Ozalky hepdeler ýaly, geçen hepde hem ýurdumyzyň gadamy batly ösüşini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze belentliklerine tarap okgunlylygyny şöhlelendirýän wakalara baý boldy. Ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk toýunyň öň ýanynda onuň däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösmeginiň, şeýle hem ýurdumyzda umumymilli derejede bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp binagärlik-gurluşyk desgalarynyň açylmagynyň nyşany astynda geçmeginiň özboluşly manysynyň bolandygyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan we döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasyna öwrülendigini bellemek gerek.
29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Federal Kansler Angela Merkel bilen duşuşdy. Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň we giň mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, GFR-iň Federal Kansleri öz ýurdunyň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika we ulag pudaklaryny görkezip, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz energiýa göterijilerini günbatar ugur boýunça ibermäge gyzyklanma bildirýär diýip belledi. Ýewropa topary bilen bilelikde bu ugruň hukuk we tehniki mümkinçilikleriniň üstünde işlenilýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeli özi üçin amatly pursatda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Milli Liderimiz GFR-e iş saparynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary, ýagny Germaniýanyň Federal ykdysadyýet we energetika ministrliginiň döwlet parlament sekretary Uwe Bekmaýer, “Siemens AG” kompaniýasynyň wise-prezidenti, kompaniýanyň Russiýa boýunça prezidenti Ditrih Mýoller we “Siemens AG” kompaniýasynyň energetika we gaz boýunça ýerine ýetiriji direktory Willi Meýksner, “Deutsсhe Bank AG-niň” dolandyryjylar geňeşiniň agzasy, maliýe meseleleri boýunça direktory Markus Şenk, “Deutsсhe Bank AG-niň” Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça ýerine ýetiriji direktory Piter Tils we bankyň uly geňeşçisi Ýurgen Fitçen, “SAP” kompaniýasynyň Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça prezidenti Ştefan Hohbauer, “Сifal Group” kompaniýasynyň prezidenti we baş direktory Žil Remi we “ILF Сonsulting Engineers” kompaniýasyny esaslandyryjy Adolf Faýslmaýer, “Airbus Group” kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça wise-prezidenti Maruan Laud, “Сargoluх” kompanýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti we maliýe direktory Maksim Ştraus bilen duşuşyklary geçirdi.
Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürler maslahaty özara bähbitli gatnaşyklaryň mümkinçiligini ýokarlandyrmagynyň aýdyň mysalyna öwrüldi. Onuň baş maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze çemeleşmeleri kesgitlemekden we ylalaşmakdan, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň has bähbitli ugurlaryny ýüze çykarmakdan, işewür hem-de ylmy-tehniki gatnaşyklary ýola goýmakdan ybarat boldy.
Duşuşyga bank ulgamynda, energetika, maşyngurluşyk, nebit we gaz pudaklarynda, gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde, himiýa senagatynda, oba hojalygynda, saglygy goraýyş, ylym we bilim, ulag we aragatnaşyk, söwda, syýahatçylyk, medeniýet hem-de neşirýat ulgamlarynda işleýän kompaniýalaryň 100-den gowragy gatnaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilmegi, wezipäniň çuňňur öwrenilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini we olary çözmegiň ýollaryny kesgitlemäge ýardam etdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň gol çeken Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky girdejilere we emläge iki gezek salgyt salmagy aradan aýyrmak hakyndaky Ylalaşygyň aýratyn ähmiýeti bellenildi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa saparynyň barşynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Umaх Trade GmbH” kompaniýasynyň arasynda bilim ulgamynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersitetiniň (GFR) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Umaх Trade GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “СIFAL GROUPE Deutsehland GmbH” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda “ILF Beratende Ingenieure GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Siemens Aktiengesellsсhaft” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Işewürler maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem-de GFR-iň hyzmatdaş kompaniýalarynyň arasynda 13 Ähtnamadan we Ylalaşykdan ybarat bolan resminamalar toplumyna gol çekilmegi milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz böleginiň barha artýan mümkinçiliklerini alamatlandyrdy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň daşary işler ministri şeýh Mohammad bin Abdulrahman bin Jasim Al-Tanini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň we onuň uly geljeginiň bardygyny belläp, netijeli gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň zerurdygy barada aýtdylar. Türkmen-katar gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlary hökmünde nebitgaz toplumy görkezildi. Şeýh Mohammad bin Abdulrahman bin Jasim Al-Taniniň belleýşi ýaly, Katar Döwleti Aziada — 2017-niň guramaçylyk meseleleri boýunça bu ugurda toplan tejribesi esasynda hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Üstaşyr-ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň ulag, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan bilen geçiren duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmek meselesiniň strategik häsiýetine ünsi çekip, “Gündogar—Günbatar” we “Demirgazyk—Günorta” ugurlary boýunça döwrebap ulag geçelgelerini döretmek işinde öňdäki orunlary eýelemek üçin ýurtlarymyzda ähli esaslar bar diýip belledi.
Hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Takahiko Kasumata bilen geçiren duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Milli Liderimiz we ýapon ilçisi ähli ugurlarda, şol sanda ylym we bilim, medeniýet hem-de sungat ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňaýly şertleriň we uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary jenap Motome Takisawa, Ýapon-türkmen dostlugynyň Parlament ligasynyň başlygy, Ýaponiýanyň parlamentiniň wekilleriniň palatasynyň agzasy Toşiaki Endo bilen duşuşyklarynyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary söwda-ykdysady, şeýle hem ynsanperwer ulgamda giňeltmek üçin amatly şertleriň we uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilip geçildi. Şol gün döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan täze ýokary okuw mekdebiniň — Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylmagy geçen hepdäniň möhüm wakasy boldy.
Bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmegi ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmagyň ýolunda şanly waka öwrüldi. Milli Liderimiziň Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli bilim özgertmeleriniň esasynda goýlan oňyn maksatlary bu iri taslamada hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Ol bu ulgamda innowasion häsiýetli özgertmeleri amala aşyrmak üçin nusgalyk mysal bolup biler.
Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär, ol esasy we ygtybarly hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylyş dabarasyna gatnaşýan ýaponiýaly myhmanlar bilen mähirli salamlaşdy. Olaryň hatarynda Ýaponiýanyň biziň ýurdumyzda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahiko Kasumata, Türkmenistana sapar bilen gelen Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Motome Takisawa hem-de Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrliginiň wekilleri we täze gurlup, ulanmaga berlen uniwersitetde işlejek beýleki hünärmenler bar.
Ýokary okuw mekdepde talyplaryň üç müňüsiniň bir wagtda bilim almagy üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde fakultetleriň bäşisi, on bäş sany kafedra işlär. Talyplar bu ýerde materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy; nanomateriallar; himiki tehnologiýa; biotehnologiýa; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy; innowatika ýaly möhüm ugurlar boýunça döwrebap bilim alarlar. Hünärleriň dürli görnüşleriniň bolmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen ykdysadyýetini has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça kesgitlän wezipeleri bilen şertlendirilendir.
Uniwersitet şäherjigine Ylmy-barlag merkezi, Dil öwreniş merkezi hem-de dersleri çuňňur öwrenmek üçin dürli dillerdäki edebiýat gaznasy bolan kitaphana girýär. Mundan başga-da, ýokary okuw mekdebinde elektron kitaphana bar.
Täze ýokary okuw mekdebinde okatmagyň häzirki zaman usullary bolan bakalawr, magistr we doktorant derejeleri ulanylar. Okuwyň birinji ýylynda talyplar iňlis we ýapon dillerini düýpli özleşdirerler. Soňky ýyllarda bolsa sapaklar diňe şu iki dilde alnyp barlar. Zehinli, ylmyň inçe ugurlaryny saýlap alan talyplar bolsa Ýaponiýanyň uniwersitetlerinde bilimlerini dowam etdirerler. Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hünärleriň hem-de okuw dersleriniň ýurdumyz üçin täze dili göz öňünde tutulyp, bu ugurlar boýunça okatmaga meşhur ýapon professorlary we alymlary çagyrylýar.
Umuman, ýokary okuw mekdebiniň düzümi bilim, ylym, önümçilik, innowasion we işewürlik ugurlarynyň bir merkezde birleşdirilmegini göz öňünde tutýar. Bu uniwersitetiň esasy maksady bolsa milli Liderimiziň bir ýyl mundan ozal tassyklan “Ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasyna” laýyk gelýär hem-de giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, döredijilikli pikirlenmegi hem-de oýlanyşykly çözgütleri kabul etmegi başarýan zehinli hünärmenleri ýetişdirmekden ybaratdyr.
Eziz Watanymyzyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda ornuny pugtalandyrmakda esasy şertleriň biri bolup durýan bilim ulgamyny hem döwrebap özgerdýäris. Raýatlarymyzyň, ilkinji nobatda bolsa, geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň häzirki zaman ylymlaryny we tehnologiýalaryny düýpli özleşdirmekleri üçin ähli zerur şertleri döredýäris diýip, milli Liderimiz täze ýokary okuw mekdebiniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow okuw otaglaryny gözden geçirip, özboluşly okuw diwarlyklary, multimediýa we ýokary takyklykdaky enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanalara, iňlis we ýapon dillerini öwrenmek üçin niýetlenen lingafon otaglaryna, täze kompýuterler hem-de 3D-displeýler bilen enjamlaşdyrylan okuw otagyna baryp gördi, 3D-skanerleriň we printerleriň işleýşini synlady.
Milli Liderimiz ýapon hünärmenleri, alymlary bilen söhbetdeş bolup, ýurdumyzda ekologiýa ulgamyny goramak boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini gürrüň berdi. Täze müňýyllykda adamzadyň ählumumy meselesi—süýji suw almagyň, bu ulgamda hem ylmy-tehnologik taýdan özara hereket etmegiň mümkinçilikleri gozgaldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryna ünsi çekip, olary çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.
Täze ýokary okuw mekdebiniň düzümi bilen tanyşlyk onuň döredilmegi bilen ýurdumyzyň hünär bilim ulgamynda giň möçberli işiň başlanandygy, ýagny okuwda tebigy we ykdysady ylymlary utgaşdyrmagyň başardandygy barada netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyz täze ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň gurluşygynyň potratçysy bolup çykyş eden “5M” türk kompaniýasynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi.
1-nji sentýabrda Türkmenistanyň okuw mekdepleriniň ählisinde döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylalaşdyryjylykly, ynsanperwerlikli içeri we daşary syýasatynyň ähmiýetine bagyşlanan ilkinji watançylyk sapaklary geçirildi.
Baýramçylygyň hormatyna geçirilen dabaralara ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda bilim syýasatynyň esasy maksadynyň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin bilim almagyň elýeterli bolmagyny gazanmakdan, her bir adamyň bilim babatda öz ukybyny, zehinini doly ulanyp bilmegi üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdygy nygtalýar. “Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär” diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda aýdylýar.
Täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp, döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen mekdepleriň we mekdebe çenli edaralaryň açylandygyny bellemek gerek. Mysal üçin, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň golaýynda ýöriteleşdirilen orta mekdep açylyp, onuň maksatnamasyna daşary ýurt dili hökmünde ýapon dili hem girizildi. Bu eýýäm ýurdumyzda şeýle mekdepleriň 12-njisi bolup, bu okuw mekdeplerinde işlemäge isleg bildirýän ýapon mugallymlary we professorlary üçin zerur bolan ähli şertler dörediler.
Paýtagtymyzyň Köşi we Parahat ýaşaýyş jaý toplumlarynda, şeýle hem Ruhabat etrabynda umumybilim berýän mekdepleriň hem-de Parahat-7/1 ýaşaýyş jaý toplumynda çagalar bagynyň açylyş dabaralary uly baýramçylyga öwrüldi.
Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň “Kiçiaga” geňeşliginiň Rysgally obasynyň okuwçylary hem täze mekdep binasynyň jaý toýuny toýladylar. Baharly etrabynyň Börme obasynyň hem-de Altyn asyr etrabynyň Altyn asyr şäheriniň körpe ýaşaýjylary üçin çagalar baglarynyň açylmagy ajaýyp sowgat boldy.
Güýz paslynyň birinji gününde, Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde, “Akybaý” geňeşliginiň Akybaý obasynda, Wekilbazar etrabynyň “Mülkýusup” geňeşliginiň Kaklydepe obasynda, Baýramaly etrabynyň “Azat” geňeşliginiň Hazarly obasynda, Türkmengala etrabynyň “Serdarýap” geňeşliginiň Rahat obasynda umumybilim berýän orta mekdepleriniň açylmagy uly baýramçylyga öwrüldi. Tagtabazar etrabynyň Tagtabazar şäherçesiniň hem-de Baýramaly etrabynyň Murgap obasynyň körpeleri “çagalar şäherjigini” sowgat aldylar.
Orta mekdepleriň açylyş dabarasy Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň “Pelwert” geňeşliginiň Pelwert obasynda hem boldy. Ajaýyp çagalar baglary Atamyrat etrabynyň “Çekir” geňeşliginiň Güýç obasynda hem-de Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň “Daşrabat” geňeşliginiň Daşrabat obasynda peýda boldy. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýurdumyzyň ähli 1-nji synp okuwçylaryna okuw kompýuterleri gowşuryldy.
Döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen bagly möhüm meseleler hem-de aýry-aýry resminamalaryň taslamalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2-nji sentýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiriljek söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky 4-nji mejlisine, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan “GDA-nyň 25 ýyllygy: goşulyşmagyň we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary” atly döwletara sergisine görülýän taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli parlamentiň wekiliýetiniň şu ýylyň 28—31-nji awgustynda parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň çäklerinde Koreýa Respublikasyna iş saparynyň netijeleri barada aýdyldy.
Şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda LED lampalarynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda habar berildi. Paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy, Aşgabadyň Halkara howa menzili toplumynyň ulanmaga berilmegine görülýän taýýarlyk, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli açyljak durmuş-medeni maksatly desgalary ulanmaga bermäge hem-de baýramçylyk dabaralaryny guramaga taýýarlyk görlüşi we baýramçylyk dabaralaryny guramak bilen bagly meselelere garaldy.
Ýurdumyzyň çagalar sagaldyş merkezlerinde mekdep okuwçylarynyň tamamlanan tomusky dynç alyş möwsümine, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň biraýlygynyň geçirilmegine aýratyn üns berildi. Bu çäre geçen ýylda bolşy ýaly, güýzüň ilkinji güni “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” diýen şygar astynda badalga aldy. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler Bilim ministrliginiň beýleki pudaklaýyn ministrlikler we edaralar, şeýle hem iri jemgyýetçilik we halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmeginde geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, 2016-njy ýylyň 5—26-njy sentýabry aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 188 zyýaratçy Saud Arabystany Patyşalygyna iberilýär. Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin “Boing-757” uçarynyň ýörite gatnawyny öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.
Şeýlelikde, geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, olaryň many-mazmuny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze taryhy döwürde öňde goýan maksatlaryny—milletiň ruhy gymmatlyklaryny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, türkmen halkynyň abadançylygyny has-da artdyrmak, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny berkitmek bolup durýan maksatlary şöhlelendirýär.