Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

view-icon 911
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sizi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda giňden bellenýän baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Beýik özgertmeleriň, ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiz, mähriban halkymyz şan-şöhrata beslenen taryhy döwri başdan geçirýär. Biz ýakyn wagtda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçeris. Merdana halkymyz bu beýik baýrama ýokary ruhubelentlik, uly zähmet üstünlikleri, belent maksatlar bilen barýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty eziz Watanymyza, asuda, abadan durmuşymyza guwanyp ýaşaýar, ata-babalarymyzyň mukaddes ýörelgelerine eýerip, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýär, okaýar, döredýär we gurýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäginde bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär. Bilime jemgyýetimiziň öňe gitmeginiň, döwletimiziň mundan beýläk-de ösmeginiň binýady hökmünde garalýar. Biziň bilim syýasatymyzyň esasy maksady ýurdumyzyň her bir raýaty üçin bilim almagyň elýeterli bolmagyny gazanmakdyr. Her bir adamyň bilim babatda öz ukybyny, zehinini doly ulanyp bilmegi üçin ähli şertleri döretmekdir.

Bilim işinde umumadamzat gymmatlyklary, dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi göz öňünde tutulmalydyr. Şeýle hem, bilim ulgamy halkymyzyň medeni, milli-ruhy ýörelgeleri, däp-dessurlary bilen sazlaşykly ösmelidir.

Gadyrly mekdep okuwçylary!
Mähriban talyp ýaşlar!


Siziň bagtyýar durmuşda ýaşamagyňyz, okamagyňyz, öwrenmegiňiz, döwrümiziň ýokary derejeli hünärmenleri bolup ýetişmegiňiz üçin döwletimiz tarapyndan uly işler amala aşyrylýar. Berkarar Watanymyzda ýaşlaryň islän hünärleri boýunça bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, olara kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Ykdysadyýetiň ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar. Ýaşlarymyz zerur ugurlardan daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Ýurdumyzda döwlet tarapyndan bilim bermek işi mugt amala aşyrylýar. Mekdep okuwçylary, talyplar, mugallymlar zerur okuw-tehniki enjamlary, okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün edilýär. Täze, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurulýar, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Şu täze okuw ýylynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň onlarçasynyň täze binalarynyň ulanmaga berilmegi hem döwletimiz tarapyndan bu ugurda edilýän aladanyň aýdyň mysalydyr.

Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sany has-da artýar. Dünýäniň dürli künjeklerinde Watanymyza, halkymyza mynasyp wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli we başarjaň ýaşlarymyza biz örän guwanýarys!

Pederlerimiziň ruhy siňen mukaddes topragymyzy, ata Watanymyzy jandan söýmek, gözüň göreji deýin goramak, döwrebap bilim-terbiýe alyp, ylym bilen meşgullanyp we hünär öwrenip, jemgyýete peýdaly adamlar bolup ýetişmek, alan bilimiňizi, ylmyňyzy, hünäriňizi halkymyzyň abadançylygyna bagyş etmek siziň mukaddes borjuňyzdyr. Siz häzirki zamanyň ösen enjamlaryna, kompýuter tehnologiýalaryna erk etmegi başarmalysyňyz, halkymyzyň şöhratly taryhyny, medeni mirasymyzy yhlasly öwrenmelisiňiz, ylym-bilim çuňluklaryna içgin aralaşyp, hemişe uly üstünlikleri gazanmalysyňyz.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Eziz Watanymyzyň berkararlygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri ýaş nesle wagyz etmekde, ýaşlary belent maksatlara, asylly işlere ruhlandyrmakda siziň hyzmatyňyz örän uludyr. Siz nesillerimize watansöýüjilik, ynsanperwerlik, päk ahlaklylyk ruhunda döwrebap bilim-terbiýe bermek bilen, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere mynasyp goşant goşýarsyňyz.

Biziň ýurdumyzda mugallymyň mertebesi belent tutulýar. Mugallymlaryň netijeli zähmet çekmegi, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermegi üçin ähli şertler döredilýär. Sebäbi, mugallymyň çekýän halal, tutanýerli we döredijilikli zähmeti biziň gazanýan üstünliklerimiziň gözbaşydyr.

Siziň bilim ulgamyny dünýä tejribesine hem-de milli ýörelgelerimize laýyklykda, ylmy esasda döwrebap ösdürjekdigiňize, ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barjakdygyňyza berk ynanýaryn!

Eziz watandaşlar!

Sizi Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, okuwda we işde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow