Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygyndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.
Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy täze okuw ýylynyň başlanmagyny alamatlandyrýan baýramçylyk bilen gutlap, milli Liderimize bagtyýarlyk, saglyk hem-de uzak ýyllaryň dowamynda abadançylyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny aýtdylar.
1-nji sentýabry Bilimler we talyp ýaşlar güni hökmünde giňden bellemegiň asylly däbi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletiň hem-de häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň düýp özeni hökmünde milli bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge berilýän aýratyn ünsüň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, bu ugry milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ilkinji günlerinden başlap, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan hem-de bilim we ylym ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler döwlet syýasatynyň ösüşlere beslenendiginiň kepili, türkmenistanlylaryň durmuşynyň hil taýdan täze derejesini üpjün etmäge gönükdirilen nyşany boldy.
Asyrlaryň dowamynda toplanan milli tejribäni hem-de dünýäniň iň oňat tejribesini özünde jemleýän, bilim ulgamyndaky giň gerimli özgertmeler mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim berýän mekdeplerde, orta hünär hem-de ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Milli maksatnamalaryň baş ugurlarynyň biri bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde öňdebaryjy kompýuter tehnikalary we okatmagyň iň täze multimediýa serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan döwrebap okuw-terbiýeçilik edaralarynyň gurluşygy depginli alnyp barylýar. 1-nji sentýabrda Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň täze binalarynyň onlarçasynyň ulanylmaga berilmegi ajaýyp toý dabaralaryna beslendi.
Ýurdumyzda täze netijeli usullaryň işlenip taýýarlanylmagyna, täze okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň neşir edilmegine, orta bilim berýän mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Döwrebap bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ukyply we watançy ýaş nesilleriň terbiýelenilmegi, olaryň zehininiň açylmagy mugallymlaryň hünär ussatlygyna hem-de okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň peýdalanylmagyna baglydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, bilimiň hemme döwürlerde-de döwletiň we jemgyýetiň ösüşi üçin abadançylygyň hem-de bagtyýar durmuşyň özboluşly kepili bolmak bilen kesgitleýji ähmiýete eýe bolandygyny nygtady.
Milli bilim ulgamynyň düzümini we hilini kämilleşdirmek, ony ösen döwletleriň derejesine çykarmak, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý ýaş nesilleri kemala getirmek üçin hemme şertleri döretmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de ösüşiň esasy hereketlendirijisi we täze taryhy eýýamyň belent maksatlaryna tarap öňe ilerlediji güýç hökmünde bilim we ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine döwletimiziň mundan beýläk-de ilkinji derejeli üns berjekdigini nygtady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary, bilim ulgamynyň ähli işgärlerini, talyplary hem-de mekdep okuwçylaryny Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlap, ýaşlara okuwlarynda täze üstünlikleri, mugallymlara bolsa işlerinde belent sepgitlere ýetmegi arzuw etdi. Bu işleriň baş maksady ýokary bilimli, döwrebap pikirlenýän we maksada okgunly ýaş nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr. Şol nesiller halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, mähriban Watanymyzyň nurana geljeginiň bähbidine amala aşyrylýan beýik özgertmeler strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirerler.