häzirki döwürde ol ýörelgeler hukuk ulgamyndaky täze özgertmeler üçin binýat bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň kanunlarymyz adamlaryň syýasy, ykdysady, ýaşaýyş-durmuş we beýleki hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini kepillendirýär we olar mynasyp durmuş derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Şunda milli Liderimiz milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalary bilen maksada laýyk derejede utgaşdyrylýandygyny belledi. Ýurdumyzda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamyndaky halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça pudagara topar, Döwlet we hukuk instituty, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty hereket edýär. Hukuk ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýeti (GIZ) bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny bellemeli.
Ýurdumyzda köp partiýaly ulgam yzygiderli ösdürilýär, “Syýasy partiýalar hakynda” Kanun kabul edildi. Häzirki döwürde Türkmenistanda üç partiýa hereket edýär. Raýatlar syýasy partiýalara erkin goşulyp we toparlary döredip, öz dalaşgärlerini Mejlisiň deputatlygyna hödürläp bilýärler.
Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy ulgamynda ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalaryna möhüm orun degişlidir. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda milli, gender we dini alamatlar boýunça hukuk kemsidilmeleriň düýbünden ýokdugyny belledi. Telekeçilik bilen erkin meşgullanmak syýasy hukuklarynyň esasylarynyň biridir. Munuň üçin Türkmenistanda amatly şertler we giň hukuk binýady döredildi. Durmuş goraglylygy ulgamy, şol sanda ilata dürli ýeňillikleri bermek işleri ösdürilýär.
Adam hukuklary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi durmuşyň hilini kesgitleýän bilime, lukmançylyk hyzmatyna bolan hukuklarydyr. Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň raýatlarynyň tebigy gazdan, elektrik togundan, suwdan we jemagat hojalygy hyzmatlaryndan ýeňillikli şertlerde peýdalanýandyklaryny, şeýle şertleriň dünýäniň hiç bir ýurdunda ýokdugyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda adam hukuklary, şeýle hem ýurduň Esasy Kanunynyň rejelenen görnüşini taýýarlamak boýunça doly ygtyýarly wekili bolan instituty döretmek hakyndaky çözgüde aýratyn ähmiýet berdi. Konstitusiýanyň rejelenen görnüşinde adamlaryň we her bir raýatyň hukuklary, erkinligi we borçlary hakyndaky bölümde umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň çäklerinde, şahsyýetiň mertebesiniň goraglylygyny, şahsyýetiň eldegrilmesizligini üpjün edýän we onuň kemsidilmeginiň öňüni alýan maddalaryň girizilýändigi bellenildi.
Hukuk goraýjy edaralaryň işiniň we hünär derejesiniň netijeli ýokarlandyrylmagy Türkmenistanda adam hukuklary ulgamyndaky esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Kazyýet ulgamynyň üýtgedilmegi hem muňa degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz BMG-niň binýatlyk Konwensiýalaryna, adam hukuklary boýunça resminamalara goşulan ýurdumyzda ölüm jezasynyň köp wagt mundan ozal ýatyrylandygyny aýratyn belledi. Ýylyň dowamynda birnäçe gezek ynsanperwerlik ýörelge bolan günä geçmek çäresi geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýändigini belledi. Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň şu sowaly beren wekilini biziň ýurdumyza gelip görmäge we Türkmenistanda adam hukuklarynyň berk berjaý edilýändigine göz ýetirmäge çagyrdy.
Metbugat maslahaty tamamlanansoň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Soňra milli Liderimiz we GFR-iň Federal hökümetiniň Baştutany binadan çykdylar. Ulagyň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Federal Kansler Angela Merkel birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, Türkmenistanyň hem-de Germaniýanyň däp bolan dostluk hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny ýene bir ýola tassykladylar.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-e iş saparynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň Germaniýanyň Federal ykdysadyýet we energetika ministrliginiň döwlet parlament sekretary Uwe Bekmaýer; “Siemens AG” kompaniýasynyň wise-prezidenti, kompaniýanyň Russiýa boýunça prezidenti Ditrih Mýoller we “Siemens AG” kompaniýasynyň energetika we gaz boýunça ýerine ýetiriji direktory Willi Meýksner; “Deutsсhe Bank AG»-niň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy, maliýe meseleleri boýunça direktory Markus Şenk, “Deutsсhe Bank AG»-niň Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça ýerine ýetiriji direktory Piter Tils we bankyň uly geňeşçisi Ýurgen Fitçen; “SAP” kompaniýasynyň Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça prezidenti Ştefan Hohbauer; “Сifal Group” kompaniýasynyň prezidenti we baş direktory Žil Remi we “ILF Сonsulting Engineers” kompaniýasyny esaslandyryjy Adolf Faýslmaýer, “Airbus Group” kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça wise-prezidenti Maruan Laud; “Сargoluх” kompanýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti we maliýe direktory Maksim Straus bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini gyzyklanma bildirilip ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan duşuşyklar Berliniň taryhy merkezinde ýerleşýän hem-de Ýewropanyň we dünýäniň iň meşhur myhmanhana toplumlarynyň biri bolan “Adlon Kempinski” kaşaň myhmanhanada ýerleşen türkmen Lideriniň kabulhanasynda geçirildi.
Şeýle hem şol gün döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary Berlinde GFR-iň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, iri bank düzümleriniň hem-de kompaniýalarynyň, şol sanda “Deutsсhe Bank AG”, “Сommerzbank”, “Сlass”, “Zeppelin”, “Bosсh Gruppe”, “Umax Trade GmbH”, “Siemens AG”, “Hospitalia International GmbH” we beýlekileriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem “John Deere”, “Airbus Group” ýaly dünýä belli daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçy düzümleriniň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Şunuň bilen birlikde, ýokary bilim we medeniýet ulgamynyň birnäçe öňdebaryjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Olaryň barşynda söwda-ykdysady, energetika, ulag ulgamlarynda, oba hojalygynda, işewür toparlaryň düzüminde dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary ýola goýmak üçin bar bolan ägirt uly kuwwatlyklary hem-de täze mümkinçilikleri artdyrmak bilen baglanyşykly meseleler babatda netijeli pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen birlikde, duşuşyklaryň gün tertibine medeni-ynsanperwer, ylym, bilim, medeniýet we muzeý işi ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi. Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen Germaniýa bu ugurda özara gatnaşyklaryň baý tejribesini toplady.
Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň bir böleginiň şol gün agşam Berliniň “Maritim” myhmanhanasynda Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň we Germaniýanyň döwlet, maliýe-bank düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmen-german işewürler maslahatynyň çäklerinde geçirilendigini bellemek gerek, olaryň barşynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň barha giňeldilýändigine şaýatlyk edýär.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň GFR-e bolan bu gezekki iş sapary we milli Liderimiziň Germaniýanyň Federal Kansleri bilen bolan duşuşygy, şeýle hem beýleki wakalar taraplaryň netijeli döwletara gatnaşyklaryna ygrarlydygyny, türkmen-german hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge, däp bolan gatnaşyklara itergi bermäge hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň GFR-e iş sapary dowam edýär.