Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň ulag, deňizçilik we aragatnaşyk ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň ulag, deňizçilik we aragatnaşyk ministrini kabul etdi

view-icon 856
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ulag, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp, kabul edendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Arslan Ahmediň belleýşi ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly, doganlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty dünýä bileleşiginiň ykrar etmegine we goldawyna eýe boldy.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Türkiýe bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny berkitmäge uly üns berýändigini belledi. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy we täze mazmun bilen baýlaşdy. Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, iki ýurduň halklaryny birleşdirýän mizemez dostlukly we köp asyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklaryň häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.

Üstaşyr-ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň geljeginiň uludygy iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistan ulaglaryň ähli görnüşleriniň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri geçirmek bilen bir hatarda, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň başyny başlaýar. Şol taslamalar daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde üstünlikli amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz halkara ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmek meselesiniň strategik häsiýetine ünsi çekip, bu ugurda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň sebitara we dünýä möçberinde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça döwrebap ulag geçelgelerini döretmek işinde öňdäki orunlary eýelemek üçin ýurtlarymyzda ähli esaslar bar. Türk kompaniýalaryna Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz menzilini hem-de Aşgabadyň Halkara howa menzilini, halkara ölçeglerine laýyk gelýän awtobanlary, ulag ýollaryny we estakadalary gurmagyň iri taslamalarynyň ynanylmagy munuň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetini şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçiriljek durnukly ulag boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Jenap Ahmet Arslan Türkiýäniň işewür toparlarynyň geljekde hem Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri we düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň ulag, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda guralýan döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuju hem gatnaşdy.