Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowyň aradan çykmagy zerarly matam çärelerine gatnaşdy.
Özbek Lideri 2-nji sentýabrda 79 ýaşynyň içinde beýnisine gan inmegi zerarly aradan çykdy. Bu gün ýurduň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi Daşkentden Samarkanda getirilen Özbegistanyň Prezidenti Yslam Karimowy soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşdy.
Yslam Karimow, musulman däplerine laýyklykda, Şahi-Zinda taryhy gonamçylygynda maşgala aramgähinde jaýlandy, bu ýerde orta asyrlaryň görnükli işgärleri, şeýle hem Özbegistanyň ilkinji Prezidentiniň ene-atasy jaýlanypdyr.
Resmi hoşlaşmak çäresi meşhur Registan meýdançasynda, özbek Lideriniň Samarkantdaky kabulhanasynda geçirildi.
Görnükli döwlet işgärini soňky ýoluna ugratmak üçin diňe bu ýurduň raýatlary däl-de, eýsem, dünýä döwletleriniň on ýedisiniň wekiliýetleri, şol sanda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň Prezidentleri, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gruziýanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň premýer-ministrleri, Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň, Ukrainanyň we beýleki döwletleriň wise-premýerleri geldiler.
Çärede Özbegistan Respublikasynyň hökümetiniň adyndan ýurduň premýer-ministri Şawkat Mirziýoýew söz sözledi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. Milli Liderimiz öz kärdeşi, dogany we dosty Yslam Karimow bilen hoşlaşyk sözlerini beýan etdi.
Biz şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti — Garaşsyz döwletiň ilkinji Prezidenti Yslam Abduganiýewiç Karimowyň biwagt aradan çykmagy zerarly tutuş türkmen halkynyň adyndan çuňňur gynanjymyzy beýan edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Merhumyň şahsy aýratynlyklary barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz onuň öz halkyny, eziz Watanyny tüýs ýürekden söýendigini hem-de onuň abadançylygy we gülläp ösmegi ugrunda ägirt uly işleri bitirendigini, Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň gözbaşynda durandygyny nygtap, onuň belent ruhly, hakyky watançy, görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolandygyny aýtdy.
Onuň ähli oňyn başlangyçlary halkara derejesinde uly goldawa eýe bolýardy. Onuň ýolbaşçylygynda Özbegistan täze durmuşy gurmagyň düýpli meselelerini çözdi hem-de uly üstünlikleri gazandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Karimowyň türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşant goşandygyny aýratyn belledi, şol gatnaşyklar hemişe ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini dowam etdirýän halklarymyzyň gadymdan gelýän dostluk we köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Biz ony örän sylaýardyk, ol Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy boldy hem-de halkymyzyň arasynda uly hormatdan peýdalanýardy.
Türkmenistanyň Baştutany Yslam Abduganiýewiçiň aýdan many-mazmunly sözlerini ýatda saklaýandygyny, onuň durmuşda iň gymmatly zat, bu biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ynamdyr, bu örän uly baýlykdyr, biz hemişe onuň gymmatyna düşünmelidiris hem-de ony berkitmelidiris diýip aýdandygyny ýatlady.
Türkmenistanlylar siziň ýurduňyzyň iň ýakyn dostlary bolmak bilen, bu gün siz bilen hasrat çekip, siziň derdiňizi paýlaşýarlar. Diňe bir paýtagtymyzda däl-de, eýsem, tutuş ýurdumyzda seýilgähler, meýdançalar Yslam Karimowyň adyny göterer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Görnükli döwlet işgäri, öz Watanynyň wepaly ogly Yslam Abduganiýewiç Karimow baradaky ýakymly ýatlamalary biz hemişe öz kalplarymyzda saklarys. Boljak işe çäre ýok. Yslam Abduganiýewiç Karimowyň bitiren işleri, goý, geljekki nesiller tarapyndan dowam etdirilsin diýip, türkmen Lideri hoşlaşyk çykyşyny tamamlady we Yslam Abduganiýewiç Karimowyň ýatan ýeriniň ýagty hem-de jaýynyň jennet bolmagyny, Beýik Biribardan oňa iman baýlygyny bermegini diledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Yslam Karimowyň ýagty ýadygärliginiň hormatyna gül çemenini goýdy hem-de oňa baş egip, özbek Lideriniň hatyrasyny tutdy. Türkmen Lideri Yslam Abduganiýewiçiň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, Özbegistanyň hökümetiniň agzalaryna, tutuş özbek halkyna duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.
Özbegistanda üç günlük matam yglan edildi.