Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GFR-e sapary tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GFR-e sapary tamamlandy

view-icon 1105
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlandy. Bu saparyň jemleri taraplaryň netijeli döwletara gatnaşyklarynyň, olaryň türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýandyklarynyň, däp bolan hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge taýýardyklarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Berlinde ýokary derejedäki türkmen-german gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Federal Kansler Angela Merkel taraplaryň däp bolan gatnaşyklary häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän ýokary derejä ýetirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz we GFR-iň Federal hökümetiniň ýolbaşçysy uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle strategiýa iki dostlukly ýurduň köpugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwata eýediginden ugur alýar. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanylmagy bolsa umumy abadançylyga hyzmat eder. Söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk has-da ýokary derejä eýe boldy. Türkmenistan Germaniýany esasy hyzmatdaşlarynyň biri hasaplaýar. Öz gezeginde, GFR biziň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirýär. Germaniýanyň iri işewür düzümleriniň wekilleri bilen işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Germaniýanyň kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazaryna ilkinjileriň hatarynda gelendigini we olaryň dürli ugurlar boýunça köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýandyklaryny bellemeli. Munuň özi ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanda ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, onuň köpugurly esasda we täzeçil usulda ösdürilmegine, häzirkizaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmaga, giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny we möhüm düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda Germaniýanyň işewürleriniň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň we şertnamalarynyň 167-si hasaba alyndy. Germaniýanyň maýa goýum serişdeleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň kärhanalary dag-magdan senagaty hem-de känleri işläp taýýarlamak, gaýtadan işleýän önümçilik, gurluşyk, söwda, hyzmat ulgamlary, şeýle hem ylym we tehniki iş ugrunda iş alyp barýarlar. Olaryň hatarynda “Berlin-Chemie”, “Basf”, “INROS LACKNER”, “Lýufthansa Cargo” ýaly wekilhanalar, “Wintershall Holding”, “RWE”, “MAN Ferrostaal” ýaly kompaniýalaryň şahamçalary bar.

Germaniýanyň kompaniýalary ýurdumyzda uzakmöhletleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine önjeýli goşant goşýarlar. Olaryň hatarynda Türkmenistanda köp ýyl bäri netijeli işleýän “Siemens”, “Daimler”, “Claas”, “Rohde & Schwarz”, “Dresser-Rand”, şeýle hem başga-da birnäçe kompaniýalary görkezmek bolar.

Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleriniň geçirilmegi, biziň ýurdumyzda bolsa Germaniýanyň Ykdysadyýetiniň günleriniň guralmagy özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertini emele getirýär. Şu ýylyň maý aýynda Waldorf şäherinde “Türkmenistan-Germaniýa: innowasion tehnologiýalar güni” ady bilen bu ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen forumyň geçirilendigini bellemeli.

29-njy awgustda Berlinde bolan metbugat maslahatynyň barşynda Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Bu gepleşikler taraplaryň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Şeýle hem Germaniýanyň Federal Kansleri duşuşygyň barşynda türkmen jemgyýetinde oňyn häsiýeti bolan demokratik ýörelgeler babatda gürrüň bolandygyny habar berdi. Adam hukuklary babatda we adam hukuklaryny goramak boýunça meýilnamalaryň düzülmeginde hereketleriň maksatnamasy möhüm görkeziji bolup durýar. Mundan başga-da, german tarapy Türkmenistanyň umumy ykrar edilýän halkara hukugynyň kadalaryny we degişli dünýä tejribesini nazara almak bilen, Konstitusiýa üýtgetmeleri girizmek boýunça alyp barýan işini goldaýandygy bellenildi.

GFR-iň Federal hökümetiniň baştutany Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeň häsiýete eýedigini belledi. Häzirki döwürde Germaniýa bu düzüme başlyklyk edýär. Şeýle hem hanym Angela Merkel türkmen tarapynyň we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk baradaky jemgyýetiniň (GIZ) arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belläp, Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmegine mynasyp goşandyny nygtady.

Öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpsanly wekilleriniň öňünde çykyş edip, Ýewropa Bileleşigi bilen soňky ýyllarda has işjeňleşdirilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň ylalaşylan meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde, dürli ugurlarda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmekde, geljegi uly taslamalary täze derejelere çykarmakda Germaniýa Federatiw Respublikasy tarapy bilen bir pikire geldik diýip belledi.

Gepleşikler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ähli ugurlarynyň, önümçilik düzümleriniň ösdürilmegine, Türkmenistanyň çäginde Germaniýanyň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda täze giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikdäki iş üçin zerur şertleriň döredilmegine hemmetaraplaýyn kömek-goldaw bermäge ikitaraplaýyn taýýarlygy äşgär etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-german iş topary bu ugurdaky umumy tagallalaryň möhüm şertini emele getirýär.

Energetika, ulag ulgamlarynda, ýokary tehnologiýalar pudagynda, bank işinde, lukmançylyk ulgamynda we beýleki pudaklarda bilelikdäki iş üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda dolanyşygyny köpugurly esasda ösdürmek üçin zerur şertleriň bardygyny nygtadylar. Şeýle hem iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň ýygjam gatnaşyklarynyň mümkinçiligi, olaryň bilelikdäki maýa goýum işine gatnaşygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda munuň üçin amatly şertler döredildi we german işewürliginiň milli ykdysadyýetimiziň we hyzmatlar pudagynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşmagy goldanylýar. Biziň ýurdumyz türkmen işewürligi üçin Germaniýada bar bolan mümkinçilikleriň artdyrylmagyna gyzyklanma bildirýär diýip milli Liderimiz aýtdy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-e iş saparynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň Germaniýanyň Federal ykdysadyýet we energetika ministrliginiň döwlet parlament sekretary Uwe Bekmaýer; “Siemens AG” kompaniýasynyň wise-prezidenti, kompaniýanyň Russiýa boýunça prezidenti Ditrih Mýoller we “Siemens AG” kompaniýasynyň energetika we gaz boýunça ýerine ýetiriji direktory Willi Meýksner; “Deuntsсhe Bank AG-niň” dolandyryjylar geňeşiniň agzasy, maliýe meseleleri boýunça direktory Markus Şenk, “Deuntsсhe Bank AG-niň” Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça ýerine ýetiriji direktory Piter Tils we bankyň uly geňeşçisi Ýurgen Fitçen; “SAP” kompaniýasynyň Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça prezidenti Ştefan Hohbauer; “Сifal Group” kompaniýasynyň prezidenti we baş direktory Žil Remi we “ILF Сonsulting Engineers” kompaniýasyny esaslandyryjy Adolf Faýslmaýer, “Aýrbus Group” kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça wise-prezidenti Maruan Laud; “Сargoluх” kompanýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti we maliýe direktory Maksim Straus bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Şol gün Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürler maslahaty Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň kuwwatynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Onuň baş maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze çemeleşmeleri kesgitlemekden we ylalaşmakdan, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň has bähbitli ugurlaryny ýüze çykarmakdan, işewür hem-de ylmy – tehniki gatnaşyklary ýola goýmakdan ybarat boldy. “Maritim” myhmanhanasynda geçirilen duşuşyga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Türkmenistanyň möhüm pudaklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. GFR-den duşuşyga Federal ykdysadyýet we energetika ministrliginiň, Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň, Söwda-senagat edarasynyň we beýleki düzümleriň wekilleri, banklaryň hem-de bank ulgamynda, energetika, maşyngurluşyk, nebit we gaz pudaklarynda, gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde, himiýa senagatynda, oba hojalygynda, saglygy goraýyş ulgamynda, ylym hem-de bilim, ulag we aragatnaşyk, söwda, syýahatçylyk, medeniýet ulgamlarynda hem-de neşirýat ugrunda işleýän kompaniýalaryň 100-den gowragynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Bir söz bilen aýdylanda, bu duşuşyga GFR bilen Türkmenistanyň işewürler ulgamyna wekilçilik edýän hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna ähmiýet berýän adamlar ýygnandylar. Olaryň bu pursatdan hyzmatdaşlyk teklipleri, täze uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň ygtybarly binýadyny bilelikde döretmek baradaky başlangyçlary we taslamalary bilen çuňňur tanyşmak üçin peýdalanyp bilendigini bellemelidiris. Özara gyzyklanma bildirmegi, wezipelere oňat düşünilmegi olary çözmegiň ýolunda hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini kesgitlemäge ýardam etdi. Şunuň bilen baglylykda, şol gün taraplaryň gol çeken Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky girdejilere we emläge iki gezek salgyt salmagy aradan aýyrmak hakyndaky Ylalaşygyň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa saparynyň barşynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Umaх Trade GmbH” kompaniýasynyň arasynda bilim ulgamda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersitetiniň (GFR) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen “Umaх Trade GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “СIFAL GROUPE Deutsehland GmbH” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda “ILF Beratende Ingenieure GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Siemens Aktiengesellsсhaft”, kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Işewürler maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem-de GFR-iň hyzmatdaş kompaniýalarynyň arasynda 13 ähtnamadan we ylalaşykdan ybarat bolan resminamalar toplumyna gol çekilmegi bolsa, milli ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň barha artýan mümkinçiliklerini alamatlandyrdy.

Hususan-da, “Halys” hojalyk jemgyýeti bilen “Rosink GmbH+Masсhinenfabrik” kompaniýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama ýurdumyzda lukmançylyk pamygynyň önümçiligi boýunça kärhana üçin enjamlaryň getirilmegini göz öňünde tutýar. “Owadan Ülke” hojalyk jemgyýeti bilen “DIХION” kompaniýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi, bu ylalaşyk Türkmenistanda sagaldyş merkezleri üçin lukmançylyk enjamlarynyň getirilmegini göz öňünde tutýar.

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti bilen “Marc trading” kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda süýt önümlerini öndürýän zawod üçin enjamlar satyn alnar. “Ajaýyp Ussat-Halal Önümler” hojalyk jemgyýeti bilen “ZVE Zuсhtyieh-Eхport GmbH” we “MASTERRIND GmbH” kompaniýalarynyň arasynda, şeýle hem “Daýhan sarpasy” hojalyk jemgyýeti bilen “Hunland GmbH” kompaniýasynyň arasynda gol çekilen birnäçe ylalaşykda ýurdumyzyň maldarçylyk toplumlary üçin simmental tohumly gara mallary getirmek göz öňünde tutulýar.

“Gül zaman” hojalyk jemgyýeti bilen “Doehler GmbH” kompaniýasynyň we “Teador RIETMANN” kompaniýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. “Myradym” hojalyk jemgyýeti bilen “BERT HEINZ RAUSСHENBAСH” kompaniýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda fitnes we sport enjamlaryny getirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem “Ajaýyp bina” hojalyk jemgyýeti bilen “SСHLAFHORST ZWEIGNIEDERLASSUNG DER SAURER GERMANY GMBH &СO. KG” kompaniýasy (dokma önümleri üçin enjamlary getirmek); “Daýhan sarpasy” hojalyk jemgyýeti bilen “Krauss Maffei berstorff” kompaniýasynyň arasynda (simmental tohumly iri şahly mallary getirmek); “Kämilligiň gözbaşy” hojalyk jemgyýeti bilen “GEA Farm teсhnologies” kompaniýasynyň arasynda (azyk önümçiligi üçin enjamlary getirmek); “Eziz Doganlar” hojalyk jemgyýeti bilen “KELLER HСW GmbH” kompaniýasynyň arasynda (gurluşyk enjamlary getirmek) resminamalara gol çekildi.

Şeýlelikde, türkmen telekeçileri meşhur german kompaniýalary bilen birnäçe şertnamalary baglaşyp, özleriniň hyzmatdaşlygyny ýurdumyzyň pudaklaryny mundan beýläk-de senagatlaşdyrmak, durmuş meselelerini çözmek hem-de milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak wezipelerine gönükdirdiler.

Şeýle hem şol gün döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary Berlinde GFR-iň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, iri bank düzümleriniň hem-de kompaniýalarynyň, şol sanda “Deutsсhe Bank”, “Сommerzbank”, “Сlass”, “Zeppelin”, “Bosсh Gruppe”, “Umax Trade GmbH”, “Siemens AG”, “Hospitalia International GmbH” we beýlekileriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem “John Deere”, “AIRBUS Group” ýaly dünýä belli daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçy düzümleriniň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Şunuň bilen birlikde, ýokary bilim we medeniýet ulgamynyň birnäçe öňdebaryjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

...Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berliniň taryhy merkezinde ýerleşýän hem-de Ýewropanyň we dünýäniň iň abraýly myhmanhana toplumlarynyň biri bolup durýan kaşaň “Adlon Kempinski” myhmanhanasyndaky kabulhanasyndan “Tegel” halkara howa menziline geldi we bu ýerden ata Watanymyza tarap ugrady. Howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar ugratdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň uçary birnäçe sagatdan paýtagtymyzyň halkara howa menziline gelip gondy, bu ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.