Özbegistan öz garaşsyzlygyny almak bilen, döwlet we jemgyýet durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly göwrümli özgertmeler bilen häsiýetlendirilýän özbaşdak ösüşiň täze döwrüniň başyny başlady.
Taryhy ölçegler boýunça gysga wagtyň içinde biziň ýurdumyz öz güýjüne we mümkinçiligine daýanýan güýçli, durmuşy nazarlaýan döwlete öwrüldi. Onuň baş maksady halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmak we ösüp gelýän ýaş nesliň mynasyp geljegini üpjün etmek bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurduň ykdysadyýeti 6 essä golaý, ilatyň her bir sanyna arassa girdeji 9 esseden gowrak artdy.
Soňky 12 ýylda jemi içerki önümiň öndürilişiniň ösüş depgini 8 göterim derejesinde durnukly saklanýar, sazlaşdyrylan makroykdysady görkezijiler, Döwlet büjetiniň we töleg balansyň durnukly profisitiniň, eksportyň we ätiýaçlyk altyn-walýutanyň ösüşiniň görkezijileri durnukly saklanýar. Diňe soňky 5 ýylyň içinde Özbegistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlaryň 67 milliard dollary çekildi, onuň 21 göterimden gowragy – daşary ýurt naýa goýumlarydyr. Bu günki gün Özbegistan ykdysadyýete öňdebaryjy ylmy we tehnologiýalary ornaşdyrmakda dünýäde mynasyp orny eýeleýär.
Ösüşiň “özbek modeliniň” netijeliligi barada birnäçe halkara guramalarynyň çap etmeleri durmuş-ykdysady ulgamda Özbegistanyň gazananlarynyň özboluşly ykrarnamasy bolup durýar. Şeýlelikde, abraýly Bütindünýä forumynyň reýtingine laýyklykda, Özbegistan 2014-2015-nji ýyllaryň jemi we 2016-2017-nji ýyllaryň ösüş çaklamalaryna görä dünýäde ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň sanawynyň ilkinji bäşligine girýär. Bütindünýä bankynyň çykyşynda Özbegistanyň häzirki wagtda telekeçilik işinde işewürler gurşawyny gowulandyrmak ulgamynda soňky ýylda iň gowy görkezijileri görkezendigi üçin dünýäniň ilkinji onlugyna girýänýändigi bellenilýär. Mundan hem başga, 2015-nji ýylda Özbegistan BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň agza döwletlerini azyk üpjünçiliginiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda Müň ýyllyklaryň ösüş maksatnamasynda gazananlary üçin baýrak alan döwletleriň 14-niň biri boldy.
Özbegistanda dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeler, ilkinji nobatda, adamlaryň bähbitlerini, olaryň bagtly, abadançylykly we doly manyly durmuşyny üpjün etmek üçin şertleri döretmäge, esasan hem, biziň däp-dessurlarymyzy dowam etdirjek we geljekde Özbegistanyň ösüşini kesgitlejek sagdyn, sazlaşykly ösýän we ýokary intellektually nesli terbiýelemäge gönükdirilendir. Hut şonuň üçin hem garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, eneligi we cagalygy goramak döwletň durmuş syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.
Ýurtda işgärleri taýýarlamak boýunça şahsyýet – döwlet we jemgyýet – yzygiderli bilim – ylym – önümçilik ýaly düzüm bölekleri öz içine alýan Milli maksatnama amala aşyrylýar. Paýtagtda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň, şol sanda Westminster uniwersitetiniň, Turiniň politehniki uniwersitetiniň, Singapuryň menejmenti ösdürmek institutynyň, Inha Uniwersitetiniň, Lomonosow adyndaky MDU, Russiýanyň Plehanow adyndaky döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň, Russiýanyň Gubkin adyndaky nebit we gaz uniwersitetiniň bölümleri açyldy we işleýär. 2016-njy ýylda döwlet baştutanynyň buýrugy esasynda täze ýokary okuw mekdebi – Daşkentiň Alişer Nowaýy adyndaky özbek dili we edebiýaty döwlet uniwersiteti açyldy.
Biziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. 2015-nji ýylda Özbegistanyň türgenleri tarapyndan dünýä, Aziýa we beýleki halkara bäsleşiklerinde medallaryň 860-sy gazanyldy, olaryň 311 altyn, 274 kümüş we 276 bürünç medallardyr. Özbek boksçylary Rio-de-Žaneýro 2016 Olimpiýa oýunlarynda umumy toparlaýyn hasapda birinji ýeri eýeläp, ajaýyp üstünligi gazanmagy başardylar. Özbegistanyň ýygyndy topary Rio-2016-da gazanylan medallaryň sany boýunça GDA ýurtlarynyň arasynda Russiýa Federasiýasynyň toparyndan soňra ikinji orny eýeledi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurt syýahatçylyk ulgamynda düýpli öňegidişlik gazandy. Özbegistanda maddy-medeni mirasyň dürli döwürlerine we siwilizasiýalaryna degişli, şol sanda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna goşulan Buharanyň, Hywanyň, Samarkandyň we Şahrisabazyň taryhy merkezleri hem, 7 müňden gowrak desgalary bar. Soňky ýyllarda Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri, şol sanda ekologiki we lukmançylyk, geosyýahatçylyk, alpinizm we rafting ornaşdyrylýar, syýahatçylygyň gastronomiýa ugry hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Onuň ösdürilmegi bilen, palaw we beýleki milli tagamlar ýurduň tanalýan brendine öwrüldiler.
Özbegistan özüniň alyp barýan strategiki içeri we daşary syýasatlaryny öz ýakyn goňşularynyň we hyzmatdaşlarynyň, ilkinji nobatdaTürkmenistanyň, işjeň goldamaklaryna daýanýandygyny guwançly ýagdaýda bellenmäge mynasypdyr. Biziň ýurtlarymyz garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, ýakyn goňşy we wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaşlar hökmünde durnukly ösüşde we gülläp ösmekde, biziň ýurtlarymyzyň sebitde we halkara giňişliginde abraýyny ýokarlandyrmakda we tutýan ornuny berkitmekde birmeňzeş we obýektiw gyzyklanma bildirýärler. Prezidentler I.A.Karimowyň we G.M.Berdimuhamedowyň arasynda ýola goýlan aýratyn gyzgyn we ynam bildirijilikli gatnaşyklar özbek-türkmen gatnaşyklaryny täze belentliklere galdyrmaga mümkinçilik berdi.
Bu günki gün Türkmenistan Özbegistanyň çalt depginler we durnukly ösüşi bilen häsiýetlendirilýän möhüm söwda hyzmatdaşlarynyň hatarynda durýar. Garaşsyz bitarap Türkmenistanda Özbegistanyň wekilleri bolmak bilen, biz türkm dostlarymyzyň bize bolan mähirli we hoşniýetli garaýyşlaryny hemişe duýýarys. Pikir edýärin, bu başgaça bolup hem bilmez, sebäbi özbekler we türkmenler – bu bir agajyň iki şahasy bolup, iki doganlyk halklardyr. Biziň bütewi taryhy mirasymyzy, şeýle hem häzirki günümizi we geljegimizi biri-birinden aýry tutup bolmaz
Biziň taryhy çeşmelerimiziň, medeniýetimiziň, dillerimiziň we däp-dessurlarymyzyň umumylygyna daýanyp, Özbegistanyň we Türkmenistanyň halklary mundan beýläk hem öz geljeklerini bilelikde gurjakdyklaryna, biziň döwletlerimiziň ösüşlerini we gülläp ösmeklerini, şeýle hem merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin täze amala aşyrmalary ýerine ýetirmäge çalyşandyklaryna uly ynam bildirýärin.