Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň halklaryny baglanyşdyrýan medeni hem-de ruhy umumylyklar arkaly mizemez dostluk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Almazbek Atambaýew döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä we işjeň häsiýete eýedigini nygtap, soňky ýyllarda iki tarapyň hoşniýetli erkine esaslanýan hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen üstüniň ýetirilýändigini aýratyn bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen barmaga bolan meýlini beýan etdi. Mälim bolşy ýaly, sentýabr aýynyň başyna meýilleşdirilen sapar milli Liderimiziň Samarkantda geçirilen matam çärelerine gatnaşmagy bilen baglylykda goýbolsun edilipdi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gyrgyz kärdeşi bilen boljak duşuşygyň hem-de türkmen telekeçileriniň tagallasy bilen, Yssyk-kölüň kenarynda guruljak sagaldyş toplumynyň düýbüni tutmak dabarasynyň uzakmöhletleýin we birek-biregiň bähbidine hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynanýandygyny aýtdy.
Bar bolan mümkinçilikleriň, söwda-ykdysady ulgamda bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ugurdaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek, häzirki ýagdaýy nazara almak bilen, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemek üçin amatly binýady kemala getirjekdigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Prezident Almazbek Atambaýewe Gyrgyzystanda geçen şenbe güni başlanan halkara sport-medeni çäresi bolan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryny geçirmekde üstünlik arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Almazbek Atambaýew Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn berkidiljekdigine ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.