Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lýuksemburgyň Beýik Gersoglygynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Žan Asselborny kabul etdi.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Lýuksemburgyň Beýik Gersogy Anriniň döwlet Baştutanymyza aýdan mähirli sözlerini we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Žan Asselborn Lýuksemburgyň Hökümetiniň tutuş dünýäde uly abraýa eýe bolan Bitarap Türkmenistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, soňky ýyllarda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdi. Dostlukly döwletiň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş halkymyzy umumymilli baýram bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen gutlady hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, alyp barýan köpugurly işinde üstünlik arzuw etdi.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Lýuksemburgyň Baştutanyna mähirli sözlerini aýtdy hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýändigini belledi.
Türkmen-Lýuksemburg gatnaşyklaryny giňeltmekde we ösdürmekde giň mümkinçilikleriň açylýandygyny nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary söhbetdeşligiň özenini düzdi. Myhman gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, ÝB-niň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň döwrüň meseleleriniň çözgüdine örän ähmiýetli çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Hormatly Prezidentimiz hem-de Žan Asselborn söwda-ykdysady ulgamda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatynyň bardygyny belläp, ulag ulgamynda, senagat we oba hojalygy pudaklarynda, şeýle hem bank-maliýe ugrunda gatnaşyklary giňeltmek boýunça özara pikir alyşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, geografik taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan ägirt uly üstaşyr kuwwatyna eýedir hem-de Ýewraziýa halkara ýük gatnawlarynyň köp bölegini özünde jemlemäge ukyplydyr. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakyndaky Ylalaşyk ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine ýardam berer.
2015-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawlary hakynda gazanylan degişli ylalaşyga laýyklykda, “Сargoluх” awiakompaniýasy Lýuksemburg — Türkmenbaşy ugry boýunça hepdede 8 gatnawy amala aşyrýar. 2016-njy ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, her hepdede amala aşyrylýan gatnawlaryň sany 10-a ýetirildi. Ýakynda bu kompaniýanyň ýük gatnawlarynyň tertipnamasyna türkmen paýtagty hem goşuldy.
Döwlet Baştutanymyz we myhman medeniýet ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy barada aýtdylar. Döwletara gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti bolan bu ulgamdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagynda, olaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmeginde möhüm şertleriň biridir. Bilelikdäki çäreleri, şol sanda maslahatlary we sergileri guramak, tejribe alyşmak arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilýändigi bellenildi. Şeýle hem ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Lýuksemburgyň Beýik Gersoglygynyň daşary we Ýewropa işleri ministri milli bähbitleri we iki ýurduň ösüşiniň möhüm ugurlaryny nazara almak bilen, uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
* * *
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Lýuksemburgyň Beýik Gersoglygynyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary baradaky ylalaşyga gol çekildi.