Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň daşary işler ministri şeýh Mohammad bin Abdulrahman bin Jasim Al-Tanini kabul etdi.
Myhman ýüzbe-ýüz duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň aýdan mähirli we hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Şeýh Mohammad bin Abdulrahman bin Jasim Al-Taniniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda biziň döwletimizde Türkmenistanyň Baştutanynyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilişine we türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, Katar Döwletiniň Emirine we tutuş katar halkyna özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman özenini özara peýdaly gatnaşyklar we dostluk däpleri düzýän döwletara hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda ýeten derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda Katar Döwletine bolan resmi saparynyň, şeýle hem Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň şu ýylyň mart aýynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň jemleri boýunça ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-katar hyzmatdaşlygyna kuwwatly itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we şeýh Mohammad bin Abdulrahman bin Jasim Al-Tani iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň we onuň uly geljeginiň bardygyny belläp, netijeli gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň zerurdygy barada aýtdylar.
Nebitgaz toplumy döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyz ykrar edilen energetika ýurtlar we tebigy gazy esasy eksport edýän döwletler bolmak bilen, bu möhüm ugurdaky hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn esasda ösdürilmegine ähmiýet berýändigi bellenildi. Maýa goýum, söwda, ýokary tehnologiýalar, gurluşyk we beýleki pudaklar türkmen-katar gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi. Katar Döwletiniň DIM-niň ýolbaşçysy milli Liderimiziň ulag ulgamynyň halkara köpşahaly düzümini kemala getirmek boýunça öňe sürýän taslamalarynyň wajypdygyny belläp, öz ýurdunyň bu işleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyny belläp, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we sport ugurlaryndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Munuň özi dünýäniň islendik ýurdunyň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Şeýh Mohammad bin Abdulrahman bin Jasim Al-Taniniň belleýşi ýaly, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi Türkmenistanyň Halkara Olimpiýa Geňeşiniň ösüşine mynasyp goşant goşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Myhman Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galmagyny şertlendirýän bu sport bäsleşikleriniň üstünlikli geçjekdigine ynam bildirip, Katar Döwletiniň Aziada — 2017-niň guramaçylyk meseleleri boýunça bu ugurda toplan tejribesini hödürlemäge we hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we dostlukly ýurduň daşary işler ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halif Bin Ahmad Al Suwaidi gatnaşdy.