Aşgabatda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, şeýle hem ykdysadyýetiň nebitgaz, ulag we senagat pudaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Hazarýaka döwletleriniň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň hem-de Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Bu resminamalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň sentýabrynda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwlet Baştutanlarynyň IV Sammitinde beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.
Bellenilişi ýaly, Hazar bilen bagly meseleler döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, milli we umumy bähbitleri, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygy nazara almak ýörelgelerine esaslanan syýasaty amala aşyrýar. Sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda işjeň orny eýelemek bilen, Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, Hazarýaka döwletleriniň netijeli gatnaşyklaryny ösdürmek, olaryň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen birleşen haklarynyň arasyndaky dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmek işine uly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar meseleleriniň dürli taraplaryna, şol sanda Hazarda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň degişli şertnamalaýyn hukuk binýadyny döretmek bilen bagly netijeli teklipleri munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Mysal üçin, türkmen tarapynyň işläp taýýarlaýan Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Biziň ýurtlarymyzyň özara söwdasynyň möçberleri häzir eýýäm uly görkezijilerde öz beýanyny tapýar, emma ätiýaçlygyň ägirt uly köpugurly mümkinçiliklerini nazara alanyňda, ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny ynam bilen aýtmak bolýar.
Ulag ulgamynda yklym ähmiýetli iri kommunikasion merkez hökmünde Hazar deňziniň mümkinçiliklerini düýpli peýdalanmak ýene-de bir strategik ugur bolup, ol Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, şeýle hem olary dünýä bazarlaryna çykarmagyň mümkinçiliklerini açýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gürrüň bu ýerde Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň düýbünden täze gurluşyny döretmek hakynda barýar. Şol döwletleriň çäkleri Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan tebigy geografik giňişlik bolup durýar hem-de “Gündogar—Günbatar” we “Demirgazyk—Günorta” ugurlary boýunça ulag-üstaşyr we söwda ýollarynyň netijeli hereket etmegini üpjün edýär.
Şony nazara almak bilen, Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň taslamasy işlenip taýýarlanylýar. Ol bu möhüm ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy iş ýüzünde amala aşyrmagyň görnüşleriniň biri hökmünde Hazar sebit ulag-logistik merkeziniň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Şu günki mejlisiň barşynda hemişelik hereket edýän Hazar Ykdysady Forumyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryny has-da ilerletmäge aýratyn üns berildi. Bu forum hazarýaka ýurtlarynyň hökümet we işewür toparlarynyň wekilleri üçin netijeli gepleşikler meýdançasyna öwrülip, dünýäniň işewürleri, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmelidir.
Türkmen tarapynyň işläp taýýarlaýan Teswirnamalarynyň ýene-de ikisiniň taslamalaryna jikme-jik garaldy. Olar 2010-njy ýylda Bakuwda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň III Sammitinde gol çekilen Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygyň üstüni ýetirer. Bu resminamalar biologik serişdeleriň bikanun alynmagyna garşy göreşmek (brakonerçilik) we deňiz gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ugurlarda goňşy ýurtlaryň ygtyýarly edaralarynyň hyzmatdaşlygy üçin hukuk esasyny döreder.
Umuman, bularyň hemmesi ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek hem-de ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli mümkinçilikleri bolan Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky däbe öwrülen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hyzmat eder.