Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruslan Bolboçandan ynanç hatyny kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Öz nobatynda, doly ygtyýarly wekil hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaýe Timoftiniň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Ruslan Bolboçan öz ýurdunyň Hökümetiniň tutuş dünýä bileleşiginiň goldawyna hem-de ykrarnamasyna eýe bolan oňyn daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen dostlukly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak we giňeltmek ugruna ygrarlydygyny belledi.
Söhbetdeşligiň barşynda diplomat döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Myhman şeýle hem ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de Türkmenistany ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň we maksatnamalaryň esasy maksady we wezipeleri bilen tanyşdyryldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgamda, oba hojalygynda, azyk senagatynda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda we beýleki pudaklarda türkmen-moldowa gatnaşyklaryny giňeltmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýan ynsanperwer gatnaşyklarynyň wajypdygy barada aýdyp, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler bilen baglylykda, milli parlamentiň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işi duşuşygyň meseleleriniň biri boldy.
Duşuşygyň ahyrynda moldowaly diplomat iki döwletiň halklarynyň hoşmeýilli erk-islegine, hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna we taraplaryň bähbitlerine laýyklykda, şol kuwwatdan netijeli peýdalanmak meýline daýanýan türkmen-moldowa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant goşmak üçin tagalla etjekdigini aýtdy.
* * *
Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ruslan Bolboçan Daşary işler ministrliginde, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesinde hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde kabul edildi.