Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary jenap Motome Takisawany kabul etdi.
Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige çuňňur hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatory Akihitonyň we Premýer-ministri Sindzo Abeniň milli Liderimize hem-de tutuş türkmen halkyna bagt, abadançylyk we saýlap alan özygtyýarly ösüş ýolunda belent sepgitlere ýetmekde uly üstünlikler barada aýdan arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ýokary ýolbaşçy düzümine özüniň hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, aýratyn-da, üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge hem-de hil taýdan täze derejä çykarmaga taýýardygyny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz we myhman özara bähbitli gatnaşyklaryň soňky ýyllarda sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini kanagatlanma bilen belläp, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryndaky meseleler babatda pikir alyşdylar. Ikitaraplaýyn pikire görä, bu hyzmatdaşlygyň berkidilmegi taraplaryň halkara syýasatynyň birnäçe ugurlary boýunça garaýyşlarynyň ýakynlaşmagyna ýa-da gabat gelmegine hyzmat eder.
Jenap Motome Takisawanyň belleýşi ýaly, Ýaponiýada Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik syýasatyna we milli Liderimiziň parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de ählumumy howpsuzlygyň berkidilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlaryna ýokary baha berilýär we hemmetaraplaýyn goldanylýar.
Häzirki döwürde Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan we üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamasy diňe bir ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklamaga däl, eýsem, Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlar üçin has-da özüneçekiji bolmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda häzirki döwürde netijeli döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Hususan-da, türkmen-ýapon gatnaşyklaryny dürli ugurlar, şol sanda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, bilim we maglumat tehnologiýalary ugurlary boýunça mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerine deglip geçildi.
Ylym we bilim ulgamlaryndaky ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meseleleri iki ýurduň aragatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryna öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanda ýurduň täzeçil ösüş we düýpli döwrebaplaşdyryş strategiýasynyň durmuşa geçirilmegini nazara alanyňda, has-da möhümdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki iş üçin örän uly mümkinçilikleriň hem-de uly geljegiň bardygyny belläp, Ýaponiýanyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk hem-de birek-birege düşünişmek gatnaşyklarynyň berkidilmegine ýardam berjekdigini nygtady.
Jenap Motome Takisawa Aşgabatda Oguz han adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersitetiniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga berlen çakylyk üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Hökümetiniň Türkmenistan bilen ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi. Myhman milli Liderimiziň bilim, ylym ýaly möhüm ugurlarda durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasatynyň döwletiň we jemgyýetiň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi üçin ygtybarly binýady döredýändigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary jenap Motome Takisawa ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň netijesinde uly geljegi bolan özara peýdaly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahiko Kasumata gatnaşdy.