Ï Türkmen-german işewürlik forumy: hyzmatdaşlygyň we ösüşiň bähbidine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-german işewürlik forumy: hyzmatdaşlygyň we ösüşiň bähbidine

view-icon 841
Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde GFR-iň paýtagtynda Türkmen-german işewürler maslahaty geçirildi. Onuň baş maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze çemeleşmeleri kesgitlemekden we ylalaşmakdan, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň has bähbitli ugurlaryny ýüze çykarmakdan, işewür hem-de ylmy-tehniki gatnaşyklary ýola goýmakdan ybarat boldy.

“Maritim” myhmanhanasynda geçirilen duşuşyga ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Türkmenistanyň möhüm pudaklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

German tarapyndan duşuşyga Federal ykdysadyýet we energetika ministrliginiň, Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň, Söwda-senagat edarasynyň we beýleki düzümleriň wekilleri, banklaryň hem-de bank ulgamynda, energetika, maşyngurluşyk, nebit we gaz pudaklarynda, gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde, himiýa senagatynda, oba hojalygynda, saglygy goraýyş ulgamynda, ylym hem-de bilim, ulag we aragatnaşyk, söwda, syýahatçylyk, medeniýet ulgamlarynda hem-de neşirýat ugrunda işleýän kompaniýalaryň 100-den gowragynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu çärä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanmalary alamatlandyrýan forumy guramak başlangyjyny öňe sürendigi üçin german tarapyna minnetdarlyk bildirilýär.

Bellenilişi ýaly, munuň özi hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anyklaşdyrmak we söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de meýilnamalaşdyrmak üçin täze teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin örän bähbitli mümkinçilik boldy. Hökümetara derejede geçirilýän yzygiderli gatnaşyklar, işewür wekiliýetleriň alşylmagy, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-german iş toparynyň işi täze mümkinçiliklere giň ýol açýar.

Biziň ýurtlarymyzyň mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak üçin zerur şertler bar. Öňi bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň köpugurly esasda ösdürilýändigini, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň giňden ornaşdyrylýandygyny, düzümleriň sazlaşykly ösýändigini nazara alanyňda, munuň özi has-da möhümdir. “Biz häzirki döwürde gerimi boýunça batyrgaý, uly geljegi bolan bilelikdäki taslamalaryň zerur hasaplanylýan döwründe ýaşaýarys. Olar ykdysady hyzmatdaşlygyň başyny başlamak bilen, onuň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açýar” diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda aýdylýar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň çykyşlarynda ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn baha berildi we dürli pudaklarda amala aşyrylýan işler beýan edildi. Şeýle hem olary ösdürmegiň möhüm görkezijileri we geljekki ugurlary barada aýdyldy. Täzeçil ykdysady özgertmelere, ýurtda döredilýän oňaýly maýa goýum ýagdaýyna we daşary ýurtly kompaniýalaryň işi üçin üpjün edilýän amatly şertlere aýratyn ähmiýet berildi. Düzümleriň ösdürilmegi daşary ýurtly işewürler üçin oňyn mümkinçilikleri emele getirýär.

Türkmenistan bilen GFR-iň arasyndaky haryt dolanyşygynyň häzirki ýagdaýy seljerildi. Ol 2015-nji ýylda ABŞ-nyň 306 million dollaryna barabar boldy. Iki ýurduň bähbitlerini nazara almak bilen onuň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen çäreler kesgitlendi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda Germaniýanyň işewürleriniň gatnaşmagynda umumy bahasy ABŞ-nyň 540 million dollaryna we 555 million ýewro barabar bolan maýa goýum taslamalarynyň we şertnamalarynyň 167-si hasaba alyndy. Germaniýanyň maýa goýum serişdeleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň kärhanalary dag-magdan senagaty hem-de känleri işläp taýýarlamak, gaýtadan işleýän önümçilik, gurluşyk, söwda, hyzmat ulgamlary, şeýle hem ylym we tehniki iş ugrunda iş alyp barýarlar. Olaryň hatarynda “Berlin-Chemie”, “Basf”, “INROS LACKNER”, “Lufthansa Cargo” ýaly wekilhanalar, “Wintershall Holding”, “RWE”, “MAN Ferrostaal” ýaly kompaniýalaryň şahamçalary bar.

Germaniýanyň kompaniýalary ýurdumyzda uzakmöhletleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine önjeýli goşant goşýarlar. Olaryň hatarynda Türkmenistanda köp ýyl bäri netijeli işleýän “Siemens”, “Daimler”, “Claas”, “Rohde & Schwarz”, “Dresser-Rand”, şeýle hem başga-da birnäçe kompaniýalary görkezmek bolar.

Ykdysady gatnaşyklaryň täze hili barada aýdylanda bolsa, taraplaryň ikisi hem onuň ýokary tehnologiýaly we täzeçil häsiýete eýe bolmagyny biragyzdan goldaýar. Germaniýanyň işewür toparlarynyň gyzyklanmalaryna mynasyp boljak pudaklaryň hatarynda Türkmenistanyň döwrebap multimodal ulag düzümini görkezmek bolar. Häzirki döwürde ýurdumyzda iri ulag geçelgeleriniň giň möçberli ulgamy, awtomobil we demir ýol geçelgeleri döredilýär, howa gatnawlary we deňiz gämiçiligi pudaklary döwrebaplaşdyrylýar. Hususan-da, Türkmenistan Hazaryň kenarynda Türkmenbaşy şäheriniň täze deňiz menziliniň gurluşygyny alyp barýar. Ol yklymda möhüm logistiki merkezleriň birine öwrüler. “Gündogar — Günbatar” hem-de “Günorta — Demirgazyk” ugurlary boýunça Aziýa — Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykalgasy bolan sebitara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde ýola goýulýan hyzmatdaşlyk möhüm ugur hasaplanylýar.

Ulag-aragatnaşyk ulgamynda “Lufthansa” iri awiagatnawlary, Germaniýanyň ulag-ekspedisiýa kompaniýalary bilen işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikler bar. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamynyň ösüşi boýunça ählumumy maslahaty geçiriler. Onuň çäklerinde maýa goýum forumyny guramak meýilleşdirildi. Bu iri çärelere germaniýaly hyzmatdaşlar hem çagyryldy.

Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hem geljegi uludyr. Türkmenistan uglewodorod serişdelerini köpugurly esasda ösdürmegi, türkmen tebigy gazyny daşarky bazara, şol sanda Ýewropa ugruna çykarmagyň köpşahaly ugruny döretmegi maksat edinýär.

Germaniýanyň nebitgaz senagaty üçin enjamlary öndürýän kompaniýalary üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzda Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, tebigy gazy gaýtadan işlemek, onuň esasynda polietilen, polipropilen, sintetik benzin we beýleki önümleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça kärhananyň gurluşygy ýaly iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Munuň özi himiýa senagaty boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňyn meýdançadyr.

Senagat, materiallaryň we tehnologiýalaryň önümçiligi babatynda Germaniýanyň “Thyssen Krupp”, “Bosch” we beýleki iri senagat konsernleri ýurdumyz üçin geljegi uly hyzmatdaşlar hasaplanylýar. Şeýle hem biz elektroenergetika we elektrotehnika pudaklaryndaky özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys. Bu babatda öňden gelýän hyzmatdaşlarymyz bolan “RWE” konserni bilen alyp barýan işini dowam etjekdigi nazarda tutulýar. Ol elektrostansiýalaryň gurluşygyna we Türkmenistanyň elektroenergetik düzüminiň ösdürilmegine işjeň gatnaşyp biler. Şeýle hem Türkmenistan Germaniýanyň kompaniýalarynyň elektroenergetika pudagyny ösdürmek, şol sanda Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy boýunça halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek işlerine gatnaşmagyny goldaýar.

Türkmenistanyň çäginde sanly telefon beketleriniň ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, ykjam telefon aragatnaşygyny giňeltmek, Internete bolan has giň elýeterliligi üpjün etmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmegiň uly geljegi bar.

Obasenagat toplumyny ösdürmek we Türkmenistana oba hojalyk tehnikalaryny getirmek babatda gatnaşyklary giňeltmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şunda “Claas” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky hyzmat binýadynyň giňeldilmegine, inžener-tehniki babatda işgärleri taýýarlamaga gatnaşmagyna aýratyn üns berilýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty, biotehnika, optika, syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary bolmagynda galýar.

“Siemens AG”, “Hospitalia International GmbH”, “Fresenius Medical Care GmbH”, “Drager” we “B.Braun” ýaly kompaniýalaryň lukmançylyk enjamlary hem-de derman serişdeleri özüni gowy tarapdan görkezdi.

Türkmenistan Germaniýanyň maliýe ulgamynyň, maliýe-karz edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň amala aşyrýan çärelerini işjeňleşdirmek boýunça tejribesini ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär. “Deutsche bank AG”, “Commerzbank AG” düzümleri Türkmenistanyň köpýyllyk we ygtybarly hyzmatdaşlary bolup durýar. Ýurdumyz olaryň we beýleki nemes maliýe edaralarynyň tekliplerine garamaga taýýardyr.

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň jemi içerki önümiň möçberindäki paýynyň tapgyrlaýyn ýokarlanmagyny göz öňünde tutýar. Hut şonuň üçin hem iki ýurduň işewür bileleşikleriniň arasynda göni we ykjam gatnaşyklary ýola goýulmagy, maýa goýum serişdeleriniň çekilmegi, dolanyşygyň netijeli usullarynyň, öňdebaryjy dolandyryş çözgütleriniň ornaşdyrylmagy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Programmalaýyn üpjünçiligiň önümçiligini alyp barýan Germaniýanyň “SAP” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy maksadalaýyk hasaplanylýar.

Türkmenistan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda Germaniýanyň kompaniýalarynyň işi üçin aňrybaş amatly şertleri döretmäge taýýardyr we netijeli başlangyçlar hem-de jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin teklipler babatda hemişe açykdyr. Bu gezekki maslahat uzakmöhletleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim hasaplanylýar.

Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary, “Deutsche bank AG” bankynyň uly geňeşçisi Ýurgen Fitçen, GFR-iň Federal ykdysadyýet we energetika ministrliginiň döwlet sekretary Uwe Bekmaýer, Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjylar geňeşiniň utgaşdyryjysy, “Knauf” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Manfred Grundken, “Commerzbank AG” bankynyň sebitleýin direktory Aksel Bommerşaýn dünýä ykdysadyýetiniň ählumumy şertlerinde hyzmatdaşlygymyzyň ösüşiniň täze tapgyry barada aýtdylar.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Germaniýa we Türkmenistan üçin iki halkyň bähbidine laýyk gelýän işewür gatnaşyklar möhümdir. GFR öz tarapyndan ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga taýýardyr we özüni netijeli işleýän kompaniýalar hökmünde tanadan öňdebaryjy düzümleriň önümlerini hem-de hyzmatlaryny teklip edýär.

Duşuşygyň barşynda Germaniýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe sürlen hem-de giň halkara goldawyna eýe bolan netijeli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine bolan gyzyklanmalary beýan edildi.

Şeýle hem bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlary duşuşygyň gün tertibine girizildi. Medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyk boýunça taraplar baý tejribe topladylar. GFR-iň sungat ussatlarynyň Türkmenistandaky çykyşlary hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde medeni çäreleri yzygiderli guramagy asylly däbe öwrüldi. Golýazmalary we arheologik barlaglary saklamak babatda türkmen hem-de nemes alymlarynyň işleri netijeli häsiýete eýe bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň çäginde bürünç eýýamyna degişli bolan Margiana şalygy bilen baglanyşykly taryhy gymmatlyklaryň sergisini guramak möhüm hasaplanylýar. Ony 2018-nji ýylda GFR-de geçirmek meýilleşdirildi. Ýeri gelende aýtsak, bu gezekki duşuşyga Gamburg şäheriniň muzeýleriniň we Berlin şäheriniň Döwlet muzeýiniň, GFR-iň sergi merkezleriniň ýolbaşçylary-da gatnaşdylar.

Bilim we saglygy goraýyş ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Bu pudagyň ösdürilmegine germaniýaly hyzmatdaşlaryň goşandy has-da uludyr. Munuň özi lukmançylyk enjamlaryny getirmekden, GFR-iň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleriniň binýadynda türkmen lukmanlarynyň tejribe geçmegi, nemes bilermenleriniň ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda işlemegi ýaly çärelerden ybaratdyr.

Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen GFR-iň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda 2012—2016-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen GFR-iň Lýudwiga-Maksemiliana adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Groshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda şertnama baglaşyldy. Ýurdumyz GFR-den böwreginde ýetmezçiligi bolan näsaglar üçin döwrebap enjamlary, “Tiz kömek” ulaglaryny satyn alýar. “Siemens AG” kompaniýasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegine ägirt uly goşant goşdy. Mundan başga-da, Germaniýanyň “Farmaplan” kompaniýasy tarapyndan erginleriň önümçiligi boýunça zawod guruldy.

Germaniýanyň “Fresenius Medical Care GmbH” kompaniýasy bilen “emeli böwrek” enjamy üçin sarp ediş serişdelerini we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmek babatda gepleşikler geçirilýär. Germaniýanyň bir gezeklik sarp ediş serişdeleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan “Vogt Medical” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.

“Hospitalia International GmbH” nemes kompaniýasy Aşgabat şäherinde we welaýatlarda gurulýan keselhanalary Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hilli lukmançylyk enjamlary we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeleri bilen üpjün edýär. Şeýle hem bu kompaniýa türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalaryna ugradylmagy babatda hyzmatdaşlyk edýär we keselleri bejermegiň häzirkizaman talaplaryna laýyk gelýän täze usullarynyň tejribä ornaşdyrylmagyna, lukmançylygyň ýokary gazananlary boýunça lukmanlar üçin okuw maslahatlarynyň geçirilmegine ýardam berýär.

2012 — 2015-nji ýyllarda türkmen lukmanlarynyň 70-den gowragy 1—3 aý möhleti bilen Mýunheniň, Gamburgyň, Augsburgyň, Erlangeniň, Nýurnbergiň öňdebaryjy klinikalarynda hünäri kämilleşdiriş okuwlarynda boldular. Munuň öňüsyrasynda olar Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde nemes mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda nemes dilini öwrenmek boýunça okuwlary geçdiler.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde köp ýyllaryň dowamynda Germaniýanyň DAAD we Gýöte adyndaky institutyň maksatnamasynyň ulgamy boýunça okuwlar alnyp barylýar. Ýewropa Bileleşiginiň TACIS maksatnamasynyň taslamalarynyň çäklerinde nemes alymlary we hünärmenleri bilen gatnaşyklar ösdürilýär.

Her ýylyň mart aýynda Berlinde geçirilýän ITB Berlin halkara syýahatçylyk sergisinde Türkmenistan öz mümkinçiliklerini görkezýär. Syýahatçylyk — häzirki döwürde türkmen-german gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda syýahatçylygyň yzygiderli ösdürilmegi tutuş Aziýa sebitinde syýahatçylyk ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirer we ýurdumyzyň ajaýyp taryhy we tebigy mirasynyň, özboluşly medeniýetiniň esasynda täze teklipleri öňe sürer.

Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde täze, geljegi uly bazarlaryndaky işewürligi giňeltmegi nazarlaýan nemes hyzmatdaşlarymyza bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak has-da möhüm bolup durýar. Durmuşyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde soňky ýyllarda türkmen topragynyň berekedi we baýlygy barha meşhurlyga eýe bolýar.

Myhmanhana hojalygyny guramakda, işjeň dynç alyş düzümini, täze tehnologiýalary ulanmagyň esasynda tebigy, arheologik we medeni-taryhy desgalary abadanlaşdyrmakda Germaniýanyň ägirt uly tejribe toplan kompaniýalarynyň oňyn täsiri bolup biler.

Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýeti (GIZ) Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolup durýar, onuň gatnaşmagynda ýurdumyzda hukuk hem-de ekologiýa ugurlary boýunça birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, çölleşmä garşy göreş, milli seýilgähleri döretmek, biosfera goraghanalarynyň ulgamyny ösdürmek ýaly möhüm ugurlar boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar. “Merkezi Aziýa üçin suw strategiýasy” taslamanyň çäklerinde 2012-nji we 2015-nji ýyllarda Berlinde Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda gatnaşyklarda suw diplomatiýasy meselelerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi. GIZ-iň “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda türkmen tarapy GIZ-iň biziň ýurdumyzyň Araly halas etmek boýunça halkara gaznasynda başlyklyk etmegini goldamaga gönükdirilen taslamasynyň çäklerinde nemes hyzmatdaşlary bilen netijeli işleri alyp barýar.

Atçylyk sportunda hyzmatdaşlygymyz hem munuň ýene bir aýdyň mysalydyr: germaniýaly hünärmen Katarina Ýakobyň halypalyk etmeginde häzirki wagtda milli ýygyndy toparymyz konkur boýunça türgenleşik işlerini geçýär. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň ýakynda ösüp başlandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça sportuň bu görnüşini 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmegi muňa kuwwatly itergi berdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we neşirýat işi ulgamy hem hyzmatdaşlygy geljegi uly ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda özara bähbitli gatnaşyklaryň oňyn mysallary bar. 2015-nji ýylda ulanmaga berlen Aşgabatdaky Metbugat öýi toplumy Germaniýanyň “Heidelberg” firmasynyň iň täze, ýokary öndürijilikli enjamlar toplumy bilen üpjün edilendir, bu firma çaphana enjamlaryny ibermek boýunça baş potratçy hökmünde çykyş etdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça oňyn hyzmatdaşlygyň başy başlanyldy: Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli Germaniýanyň “Wostok” žurnaly tutuşlygyna biziň ýurdumyza bagyşlanan ýörite sanyny taýýarlady.

Şunuň ýaly, hyzmatdaşlygy aýry-aýry neşirler hem-de neşirýat merkezleri derejesinde hem, kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň we assosiasiýalarynyň, habarlar agentlikleriniň derejesinde hem ösdürmek we giňeltmek möhümdir.

Daşary ýurtly maýadarlaryň Türkmenistana bolan uzakmöhletleýin gyzyklanmalary ýurdumyzyň örän baý tebigy serişdeler, eksport we üstaşyr mümkinçilikleri, şeýle hem işjeň ösýän bazary bilen şertlendirilendir. Häzirki wagtda Türkmenistanda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Milli ykdysadyýetimize çekilýän maýa goýumlarynyň artdyrylmagy, iri möçberli taslamalara täze maýa serişdeleriniň gönükdirilmegi kompaniýalaryň, işewür toparlaryň wekilleriniň, dünýä işewürligi ulgamynda bilermenleriň Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri barada köp babatda habardarlygyna bagly bolup durýar.

Türkmen bazarynyň özüne çekijiligine köp derejede ýurdumyzyň salgyt syýasaty hem ýardam berýär, ol amatly salgyt ulgamynyň hasabyna ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny çekmäge höweslendirmäge gönükdirilendir hem-de salynýan sargytlaryň, esasan-da, döwlete dahylsyz bölekde salgytlaryň pes derejesi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, şu gün taraplaryň gol çeken Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky girdejilere we emläge iki gezek salgyt salmagy aradan aýyrmak hakyndaky Ylalaşygyň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa saparynyň barşynda şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Umaх Trade GmbH” kompaniýasynyň arasynda bilim ulgamynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersitetiniň (GFR) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen “Umaх Trade GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “СIFAL GROUPE Deutsehland GmbH” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda “ILF Beratende Ingenieure GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Siemens Aktiengesellsсhaft”, kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Işewürler maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem-de GFR-iň hyzmatdaş kompaniýalarynyň arasynda 13 Ähtnamadan we Ylalaşykdan ybarat bolan resminamalar toplumyna gol çekilmegi bolsa milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz böleginiň barha artýan mümkinçiliklerini alamatlandyrdy.

Hususan-da, “Halys” hojalyk jemgyýeti bilen “Rosink GmbH+Masсhinenfabrik” kompaniýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama ýurdumyzda lukmançylyk pamygynyň önümçiligi boýunça kärhana üçin enjamlaryň getirilmegini göz öňünde tutýar. “Owadan Ülke” hojalyk jemgyýeti bilen “DIХION” kompaniýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi, bu ylalaşyk Türkmenistanda sagaldyş merkezleri üçin lukmançylyk enjamlarynyň getirilmegini göz öňünde tutýar.

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti bilen “Marc trading” kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda süýt önümlerini öndürýän zawod üçin enjamlar satyn alnar. “Ajaýyp Ussat — Halal Önümler” hojalyk jemgyýeti bilen “ZVE Zuсhtyieh-Eхport GmbH” we “MASTERRIND GmbH” kompaniýalarynyň arasynda, şeýle hem “Daýhan sarpasy” hojalyk jemgyýeti bilen “Hunland GmbH” kompaniýasynyň arasynda gol çekilen birnäçe ylalaşykda ýurdumyzyň maldarçylyk toplumlary üçin simmental tohumly gara mallary getirmek göz öňünde tutulýar.

“Gül zaman” hojalyk jemgyýeti bilen “Doehler GmbH” kompaniýasynyň we “Teador RIETMANN” kompaniýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. “Myradym” hojalyk jemgyýeti bilen “BERT HEINZ RAUSСHENBAСH” kompaniýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda fitnes we sport enjamlaryny getirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem “Ajaýyp bina” hojalyk jemgyýeti bilen “SСHLAFHORST ZWEIGNIEDERLASSUNG DER SAURER GERMANY GMBH &СO. KG” kompaniýasy (dokma önümleri üçin enjamlary getirmek); “Daýhan sarpasy” hojalyk jemgyýeti bilen “Krauss Maffei berstorff” kompaniýasynyň arasynda (simmental tohumly iri şahly mallary getirmek); “Kämilligiň gözbaşy” hojalyk jemgyýeti bilen “GEA Farm teсhnologies” kompaniýasynyň arasynda (azyk önümçiligi üçin enjamlary getirmek); “Eziz Doganlar” hojalyk jemgyýeti bilen “KELLER HСW GmbH” kompaniýasynyň arasynda (gurluşyk enjamlary getirmek) resminamalara gol çekildi.

Işewürler maslahatynda öňe sürlen teklipler ikitaraplaýyn duşuşyklarda has giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy we anyklaşdyryldy. Hususan-da, Türkmenistanyň senagatyna ýokary tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak, düzümleýin hem-de gaýtadan işleýän pudaklarda, ýangyç-energetika toplumynda, dokma senagatynda, gurluşykda, azyk senagatynda, ylmy-amaly barlaglarda we beýlekilerde hyzmatdaşlyk etmek hakynda pikir alşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar şeýle duşuşyklaryň ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem özara bähbitli gatnaşyklar üçin täze ugurlary açmak we geljekki hereketleriň yzygiderliligini kesgitlemek üçin oňyn mümkinçilikdigini bellediler, sebäbi meseleleriň bir tapgyry çözülenden soň, gün tertibine beýleki wezipeler girizilýär hem-de ýetilen her sepgitden soň hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri açylýar.

Işjeňlik, oňyn ýagdaýda geçen maslahatyň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, döwlet hem-de hususy kompaniýalaryň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi, şolaryň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy, hyzmatdaşlygyň geljegi ara alyp maslahatlaşyldy hem-de geljekki meýilnamalar anyklaşdyryldy.

Maslahata gatnaşyjylar duşuşyklaryň barşynda geljekki hyzmatdaşlar bilen peýdaly gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik aldylar, bu bolsa saýlanyp alnan ugurda täze mümkinçilikleri açýar, şeýle hem hyzmatdaşlar öňe sürlen möhüm başlangyçlary hem-de haryt dolanyşygynyň iki ýurduň ýokary ykdysady kuwwatyna laýyk derejedäki möçberine çykarmak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Dostluk we özara ynam ýagdaýynda geçen işewürler maslahatynyň ahyrynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýeti ýene-de bir gezek bellenildi hem-de şu gezekki işewürlik duşuşygynyň barşynda gol çekilen täze ylalaşyklaryň doly möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi.