Ï Türkmenistan – durmuş taýdan goraglylykda ýokary standartly döwlet
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – durmuş taýdan goraglylykda ýokary standartly döwlet

view-icon 1668
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýylynda ösüşi döwletiň we durmuşyň ähli ulgamlarynda haýran galdyrýar. Bu diňe bir ösüşiň maddy nyşany bolman, eýsem halkyň ýaşaýyş we durmuş derejesiniň we hiliniň haýran galdyryjy özgertmeleri hem bolup durýar. “Wektor” Halkara strategiki gözlegler institutynyň (RF) bilermenleriniň belleýişleri ýaly, “häzirki Türkmenistan - – durmuş taýdan goraglylykda ýokary standartly we her bir işe jogapkärçilikli çemeleşýän döwlet, bu ýurtda jemgyýetiň iň gymmatly zady adam bolup durýar, döwlet tarapyndan edilýän tagallalar bolsa şahsyýetiň erkin ösmegine we onuň mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir”.

Adam maýasynyň emele gelmegi üçin saglygy goraýyş we bilim ýaly esasy ulgamlaryň ösdürilmegi uly ähmiýete eýedir. Olaryň döwrebaplaşdyrylmagy halkara standartlaryny nazarlaýar. Milletň saglygyny ýurduň baýlygy hökmünde garaýan Türkmenistanyň ýolbaşçylary saglygy goraýşyň milli ulgamyny hukuk,, maddy-tehniki, ylmy we işgärler bilen üpjün edilmegine yzygiderli üns berýärler. Şunlukda onuň ösüşi döwlet syýasatynyň beýleki ugurlary – ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gyşarnyksyz abadanlaşdyrmak we gowulandyrmak ugrundan başlap, sporta we sagdyn durmuş ýörelgelerine giňden çekmek, temmäkä garşy we neşe serişdeleriniň bikanun dolandyrmaga garşy göreşmäge çenli goldanylýar.

Diňe soňky ýyllaryň dowamynda saglygy goraýşyň milli ulgamynyň üsti “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda”, “Azyk önümleriniň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmek hakynda”, “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesinden goramak we temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanlary hakynda”, “Derman üpjünçiligi hakynda” ýaly Türkmenistanyň Kanunlary bilen ýetirildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, türkmen lukmançylygyny ösdürmegiň esasy ugurlary onuň diňe bir aýry-aýry böleklerini bölekleýin ösdürmek bolman, eýsem toplumlaýyn ösdürmekden, kämil taýýarlanan uzakmöhletleýin maksatnamalar we çäreler bilen toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Saglygy goraýşy ösdürmegiň innowasion modeli diagnostiki, bejeriş edaralarynyň lukmançylyk ylmynyň ýakyn aragatnaşygyny, saglygy goraýşyň zerurlyklaryna baglylykda ylmy gözlegleriň meýilleşdirilmegini, şeýle hem ylmy gazanylanlary praktiki taýdan ulanylmagyny üpjün etmäge mümkinçiligi bolan hünärmenleri taýýarlamagy göz öňünde tutýar.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasy we “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy” toplumlaýyn çemeleşmäge esaslanandyr, raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek boýunça köpmeýilli işler bolsa “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we göreşmek boýunça Aşgabat deklarasiýasynda kesgitlenen 2014-2020-nji ýyllarda milli strategiýany ýerine ýetirmek”, “Türkmenistanda 2013-2017-nji ýyllarda ilaty sagdyn iýmitlendirmek Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanda 2003-2020-nji ýyllar döwür üçin immunoöňüni alyş Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanda şypahana-dynç alyş gullugyny ösdürmek boýunça Milli maksatnama” ýaly ýörüte maksatnamalarda beýan edilýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde häzirki zaman diagnostik merkezleriň we ýöriteleşdirilen keselhanalaryň, döwrebaplaşdyrylan şypahana-dynç alyş edaralarynyň giň toplumynyň döredilmegi milli saglygygy goraýyş ulgamynyň gürrüňsiz gazananlary bolup durýar. Olar türkmenistanlylara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýärler. Häzirki zaman, gowy üpjün edilen lukmançylyk edaralary häzirki wagtda welaýatlaryň ählisinde, obalarda guruldy we gurulýar. Bu bolsa ýerlerde ilata ýokary hilli lukmançylyk kömeklerini bermäge mümkinçilik berýär. Täzelenen “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplaryň şäherleriniň we etrap merkezleriniň 2020-nji ýyla çenli ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasyna” laýyklykda, oba ýerlerinde hassahanalaryň 44-sini, saglyk öýleriniň we merkezleriniň 72-ni gurmak göz öňünde tutulýar.

Ýakynda türkmen paýtagtynda gurlup, ulanmaga berlen Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi we Jemgyýetçilik sagdyn iýmitlenmek mekezi, Morfologiki merkezi we Halkara newrologiýa merkezi ýurduň saglygy goraýyşynyň hil taýdan ýokary derejesini mese-mälim görkezýär. Olar ylmy-gözleg, bejeriş-öňüni alyş we tejribe önümçilik meseleri işleriniň giň göwrümini öz içine alýar. Özboluşly klaster ýa-da saglyk şäherçeleriň döredilmegi milli saglygy goraýşa toplumlaýyn çemeleşmesiniň aýdyň mysaly bolup durýar. Olarda lukmanlar üçin adminstratiw-dolandyryş gurluşlaryň, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleriň, bilim edaralarynyň we ýaşaýyş jaý toplumlary bir ýerde jemlenýär, meselem bu Aşgabadyň günorta böleginde şeýledir.

Ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasyny we işgärler mümkinçiliginde, howply ýokanç kesellere garşy göreşmekde gazananlary, öňüni alyş, bejeriş we sagaldyş işlerinde halkara standartlaryna laýyk gelmegine bolan ymtylyşlary halkara guramalary tarapyndan barha köp ykrar edilýär. Şeýlelikde, ýurduň göwreli we dogurýan aýallara lukmançylyk kömeklerini berýän edaralarynyň ählisi diýen ýaly Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bilermenleri tarapyndan tassyklanan “Çagalara hoşniýet garaýyş hassahanasy” diýen derejesi berildi. Bu halkara guramasy biziň ýurdumyzda temmäki çekmäge garşy göreşmekde gazanan tejribelerini beýleki ýurtlarda ulanmagy teklip etdi.

Bu günki gün Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleri barada daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem köp ýazýarlar. Şunlukda, iýul aýynyň başynda internetde Türkmenistanyň okuw-ylmy lukmançylyk merkezi, biziň lukmançylyk senagatymyzyň gazanýan üstünlikleri, häzirki zaman lukmançylygy, şeýle hem döwletiň netijeli dürmuş-ykdysady syýasaty bilen şertlendirilen çaga dogulşynyň köpelişi barada birden birnäçe materiallar berildi.

Ýurduň innowasin ösüş strategiýasyny amala aşyrmakda esasy zat – bilim, bu ulgama köp maýa goýumlarynyň goýulmagy – onuň bäsleşige ukyplylygynyň we geljekde gülläp ösmeginiň şertidir. Ösüşi gazanmakda döwletiň bäsdeşlik artykmaçlyklaryny üpjün edýän bilimiň ösen ulgamy möhüm strategiki serişde bolup durýar. Şonuň üçin hem, Türkmenistan özüniň bilim syýasatynda dünýä tejribesiniň ähli täzeliklerine we peýdaly zatlaryna açykdyr. Ýurduň häzirki we strategiki meselelerini çözmek üçin milli bähbitleri we biziň ruhy-ahlak ýörelgelerimizi nazara almak bilen, ulanyp bolar. Bu barada mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda kompýuter we dil sowatlylygynyň esaslaryna çekmekde, türkmen mekdeplerinde okatmagyň öňdebaryjy interaktiw usullaryny ornaşdyrmakda, halkara bilim maksatnamalaryna we beýlekilere gatnaşmakda toplanan tejribe görkezýär.

Häzirki zaman akymlaryna laýyklykda, hünär bilim ulgamy hem ösýär, onuň ylym we önümçilik bilen arabaglanyşygy berkidilýär.Her ýyl türkmen ýokary okuw mekdeplerinde ýurduň innowasion-senagat strategiýasyna we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gerek bolan täze hünärler döreýär.

Ykdysadyýetiň innowasion ösüşini goldamak üçin bilim öňdengörüjilikli we geljegi nazarlaýan hakyky sektor bolmalydyr. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisiniň we dürli döwletleriň belli ylym-bilim gurluşlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlyklaryndan daşgary hem bütindünýä belli pudaklaýyn kompaniýalar we konsorsiumlar bilen gatnaşyklar ösdürilýär. Eýýäm türkmen ýokary okuw mekdeplerinde amerikanyň “General Electric” kompaniýasynyň bilermenlerini we malaýziýanyň “Petronas” Tehnologiki uniwersitetiniň wekillerini bilim işlerine çekmekde netijeli tejribe toplandy. Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini öwrenmekde olary ýöredijiler – daşary ýurtly hünärmenler uly kömek berýärler. Olar diňe bir iňlis, nemes we rus dilleriniň däl, eýsem hytaý we ýapon dilleriniň hem çuňlaşdyrylan görnüşde öwrenilmegine ýardam berýärler, bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmaklyga işeňňir gatnaşýarlar. Umuman, milli bilim ulgamyny özgertmeler işi innowasion, taryhy-ruhy we durmuş-medeni düzümini hem nazara almak bilen amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň ösüşinde belli seneler – bu diňe bir geçilen ýola nazar aýlamak bolman, eýsem gazanylanlara daýanylyp, geljek üçin meýilnamany düzmekdir. Bu geljekde nähili bolar – bu köp babatda ýurduň adam maýasyna – her bir türkmenistanlynyň, aýratyn hem ýaş nesliň, beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan baý, bilimli we maksada okunly bolmagyna bagly bolup durýar.

Türkmenistanyň halky öz milli baştutanynyň ýolbaşçylygynda iň batyrgaý maksatlary, ýokarda ady agzalan garaşsyz bilermenleriň çaklamalaryny amala aşyrmaga ukyply. Olar “uly ykdysady mümkinçilige, ösen senagat önümçiligine , ep esli serişde binýadyna, iri göwrümli, ýokary tehnologiýaly infrastrukturaly taslamalara, yzygiderli ösýän intellektual mümkinçilige eýe bolmak bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady we durmuş taýdan ösen ýurtlarynyň biri bolmaga mümkinçiligi bar” diýip, hasap edýärler.