Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 866
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Takahiko Kasumatany kabul etdi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatory Akihitonyň hem-de Premýer-ministri Sindzo Abeniň abadançylyk we tutuş türkmen halkyna gülläp ösüş barada aýdan arzuwlaryny ýetirdi. Ilçiniň nygtaýşy ýaly, Imperator Akihito Türkmenistan bilen ýola goýulýan däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýär.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatoryna we Premýer-ministrine mähirli sözlerini aýtdy. Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen netijeli hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyna aýratyn üns berýändigini belläp, Ýaponiýanyň biziň ýurdumyzyň esasy strategiki hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ilçini jogapkärçilikli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykan netijeli döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde üstünlik arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de ilçi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde sazlaşykly ösýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigine kanagatlanma bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza bolan saparlarynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hem-de ýaponiýaly diplomat özara peýdaly gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin uly geljegiň we ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň mejlisleri, 2015 — 2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň başlyklyk edýän “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşyklaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk dürli derejedäki hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine ýardam edýär.

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ulgamlary boýunça durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalaryna Ýaponiýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň gatnaşmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini we onuň uzakmöhletleýindigini alamatlandyrýar. Hemmetaraplaýyn innowasion ösüşi, senagat düzüminiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny ugur edinýän Türkmenistan ýokary tehnologiýaly önümçilige aýratyn ähmiýet berýär. Bu bolsa ýapon hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge täze mümkinçilikleri açýar. Söwda-ykdysady ulgam bilen bir hatarda, energetika, nebitgaz, himiýa, ulag pudaklary hyzmatdaşlygyň geljegi uly möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Milli Liderimiz döwletara gatnaşyklarynyň wajyp ugry bolan ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barada aýdyp, myhman ylym we bilim, medeniýet hem-de sungat ugurlary boýunça gatnaşyklaryň ýyl-ýyldan işjeňleşýändigini bellediler. Aşgabatda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylmagy ylym-bilim ulgamy boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan sport ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Jenap Takahiko Kasumata türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ýurdumyzda Ýaponiýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Ilçi netijeli döwletara gatnaşyklarynyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegi ugrunda tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýaponiýaly diplomat Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan giň möçberli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.