Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen dostlugynyň Parlament ligasynyň başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen dostlugynyň Parlament ligasynyň başlygyny kabul etdi

view-icon 982
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtyna gelen Ýapon-türkmen dostlugynyň Parlament ligasynyň başlygy Toşiaki Endony kabul etdi.

Jenap Toşiaki Endo wagt tapyp, kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýaponiýanyň Imperatory Akihitonyň hem-de Premýer-ministri Sindzo Abeniň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Myhman hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmagyň uly hormatdygyny nygtap, Ýaponiýanyň bütin dünýäde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem-de döredijilikli halkara başlangyçlary bilen meşhur bolan ýurdumyz bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatoryna hem-de Premýer-ministrine mähirli salam aýdyp, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ilkibaşdan deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini kanagatlanmak bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin oňaýly şertleriň we uly kuwwatyň bardygyny nygtadylar. Ýokary derejedäki gepleşikleriň, şol sanda Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutanynyň geçen ýylyň güýzünde Türkmenistana bolan saparynyň barşynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-ýapon gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berendigi bellenildi.

Ýurdumyzyň hem-de türkmen bazarynda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işleýän we iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan meşhur ýapon kompaniýalarynyň arasyndaky işjeň gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk täze many-mazmuna eýe boldy. Munuň özi iki ýurduň we halklaryň has-da ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky dostlugyň berkidilmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň döredilmegi ylym-bilim ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Şunuň bilen baglylykda, myhman Aşgabada gelip görmek hem-de şu ýokary okuw mekdebiniň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu uniwersitet innowasion ýoly bilen ösýän ýurdumyz üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam etmelidir.

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz we ýaponiýaly myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan parlamentara aragatnaşyklarynyň hem-de kanunçykaryjylyk işinde özara peýdaly tejribe alyşmagyň wajypdygyny bellediler. Ýapon-türkmen dostlugynyň Parlament ligasynyň işi hem muňa ýardam etmelidir. Bu düzümiň döredilmegi diňe bir döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek babatda ýetilen belent derejäni şöhlelendirmek bilen çäklenmän, eýsem, Ýaponiýanyň parlamentarileriniň uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşmaga çalyşýandyklaryny görkezýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň, şol sanda BMG-niň ugry boýunça köptaraplaýyn görnüşde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň, ilkinji nobatda bolsa, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmäge degişli meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda tagallalaryny birleşdirýändigi bellenildi. “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşyklarynyň çäklerinde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy okgunly häsiýete eýedir. Ýurdumyz 2015 — 2016-njy ýyllarda oňa başlyklyk edýär.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Toşiaki Endo mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, öz tarapyndan, Ýapon-türkmen Parlament ligasynyň başlygy hökmünde iki ýurduň we halklaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.