Ï Türkmenistanda Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça Sebitleýin tehniki toparyň mejlisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça Sebitleýin tehniki toparyň mejlisi geçirildi

view-icon 691
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň goldaw bermeginde Owganystan boýunça Stambul prosesiniň çäklerinde “Sebitleýin düzümler” (RI-СBM) ynamy berkitmegiň Ölçegleri boýunça Sebitleýin tehniki toparyň dördünji mejlisi geçirildi.

ÝHHG-niň merkeziniň baştutany Natalýa Drozdyň mejlise gatnaşyjylara iberen gutlagynda belleýşi ýaly, Owganystanda uzakmöhletleýin howpsuzlygyň we durnuklylygyň ÝHHG-niň sebitindäki howpsuzlyga göni täsiri bardyr. Gurama Owganystanda howpsuzlyk meselelerini çözmek üçin öňe sürülýän sebit başlangyçlaryna goldaw berýän dürli çäreleri guraýar. Bu duşuşyk merkeziň taslamasynyň çäklerinde guralyp, ol Stambul prosesiniň çäklerinde “Sebitleýin düzümler” (RI-СBM) ynamy berkitmegiň Ölçegleri boýunça Sebitleýin tehniki toparyň başlygy hökmünde Türkmenistanyň Hökümetiniň alyp barýan işine goldaw bermäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, merkeziň bu babatda mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygy mälim edildi.

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryna mynasyp goşant goşýar. Goňşy döwletler, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasy bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak döredijilik strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyz Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine netijeli goldaw berýär we onuň durnukly ösüşine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi şeýle taslamalaryň hatarynda durýar. Gurluşygyna geçen ýylyň dekabrynda badalga berlen bu ägirt uly halkara energetika ugry sebit möçberinde şanly wakalaryň birine öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzyň häzirki zaman ählumumy energetika howpsuzlygynyň döredilmegine, şol sanda türkmen “mawy ýangyjynyň” dünýä bazarlaryna ugradylmagynyň köpugurly ulgamynyň döredilmegine gönükdirilen energetika syýasatynyň mundan beýläk-de iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini şertlendirýär.

Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň durnukly ösüşinde möhüm orun eýeleýär. 2013-nji ýylyň iýun aýynda bu gurluşygyň düýbi tutuldy. Geljekde täze demir ýoluň sebitara we halkara ulag-üstaşyr düzüminiň möhüm ugruna öwrüljekdigi şübhesizdir.

Şeýlelikde, bu iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetiniň ösüşini, durmuş ulgamyna degişli meseleleriň çözgüdini, şol sanda täze iş orunlaryny üpjün eder.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan Owganystana ýeňillikli şertlerde ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýyndan bäri Serhetabat — Hyrat — Turgundy ugry boýunça iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi 200 million kWt/sagat bolandan 400 million kWt/sagada çenli artdyryldy.

Hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine yzygiderli eýerýän ýurdumyz goňşy döwlete ynsanperwer kömegini, saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynyň ösüşine, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Şu ýylyň 5-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde täze çaga dogrulýan öýüň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasynyň çäginde bu düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ýola goýulýan sebitleýin hyzmatdaşlyga mynasyp goşant goşýandygyny hem-de bu ugurda netijeli iş alyp barýandygyny bellediler. Hususan-da, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň wekilleri ýurdumyzyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek işinde mynasyp orun eýeleýändigini aýratyn nygtadylar.

Mejlisiň dowamynda Owganystan boýunça Stambul prosesiniň çäklerinde “Sebitleýin düzümler” ynamy berkitmegiň Ölçegleri boýunça Sebitleýin tehniki toparyň çäklerinde ozal tassyklanan maksatnamany ýerine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler barada milli wekilleriň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň arasynda netijeli gatnaşyklary ýokarlandyrmagyň meseleleri we olary durmuşa geçirmegiň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Bu meseleler geljekki duşuşyklaryň gün tertibine girizmek üçin berilýän tekliplerde öz beýanyny tapar.